Menem aglap gördüm erkek halyma,
Utanjy, haýany unudyp bir dem,
Ýok, beýle hallara düşmelem däldim,
Emma ejizledi ýagyrlan gerden.
Aglasañ derdiñem ýeñleýän eken,
Bir pursatjyk unutýarsyñ geçeni,
Pikir etdim, çünki zenan maşgala,
Şonuñ üçin köp aglaýan ekeni.
Bogazyñ gysanda ajy ýaşlaryñ,
Damjalarny ogurdymyz ýuwutýar,
Ýagny, köp erkekler ýalan dünýäniñ,
Gaýgysyn, gussasyn şeýdip unutýar.
Ho-ol ara, kalbymyñ ornuny tapman,
Ejizligi dost tutunyp ýanyma,
Hiç kime görünmän gizlinje ýerde,
Menem aglap gördüm erkek halyma.
Awtory:Baýram Bejidow