Dowran Carygulyyew...
08.03.2020 11:53
Sähra bahar gelende

Görüpmidiň, çöle bahar gelşini,
Görüpmidiň, şonda sähraň bolşuny?

Görüpmidiň, gök ummanyň içinde
Çöl gözeli — jerenleriň böküşün?
Gumlularyň öýlänçisi gelende
Depä çykyp gyzlaň läle kakyşyn?

Görüpmidiň, gök gürlände zeminden
Gök ýylaklaň parsa-parsa çykyşyn?
Gumlulary gutlap gelen ýaz bilen
Yzyn üzmän ýyldyrymyň çakyşyn?

Görüpmidiň, depelerden, düzlerden
Mele siliň alalara akyşyn?
Görüpmidiň, şonda teşne çarwalaň
Çykyp daşa, bu görnüşe bakyşyn?

Ysgapmydyň, gandymlaryň gülüni,
Diňläpmidiň, sähraň jadyly sazyn?
Eşdipmidiň, gözýetimden aňyrdan
Gollar aşyp gelýän tüýdük owazyn?

Synlapmydyň, ýaşyl ýaýla ýazylan
Ýüpek ýüňli goýunlaryň sagrysyn?
Çarwa gyzy säher suwa çykanda,
Keteniň üstünden geýen begresin.

Ah, sen çöl bahary, çölüň bahary,
Neneň şahyrana, neneň eziz!
Kim-de kim jemalyň görmedik bolsa,
Dünýäň gözelligini görmändir heniz.


Berdinazar Hudaýnazarow

Ýenede bir gezek siziñ ähliñizi ýetip gelen Bahar baýramy bilen gutlaýaryn.
Güller gõzelligi sizden alandyr mähriban zenanlar.
7
934
Myhman Jeren
8 Mart 2020
Gaty dogry her şahyryn ozune cekiji manysy bar
Dowran Carygulyyew...
8 Mart 2020
Her sahyryn oz doredijiligi bolya halyl kulyyew mylayym yenil okalyan adamyn duygularyna yakymly tasir etmegi basarya k gurbannepes furmusdan yazya yaslyk soygi tema esasy g ezizow men in halap okayan sahyrym ol guyzin sahyry onun eserleri sadalygy gam gussa baylygy yurege tasir edisi agras pikirliligi bn jemlenya

Jeren ondada ezizowyn eseri goyulmandyr diyman men yegenlerime soz berdim ilki halylyn gosgularyny goyjak diyip sonam bayramcylyk gabat geldi
Myhman Jeren
8 Mart 2020
Howwa Dowran menem okamany gowy goryen
Dowran Carygulyyew...
8 Mart 2020
Sag bolun jeren men okamany gowy goryan oz halan gosgularymy paylasyan
Sayrak guşjagaz
8 Mart 2020
Bolýa daýym diyayeris onna dayy
Myhman Jeren
8 Mart 2020
Dowran siz gosgy duzmesenizem saylap tapan gosgynylanyz manyly
Dowran Carygulyyew...
8 Mart 2020
Yok ýegen men gosgy duzemok yanam bir myhmana aydypdym

Indi men yasymy sorasalar aytman dine men dayym diyayin bolmasa men hakyky dayy bolaryn
BBaharjyk❣
8 Mart 2020
Hmm. Sizin ozunizem gosgy duzyanizmi?
Dowran Carygulyyew...
8 Mart 2020
Yok galamdasda dine her kim oz doreden eserini yada suna menles halanan eseri goyyalar sonam o esere analiz yazylyady garaz kopisi uly adamlar
BBaharjyk❣
8 Mart 2020
Galamdas sular yalydymy. Menem on giremokdym. Imodan,Instagramdan cykdym son sona girdim. Gaty gyzykla dal yone bolya guymeya.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.