Dowran Carygulyyew...
08.03.2020 20:27
Duralgada

Ekiz taýy ýaly jorasy bilen,
Jümjüme gülleriň arasy bilen
Jümjüme ýaglykly bir gözel gelýär
Jümjüme köýnekli jorasy bilen.

Gyzlaň ikisi-de gyzyl çabytly,
Çabytlaň gapdaly keşde sowutly.
«Gyzym, uýam» diýip, lak ataýmasaň,
Lak atmagam indi bize howuply.

Gyzlaryň birisi – duran bir keýik.
Köwşüniň ökjesi ne pes, ne beýik.
Megerem, dünýäde iň bagtly oglan –
Şol keýik gözele ýar boljak ýigit.

Toýnagyn jüp basyp, ýuwaşja ädýä.
Gaýmakly morožnyň ujundan gädýä.
Közli leb her gezek buza degende,
Tutuş howaň ýüzi bugaryp gidýä.

Menem synlap durun çekilip gyra.
Gyzlar meňzäp gelýär swetofor – çyra.
Çabytlary gyzyl, ýaglyklary gök –
Ýel ýapyk hem açyk – bagtyňa görä.

Gyzlaň biri – çynar, birisi – derek.
Görmäge göz gerek, söýmäge ýürek.
Wah, gözem, ýüregem ýeterlik weli,
On sekiz gerek, wah, on sekiz gerek!

Ikisem uz basyp duralga geldi.
Birisi pyňkyryp, bir zada güldi.
Saňa güldümikä? (Aý, ýa-ha saňa,
Ýa-da bir seň ýala güleni belli!)

Asmana seretdim. Gün eýýäm peýşin.
Onýança gaýradan göründi maşyn.
Duralga ýetäýmän, gyzlaň gaşynda
Togtady, baş egip gözellik üçin.

Mündüler. Gyzlardan
galmadym menem.
Aý, näme, dynç günüm,
gezjek bir sellem.
Aý, onsoňam, şeýle gözeller bilen
Garşy däl uçmaga kosmosa çenlem...

Awtobus togtady. Açyldy işik.
Reňbe-reň müň gözel,
müň ýigit üýşüp,
«Watan» teatrnyň öňünde durlar,
Deň ýarysy magşuk, deň ýary aşyk.

Ýüregimi alyp özleri bilen,
Kereşmesi bilen, näzleri bilen,
Gyzlaryň ikisem maşyndan düşdi –
Menem böküp düşdüm yzlary bilen.

Gyzlaň ikisi-de gyzyl çabytly,
Çabytlaň gapdaly keşde sowutly.
Birden iki gözel dörde öwrüldi –
Hersiniň gapdaly gerçek ýigitli.

Tanapdyr ýigitler gyzlaryň gowsun.
Göreçler göreje atyşdy owsun.
Bir ýigid-ä hasam ýeserje eken –
Kemputdan doldurdy
bir çabdyň jübsün..

Onýança-da açdy gapysyn «Watan»...
Kemput iýýän gyzyň golundan tutan
Bir görsem öz oglum, öz Nazar oglum...
Guwan, şahyr guwan,
Utan şahyr,
Utan!


Kerim Gurbannepesow.
10
2 490
Myhman Myhman
9 Mart 2020
òrän täsirli goşgy
BBaharjyk❣
8 Mart 2020
Ertire goymaly men 2000 nji yyl

Profilime yazmadyryn suwat goryan
Sayrak guşjagaz
8 Mart 2020
Mena ýatdym onna sağ boluñ!
Dowran Carygulyyew...
8 Mart 2020
Bolya yegen gayrat edin howa bahardanam sorap bileris nesip bolsa
Sayrak guşjagaz
8 Mart 2020
Bolya daýy arkayyn bolay ?arkañda duraryn?????
Myhman Jeren
8 Mart 2020
Sayrak guşjagaz su Dowran daýynyza biraz degiseyinle onun pensiyasy golaylapdyr
Sayrak guşjagaz
8 Mart 2020
vi Bahar ulymyka ya menden mena2001 Bahardanam ertir sorayarys nesip bolsa
Dowran Carygulyyew...
8 Mart 2020
Yegen seydip arasynda arkamy alyn son size gowy gosgular goyup bererin
Myhman Jeren
8 Mart 2020
Golaylapsynyz pensiya????
Dowran Carygulyyew...
8 Mart 2020
Ha boldy kumus yegen seydip aydyna men baharjyk uly yegenimdir oydip yorin sizi calsyp gesdima men hus gursun
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.