Dowran Carygulyyew...
11.03.2020 11:05
Maña seniñ gözleriñden gitme ýok


Maňa —
seniň gözleriňden gitme ýok.
Maňa —
seniň sözleriňden gitme ýok.
Düşün, bu dünýede soňky güne çen
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men.
Seniň ýüpek gijeleňden gitme ýok.
Seniň aýdyň gündizleňden gitme ýok.

Bu garagol jahyllykdan giderin,
Ol hasaly gojalykdan giderin.
Çünki men olardan gitmän bilemok,
Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok.

Men zemin.
Sen bolsa ullakan asman.
Saçyňy nur edip üstüme dökýäň.
Emma, düşün, läläm, şeýle gün dogar:
Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar.
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme
Gararyn belentden ýeriň ýüzüne.

Men bir gyzda gözleriňi görerin,
Men bir gyzda sözleriňi görerin.
Şapakda görerin — ýaňagyň alyn,
Gijede görerin — ýaňagyň halyn.
Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin,
Onda seniň gözýaşyňy görerin.

Zemin aýlanyp dur,
Oňatlyk örän!
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok.
Dünýäň her gülünde men seni görýän,
Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok.

Gurbannazar Ezizow
11
1 268
Dowran Carygulyyew...
11 Mart 2020
Salam myhman sizden hayys bir gosgy barada sorajak su pragrammada goyulan men hic bas ayak tapmadym sona men zehinim kuteklik etdimi ya gisgy seyle cun manyly yazylanmy yada entak awtor gosgyn ustinde islemelimi dusinman bir zat diymayin diydim ozim siz girenizde myhman diyip yzynda sahyr yada sona menles lakam yada adynyzy yazayyn men biler yaly bolmasa barde myhman kan tanap bolanok
Fatima
11 Mart 2020
????
Sayrak guşjagaz
11 Mart 2020
gowy Hudaya şükür. gowymy sizem
Myhman Jeren
11 Mart 2020
Sayrak gusjagaz gowmy yagdaylan
Sayrak guşjagaz
11 Mart 2020
Bolyala gowy bolsañ☺
BBaharjyk❣
11 Mart 2020
Howwa gowy.???
Sayrak guşjagaz
11 Mart 2020
Gowy Hudaya shukur. Gowymy özünem
Myhman Jeren
11 Mart 2020
Howwa Dowran men suwagram yolda oye baryp yazaryn
Dowran Carygulyyew...
11 Mart 2020
Salam jeren gowymy yagdaylar geldinmi bir kumus yegen bn size duyn garasdyk gorinmediniz
BBaharjyk❣
11 Mart 2020
Kumus gowmy? Barmyn. Dayy sen aydyanyn dogry. Men gosgy duzmane kybapdas sozem tapamok.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.