Dowran Carygulyyew...
12.03.2020 08:14
Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy,
Päkligiňde bolup bilseň şonça bol.
Sen sanama gara saçyň agyny,
Sen sag-aman öreniňe monça bol.

Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,
Şoň üçinem geçdik, ine, şunça ýol.
Şat günleriň köp bolmanna gynanma,
Şat günleriň bolanyna monça bol.

Goňşyňy gozgama, göçmesin goňşyň,
Goý, öçmesin sen ölçerme oduny.
Aýaklaryň ätjek ädimin äder,
Göreçleriň görer görjek zadyny.

Säher turup, syl ýüzüňe dünýäni,
Giňligiňde bolup bilseň şonça bol.
Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
Senden sowlup geçmeýänne monça bol.

Erbet bor bu baglar geçse deňiňden,
Bu ýagyşlar seniň üçin ýagmasa.
Bagy ikiýana bulanda tupan,
Zerur çygy gül ýüzüňe degmese.

Gykuwlaşyp geçip gitse deňiňden,
Durnalaryň ýyllar kimin hatary.
Seni gozgamasa beýik ýaşaýşyň,
Çözülen hem çözülmeli mataly.

Şoň üçinem syl ýüzüňe dünýäni,
Özüň hakda, goňşyň hakda pikir et,
Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
Senden sowlup geçmeýänne şükür et.
Gurbannazar Ezizow
7
1 295
Dowran Carygulyyew...
12 Mart 2020
Dogry jeren on islan bolsan oyde oturmakdan kyn zat yok dusnikli gayrat edin
Dowran Carygulyyew...
12 Mart 2020
Waliykimessalam gowy gowymy ozin
Ýunus Geldimammedow
12 Mart 2020
Essalam gowmysynyz
BBaharjyk❣
12 Mart 2020
Okandada is berenoklar onnan men salon ya atelya acsam gowy bolaymasa seyledami. Ise girip 5milyon aylyk alyp hem gep cekip na gara gorgum
Myhman Jeren
12 Mart 2020
Baharjyk hokmany yagdayda okamaly dogry okamandada oz durmuz yolyny tapip bolya kimsi gowy is tapyp ise girye kimsi oyde el isini etye
BBaharjyk❣
12 Mart 2020
Sag bol. Medeniyet birhili damay. Blmk gorerisda. Mena giresim gelenok hic zada
Myhman Jeren
12 Mart 2020
Howwa menem gowy Baharjyk sen ustunden hickim gulmez sen islesen medenyete girersin islesen basga okuw jaylara
BBaharjyk❣
12 Mart 2020
Oyun etyanlay medenyet nire men barsam ussumden gulaymeseler. Salam Jeren gowy gowmy ozunem
Myhman Jeren
12 Mart 2020
Howwa Dowran işlemeli armaly del yadamaly del bizem 3 ay mundan on isleyedik indi oyde nesip bolsa beydip uzak oydecil bolmaryn
Dowran Carygulyyew...
12 Mart 2020
Howa isleyas oza armajak bolyas ka wagt arsanam islemeli bolya ceksen zahmet yagar rahnet diyya son un islemeli isden zyyan jeken yok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.