BaýramBejidow
09.11.2022 09:28
Siñip dur topraga säheriñ çygy,
Gijede gizlenen güneş nur seçýär,
Hemme zat ýerbe-ýer, öñki-öñkülik,
Şonda-da käteler umydym öçýär.
Oýun edip diýýär herkim diýjegin,
Çynyñ bilen gepleseñem haýry ýok,
Manysyz dünýäde ruhym hassa,
Derman-däri gussalarmy aýranok.
Peýdasy ýok, zyýany bir degmesin,
Ýakynsyrap ýüregime girenleñ,
Kä gulagma mukam bolup eşdilýär,
Çañ sesleri ýaşamakdan irenleñ.
Jebiri çekýän az amanat üçin,
Her gowlygña iki esse minnet bar,
Kimiñ kimligini tanamak üçin,
Sebäp bolan ýalñyşlarma minnetdar!!!...
Awtory: Baýram Bejidow
19
122
12
BaýramBejidow
09.11.2022 00:00
Söýmedigi gadyrladym biderek,
Indi duýgym uçan ýaly şemala,
Ertirime umytlydym, janserek,
Gowy günler geljek ýaly hamala.
Gussalarmy kinelerme ýelmedim,
Ýalñyşlarmyñ dogrysyndan gelmedim,
Gülkilermi aýap goýdum, gülmedim,
Gowy günler geljek ýaly hamala.
Bahanadan kändi ýogsa sebäbim,
Güman tutdy ýerin sabyr teläriñ,
Umyt bardy gursagymda sebäbi,
Gowy günler geljek ýaly hamala.
Ýamanlygyñ gapysyny kakmadym,
Aýym barka ýyldyzlara bakmadym,
,,Kemli göwnim galkar" diýip çakladym,
Gowy günler geljek ýaly hamala.
Duýupdymam, duýmazlyga salypdym,
Ah! Bolmasa şor... paýymam alypdym,
Başarşymça kämillige ýolukdym,
Gowy günler geljek ýaly hamala.
Emma ykbal az görüpdi alanyn,
Boş kasamyn, görkezip hoş ýalanyn,
Ýaşaberdim ujyn artyp galamyñ,
Gowy günler geljek ýaly hamala.
Pikirdeş bolanlañ pikirin goldap,
Bakypdym salgyma elimi salgap
Ýaşapdyryn özüm özümi aldap,
Gowy günler geljek ýaly hamala...
Awtory: Baýram Bejidow
26
130
8
BaýramBejidow
08.11.2022 13:42
Birini saýlañ we iñ täsir galdyran goşgysyndan teswirde iki setir bölejigini paýlaşmagyñyzy haýyş edýän!
Aşakdaky ady agzalan şahyrlaryñ haýsysynyñ goşgusyny halap okaýarsyñyz?
1. Kerim Hally.
2. Gyzylgül Annagylyjowa.
3. Mätgurban Mätgurbanow.
4. Ogulnur Ataýewa.
5. Myrat Adalakow.
6. Suraý Babanyýazowa.
7. Ylham Gurbanaly.
8. Oguljemal Çaryýewa.
9. Sapa Hommadow.
10. Gülşirin Hanowa .
Ses ber
Netije
64
855
36
BaýramBejidow
08.11.2022 12:38
Dünýe ýaly syrly bolsam,
Syrymy biljegem bolmañ,
Bir ýykylyp iki galsam,
Bolşuma güljegem bolmañ.
Duşmanym döşden itende,
Ýanaýsam ejir, sütemde,
Ýalñyşlarym kemsidende,
Tarapym çaljagam bolmañ.
Baýdagymdyr namys-arym,
Abraýym dünýe malym,
Sessiz-üýnsiz ýitjek çagym,
Kalbymy diljegem bolmañ.
Bilmen, bu durmuş zelelmi,
Hasrat edindi geregni,
,,Söýgi" diýip bir ýüregmi,
Deñ ikä böljegem bolmañ.
Egriläp dogry söz aýdyp,
Bedenim hor, pikir göýdik,
Şeýle sadamykam öýdüp,
Dirikäm gömjegem bolmañ.
Awtory:Baýram Bejidow
16
184
4
BaýramBejidow
08.11.2022 01:06
Kim nähili köşeşýär?
Gaharly wagtyñyz sizi näme köşeşdirýär?
1. Aýdym.
2. Antistress saz.
3. Pul.
4. Biri göwünlik berse.
5. Uky.
6. Öwgüli söz.
7. ,, Bagyşla" diýilse.
8. Goşgy okasam.
9. Arassa howa.
10. Az wagt ýekelik.
Ses ber
Netije
86
678
46
BaýramBejidow
07.11.2022 23:21
Gün geçýär, aý geçýär, aýlanýar heññam,
Giñ dünýäm gitdikçe daralyp barýar,
Käte gara şaýa satylýar endam,
Bilmen haýsy namys goralyp barýar.
Minneti köpelip berilýän aşyñ,
Ýokumy azaldy añzakly gyşyñ,
Manadyñ bolmasa itilýär döşüñ,
Danalar, akmaklar garylyp barýar.
Zerre kemin aýdyp, berseñ sowaly,
Köpleriñ ýalandan dili dogaly,
Käşgä undulan dek haýyr, sogaby,
Gaýta iliñ kemin dörülüp barýar.
Şyltagy dikleşip bialaç döwre,
Köpeldi beýnisiz ýaşaýan göwre,
Şahalar meñzeşip döwülen göwne,
Ýapraklar güýzden öñ saralyp barýar.
Pes bolsa ,, eeý" diýip tutulýar atlar,
Dili uzyn ýaly jübüsi rastlañ,
Terezä münmänkä günä, sogaplar,
Ynsan bir-birekden ar alyp barýar...
Awtory:Baýram Bejidow
17
127
6
BaýramBejidow
07.11.2022 08:03
Anygyny bilmän gep gatma kişä,
Gowysy sem bolup oturan ýagşy,
Sogaply işleriñ añzagna üşäp,
Iliñe haýryñy ýetiren ýagşy.
Kämillik uzakda, ýaş başym duman,
Diýýäler ,, imandan aýrarmyş güman",
Her bagryñ ýakana şarpygy urman,
Sabryñy sanawa getiren ýagşy.
Owaldan ajalña gelmese perman,
Agyr hassa wagtyñ, tapylar derman,
Ýamanlañ içinde señseläp ýörmän,
Niýeti gowlyga iteren ýagşy.
Hergiz gurbuñ çatjak mañzyña erjeş,
Her gülüp bakanlar bolanok syrdaş,
Barlylañ küregi minnetdir gardaş,
Namysyñ baýdagyn göteren ýagşy.
Gujursyz güjükler topulman üýrer,
Güýmenseñem, haýryñ kesbine güýmen,
Wadañda durmasañ ,,dereksiz" diýrler,
Sözüñi wagtynda bitiren ýagşy.
Her kim arzuwynda ömrüñ, geljegiñ,
Bir-ä doglanyñ hak, birem öljegiñ,
Bilmen ajal haçan gelip aljagyn,
Ömrüñi manyly ötüren ýagşy...
Awtory:Baýram Bejidow
17
330
9
BaýramBejidow
06.11.2022 19:28
Menem aglap gördüm erkek halyma,
Utanjy, haýany unudyp bir dem,
Ýok, beýle hallara düşmelem däldim,
Emma ejizledi ýagyrlan gerden.
Aglasañ derdiñem ýeñleýän eken,
Bir pursatjyk unutýarsyñ geçeni,
Pikir etdim, çünki zenan maşgala,
Şonuñ üçin köp aglaýan ekeni.
Bogazyñ gysanda ajy ýaşlaryñ,
Damjalarny ogurdymyz ýuwutýar,
Ýagny, köp erkekler ýalan dünýäniñ,
Gaýgysyn, gussasyn şeýdip unutýar.
Ho-ol ara, kalbymyñ ornuny tapman,
Ejizligi dost tutunyp ýanyma,
Hiç kime görünmän gizlinje ýerde,
Menem aglap gördüm erkek halyma.
Awtory:Baýram Bejidow
28
285
8
BaýramBejidow
06.11.2022 11:58
Hileli garana dogry söz bilen,
Pyçak direse-de sözledim rastym.
Ýamana garaýan ýagşy göz bilen,
Ana men şoñ üçin bagtly dostum!
Çawurap ýaksa-da mähir demleri,
Ýüregme salmadyñ çem gelenleri,
Güldirmek isledim gamlananlary,
Ana men şoñ üçin bagtly dostum!.
Bolsa-da göwnimi gussa gowşadan,
Syrdaş agtarmadym, şerap çüýşeden,
Özimi daş tutdym haram pişeden,
Ana men şoñ üçin bagtly dostum!.
Käte öz-özimden bagtly göremok,
Bahylyñ gepine eñip ýöremok,
Şükür ýürek urýar, umyt sönenok,
Ana men şoñ üçin bagtly dostum!.
,,Süýji mähir" diýen bir eziz gep bar,
Ähli kineleriñ üstini ýapýan,
Ýakynlañ jany sag, iýjegim tapýan,
Ana men şoñ üçin bagtly dostum!...
Awtory: Baýram Bejidow
15
274
5
BaýramBejidow
06.11.2022 00:35
Maña senden aýrylmak kyn,
Aýralygy hödür etme,
Maña sensiz ýaşamak kyn,
Gulak barmyş küpür gepde.
Ýüzüm güldi seniñ bilen,
Seniñ bilen şatlanypdym,
Owal gussa basan göwnüm,
Bagta sary batlanypdy.
Ownyk-uşak, kiçi hata,
Ötüler-le ötmän näme,
Saña tarap ýakynlaşsam,
Meni terse itmäñ näme?!.
Islemerin aýralygy,
Diýme maña ,,Aýrylaly!",
Ýylatmaz sowan köñlimi,
Señ mähriñden gaýry ýyly.
Hawa, dogry! Bahana kän,
Ýüz öwürýäñ bar bolany,
Hiç sebäp ýok gitmegiñe,
Kabul etmerin ýalany.
Söýgi ýeke gezeklikmiş,
Kepili köp, möhleti ýok,
Sensiz maña çogly günüñ,
Ýyly berýän şöhlesi ýok.
Ýaşamana umydym sen,
Howam ýaly demim üçin,
Men ölmerin, ,,gitdiñ" diýip,
Ýaşaryn men seniñ üçin!...
Awtory: Baýram Bejidow
19
190
1
Yene yükle