Gün geçýär, aý geçýär, aýlanýar heññam,
Giñ dünýäm gitdikçe daralyp barýar,
Käte gara şaýa satylýar endam,
Bilmen haýsy namys goralyp barýar.
Minneti köpelip berilýän aşyñ,
Ýokumy azaldy añzakly gyşyñ,
Manadyñ bolmasa itilýär döşüñ,
Danalar, akmaklar garylyp barýar.
Zerre kemin aýdyp, berseñ sowaly,
Köpleriñ ýalandan dili dogaly,
Käşgä undulan dek haýyr, sogaby,
Gaýta iliñ kemin dörülüp barýar.
Şyltagy dikleşip bialaç döwre,
Köpeldi beýnisiz ýaşaýan göwre,
Şahalar meñzeşip döwülen göwne,
Ýapraklar güýzden öñ saralyp barýar.
Pes bolsa ,, eeý" diýip tutulýar atlar,
Dili uzyn ýaly jübüsi rastlañ,
Terezä münmänkä günä, sogaplar,
Ynsan bir-birekden ar alyp barýar...
Awtory:Baýram Bejidow