BaýramBejidow
06.11.2022 00:35
Maña senden aýrylmak kyn,
Aýralygy hödür etme,
Maña sensiz ýaşamak kyn,
Gulak barmyş küpür gepde.

Ýüzüm güldi seniñ bilen,
Seniñ bilen şatlanypdym,
Owal gussa basan göwnüm,
Bagta sary batlanypdy.

Ownyk-uşak, kiçi hata,
Ötüler-le ötmän näme,
Saña tarap ýakynlaşsam,
Meni terse itmäñ näme?!.

Islemerin aýralygy,
Diýme maña ,,Aýrylaly!",
Ýylatmaz sowan köñlimi,
Señ mähriñden gaýry ýyly.

Hawa, dogry! Bahana kän,
Ýüz öwürýäñ bar bolany,
Hiç sebäp ýok gitmegiñe,
Kabul etmerin ýalany.

Söýgi ýeke gezeklikmiş,
Kepili köp, möhleti ýok,
Sensiz maña çogly günüñ,
Ýyly berýän şöhlesi ýok.

Ýaşamana umydym sen,
Howam ýaly demim üçin,
Men ölmerin, ,,gitdiñ" diýip,
Ýaşaryn men seniñ üçin!...

Awtory: Baýram Bejidow
19
190
ebru_şahin
6 Noýabr 2022
Gowy goşgy👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.