BaýramBejidow
07.11.2022 08:03
Anygyny bilmän gep gatma kişä,
Gowysy sem bolup oturan ýagşy,
Sogaply işleriñ añzagna üşäp,
Iliñe haýryñy ýetiren ýagşy.

Kämillik uzakda, ýaş başym duman,
Diýýäler ,, imandan aýrarmyş güman",
Her bagryñ ýakana şarpygy urman,
Sabryñy sanawa getiren ýagşy.

Owaldan ajalña gelmese perman,
Agyr hassa wagtyñ, tapylar derman,
Ýamanlañ içinde señseläp ýörmän,
Niýeti gowlyga iteren ýagşy.

Hergiz gurbuñ çatjak mañzyña erjeş,
Her gülüp bakanlar bolanok syrdaş,
Barlylañ küregi minnetdir gardaş,
Namysyñ baýdagyn göteren ýagşy.

Gujursyz güjükler topulman üýrer,
Güýmenseñem, haýryñ kesbine güýmen,
Wadañda durmasañ ,,dereksiz" diýrler,
Sözüñi wagtynda bitiren ýagşy.

Her kim arzuwynda ömrüñ, geljegiñ,
Bir-ä doglanyñ hak, birem öljegiñ,
Bilmen ajal haçan gelip aljagyn,
Ömrüñi manyly ötüren ýagşy...

Awtory:Baýram Bejidow
17
330
abdy_dayy
7 Noýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻berekella
BaýramBejidow
7 Noýabr 2022
lalahan,salam minnetdar
lalahan
7 Noýabr 2022
Ilki bilen salam onatmy size sygryyet aleminde caksiz üstünlik arzuw edyarin gosgy diysen gowy 👍👍
lalahan
7 Noýabr 2022
Her kim oz durmus yolunda münen gayygyny ozi kureklemegi basarmaly basga adamlara yuk bolman.bir gezek yitirilen namys we abrayy son hic wagt dikeldip bolmaz
lalahan
7 Noýabr 2022
Ilki bilen salam onatmy ertiriniz hayyrly bolsun size sygryyet aleminde caksiz üstünlik arzuw edyarin gosgy diysen gowy yazylan.
BaýramBejidow
7 Noýabr 2022
sofii, minnetdar uýam ☺️
BaýramBejidow
7 Noýabr 2022
sofii, aha berekella 👍👍👍👍 käbirleri asla düşinmändir şol iki setire
BaýramBejidow
7 Noýabr 2022
sofii, salam pikiriñiz bilen ylalaşýan, esasy 4-nji bendiñ bendiñ soñky iki setirini ünslije okap şoña-da garaýşyñyzy aýdaýyñ
BaýramBejidow
7 Noýabr 2022
Salam dostlar! 4-nji bendiñ soñky iki setirine düşinşiñizi ýazsañyz hoşal bolardym, umuman bu postda goşga syn berseñiz!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.