BaýramBejidow
06.11.2022 11:58
Hileli garana dogry söz bilen,
Pyçak direse-de sözledim rastym.
Ýamana garaýan ýagşy göz bilen,
Ana men şoñ üçin bagtly dostum!

Çawurap ýaksa-da mähir demleri,
Ýüregme salmadyñ çem gelenleri,
Güldirmek isledim gamlananlary,
Ana men şoñ üçin bagtly dostum!.

Bolsa-da göwnimi gussa gowşadan,
Syrdaş agtarmadym, şerap çüýşeden,
Özimi daş tutdym haram pişeden,
Ana men şoñ üçin bagtly dostum!.

Käte öz-özimden bagtly göremok,
Bahylyñ gepine eñip ýöremok,
Şükür ýürek urýar, umyt sönenok,
Ana men şoñ üçin bagtly dostum!.

,,Süýji mähir" diýen bir eziz gep bar,
Ähli kineleriñ üstini ýapýan,
Ýakynlañ jany sag, iýjegim tapýan,
Ana men şoñ üçin bagtly dostum!...

Awtory: Baýram Bejidow
15
274
BaýramBejidow
6 Noýabr 2022
Imissyou, salam elbetde bogun san gabat gelýär ýöne okalyşda ,,bagt" sözi ,,bagyt" bolup eşdilýänligi üçin bogun sanyny 11 etsem okanyñda bökdeýär
Perishdejik
6 Noýabr 2022
Guldirmek isledim gamlananlary👍🏻👍🏻👏🏻👍🏻👏🏻
Девушка.
6 Noýabr 2022
Salam gaty gowy düzüpsiňiz eliňize aklyňyza saglyk.
wolf
6 Noýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
ebru_şahin
6 Noýabr 2022
👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.