Dowran Carygulyyew...
10.03.2020 19:31

Rubagylar
Şol beripdi Baş söýginiň mähnetin...
Nirelere alyp gitdi kysmatyň!
Aglaýan bolsaň-da gülýän bolsaň-da,
Bir ýerlerden ses gelerdi ahbetin!

2

Megerem bagtlysyň. Oňýansyň mensiz.
Men weli ölýänçäm dem alman sensiz.
Kyrk müň setir goşgy döreden bolsam –
Her harpyň içinde
Sensiň, Sensiň, Sensiň...

3

Ömrüň menzillerden menzile ýetsin.
Men senden öňürti süýneýin sessiz.
Gara habar güni
gara gözüňden
Bir gara ýaş damsa, şol maňa besdir.

4

Rubagym söýgüden başlandy şeýdip.
Indi munuň-yzy giderkä nädip?
Dünýäde söýgi kän,
haýyr kän, şer kän,
Haram kän, halal kän...
Gidiber gädip.

5

Ýaňyrak bir ýerde gördüm bir toýy.
Arzuwlar aýdyldy goýudan-goýy.
Söz berildi çynar boýly ýigide –
Gepinden utanyp aglap dur boýy.

6

Daşyndan seretseň – durşuna edep.
Sözi-de, ýüzi-de giden bir mekdep.
Bir minut içine girip bolsady –
Tapmazdyň dünýäde şondan biedep.

7

Ynha rubagylam düşdüler ýola.
Biri saga çekýar, birisi sola.
Aýby ýok! Hemmesi adam hakdadyr.
Ahyry ählisi üýşer bir dula.

8
Aý geçýär, ýyl geçýär, Üýtgeýär moda!
Oň maşyn modady. Indi – pyýada!
Köçä çykdym. Maşynlylar aňk boldy:
– Hanha pyýada bar! Hanha pyýada!

9

Bir dostum täzelik buşlady şu gün,
Begenip, gözlerin ýaşlady şu gün.
Diýdi: «Altmyş ýaşa ýeten ýolbaşçym
Çeper kitap okap başlady şu gün!»

10

Jaý aýdylan sözüň minneti bolmaz.
Gijä galan sözüň gymmaty bolmaz.
Rubagym şu güne hyzmat etmese.
Ertirki güne-de hyzmaty bolmaz.

11

– Goňşy, bu ses näme! Bu kimiň sesi?
– Şu jaýa täzeräk geleniň sesi.
– Kim ol täze gelen? Goňşym ýylgyrdy:
– Aý, nemeläý... täze geliniň sesi.

Kerim Gurbannepesow
13
1 939
Dowran Carygulyyew...
11 Mart 2020
Yoklay yegen ol siz un ansat ynanay men kan owrenmek un gatnadym basarmadym ozim gitarada satyn aldym hana tozan basyp yatyr arasynda alyp syryp supiryan gapyny yapyp hic kim esitmez yaly calyan son yygnayan yada oturlusyga zada calyp bilyanlere beryan
BBaharjyk❣
11 Mart 2020
Dayy gitara calmak ansada.
Dowran Carygulyyew...
11 Mart 2020
Bolya bahar malades onaryan sungat basarsan calmaly men pianinada caljak boldum gitarada aldym kan gowy calyp bilemok yone
BBaharjyk❣
11 Mart 2020
Howwa menem kan calyp yoremok su 4nji gezek bir aydymcyn sazyny yazyas.
Dowran Carygulyyew...
11 Mart 2020
Hosgeldin myhman jeren
Dowran Carygulyyew...
11 Mart 2020
Yoklay yegen yone men yasdasym eken welin gumur yamyr gurlesayeli diyip sorayan yegenlerimin isli wagty biri bn gurlesmela men
Dowran Carygulyyew...
11 Mart 2020
Salam yegen malades gitara gowy goryan menem ka wagt calyan yone dine yeke ozim oturan wagtym calyan toweregimdakiler gorkmaz yaly sola calyp bilemok dine akord calyan
Myhman Jeren
11 Mart 2020
Baharjyk gijeniz rahat bolsun
ylham_gurbanaly
11 Mart 2020
Naçe oksamda gananok teşne gowun Kerim agañ goshgularyndan
Myhman Jeren
11 Mart 2020
Howwa Dowran men bu gun isim kopurek bolanson bir gornup gideydim sen gosgulan oren gowy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.