Dowran Carygulyyew...
11.03.2020 13:52

Görmeksiz gyz

Ine, barýaň umydyňa büdüräp,
Egniň horlugyna utanyp çala.
Uzakda orkestr joşup-titiräp,
Tans edýär owadan gyzlary bile.

Hor ellerňi çykaraňok ýeňiňden,
Olar birden ýere ýetäýjek ýaly.
Geçip barýaň ýigitleriň deňinden,
Gulaga ýakymsyz bir saz mysaly.

Undup bilmän görmeksizje doglanyň,
Ýüregiňde hoş arzuwlar besleýäň.
Geçip barýan bir syratly oglanyň
Mylakatly söz aýdaryn isleýäň.

Emma ýigitleriň öz gaýgysy bar:
Ýörite ýag bilen saçlaryn darap,
Olar wagtdanam ozup barýarlar,
Özlerniň owadan gyzlarna tarap.

Ah, horja gyz, horlugyňdan horlanýaň.
Saňa hoş söz diýjek ýigit nirede?
Bu şäherde näçe diýseň ýigit bar,
Seni öýe ugradanok biri-de.

Gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip,
Owadan gülüşip ýüregňe düşýär.
Olar görmegini artdyrjak bolup,
Gezegine seniň bilen tirkeşýär.

Öýe gelýäň. Gyýýar ýüregňi ünjiň,
Hasratdan çekilýär iki owurdyň.
Aglaýarsyň: «Ah, eje jan, nämüçin
Meni beýle betgelişik dogurdyň?»

Emma goňşy gelin — bir görmegeý dul
Atasyz ogluna günäli bakýar.
Hem seniň tersiňe,
Gussa-gam çekýär:
«Owadan dogulma,
Bagtly dogul!»

Aglama, gyz! Uýajygym, gam çekme,
Bilip bolmaz ykbalyňy öňünden,
Bu howlukmaç ýigitlere at dakma.
Kim geçenok öz bagtynyň deňinden.

Käte şeýle bolýar: görkdür-görmek
Gidip otyr il içinde at alyp,
Ýöne, nämüçindir, tylla ýüzük dek
Ýolda,
Gum içinde galýar sadalyk.

Tekepbir bol, çykyp bolmaz gaýa dek.
Sada bol, aýlaryň doguşy ýaly.
Şeýle ýigitler bar, (olar bar entek)
Sen dek gaýalarda olaň hyýaly!

Gurbannazar Ezizow.
7
1 295
BBaharjyk❣
12 Mart 2020
Yok. Bolmadym. Men tayn yone beylekiler bolonok
Dowran Carygulyyew...
12 Mart 2020
Sizinem gijaniz rahat bolsun sagaman yatyp turun
Myhman Jeren
12 Mart 2020
Gijeniz rahat bolsun
Dowran Carygulyyew...
12 Mart 2020
Dogry ikinji bolanda anyrky sonky acylan bolyada gaty gowy. Men ertir yegenlen oninde jogap bermeli bolaryn solara teswir goyayyn yada sahyr myhman geler sondan sorajak zatlam bardy men yazyp baslasam teswirim dolya
Myhman Jeren
12 Mart 2020
Howwa Dowran men ikinji teze zamanda
Myhman Jeren
12 Mart 2020
Dowran men ikinji teze zamandan
Dowran Carygulyyew...
11 Mart 2020
Dogry bilyan bolsan sondan men taze zamanyn haysynda yasayan
Myhman Jeren
11 Mart 2020
Dowran howwa olar alada edyeler
Myhman Jeren
11 Mart 2020
Howwa bilyen Dowran men asgabada degisli yerin hemmesini bilyen men onki wasmoy gyzy indi welin teze zaman obada yasayan
Dowran Carygulyyew...
11 Mart 2020
Mena bilmedim beyle daldirlay yone dayylaryny alada edyandirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.