Dowran Carygulyyew...
09.03.2020 12:32
On sekiz ýaşym.

Ýüregiñ bõküp dur dünýä sygañok,
Sähel zada gülen on sekiz ýaşym
Uly dünýä bir garaýša degenok
Wah õzgesi ýalan on sekiz ýaşym.

Duýmandyryn neneñ niçik geçeniñ
Toýlarda tans oýnap serden geçenim
Şool gõzeliñ gõzlerine gaçanym
Girdaba gark bolan on sekiz ýaşym.

Çolaşasyñ geldi dilber näzine
Sataşasyñ geldi sõýen gyzyña
Biýygtyýar düšdüñ gitdiñ yzyna
Ýatlamadan gelen on sekiz ýaşym.


Gõz astyndan ogryn-ogryn bakmalar,
Wada berýär wagty bilen çykmaýar
Agşam aý yşgyna şõwür çekmeler
Bar wagtymy alan on sekiz ýaşym.

Ähli ahmyr armanlarmy alardym
Indi näme etjegimi bilerdim
Dilänime bitse ýatyp dilärdim
Ýeke gezek dolan on sekiz ýaşym.

Diý diýe şahyr gury hyýal haýyşym
Ýyllar gulagyma çakdy çawuşyn
Indiki ýaşlardan ýalñyz haýyşym
Gadyryny biliñ on sekiz ýaşyñ.


Toýly Õwez

5
1 793
Ärsary gözeli
12 Mart 2020
18 dynmagyna biraz gally?
Sayrak guşjagaz
10 Mart 2020
he he bolly shol ☺☺
Dowran Carygulyyew...
10 Mart 2020
Yoklay yegen yone duyn yazanlaryna jogap berdim yegenlerden rugsat alman adam bn gabatlasman arkayyn bol
Sayrak guşjagaz
10 Mart 2020
ohoooooo Daýym bn Jeren gabatlashypmy yenee ??????
Dowran Carygulyyew...
10 Mart 2020
Minnetdar jeren sag bolun howa oz halan gosgularymyn in gowylaryny goyyan . Seyle bolmagy ahmal yada indi yazyandyr men dilimdrn bolan bolmagam ahmal azajyk kemcilik bellik edaydikda yas oglanlara kemcilki aytsan yokus goryaler yone tankyt bolmasa edebyat osmez hic wagt son un men ony ozime borc hasaplayan yada nadogry bellikleri etdimmi sizin pikirinizce
Dowran Carygulyyew...
10 Mart 2020
Myhman uzak yasa gutly bolsun 18 yasan guninden gadyryny bileweri sahyryn aydysy yaly
Dowran Carygulyyew...
10 Mart 2020
Dogry aydyanyz 18 yas adamyn omrinde in bar yatdan cykmajak bagtly pursatlara bay bolan dowir seyle gyzykly we gymmatly adam un
Dowran Carygulyyew...
10 Mart 2020
Yone Berdinazar agan 18 yas diyen gosgusyny okap goremok belki okandyryn yadyma dusenok
Dowran Carygulyyew...
10 Mart 2020
18 yasyn ozi gowyda Gulsat onson ol baradaky gosgular nadip gowy bolmasyn
gulshatayewa97
9 Mart 2020
Berdinazar Hudaýnazarowyňam 18 ýaş goşgusy gowy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.