BaýramBejidow
09.11.2022 00:00
Söýmedigi gadyrladym biderek,
Indi duýgym uçan ýaly şemala,
Ertirime umytlydym, janserek,
Gowy günler geljek ýaly hamala.

Gussalarmy kinelerme ýelmedim,
Ýalñyşlarmyñ dogrysyndan gelmedim,
Gülkilermi aýap goýdum, gülmedim,
Gowy günler geljek ýaly hamala.

Bahanadan kändi ýogsa sebäbim,
Güman tutdy ýerin sabyr teläriñ,
Umyt bardy gursagymda sebäbi,
Gowy günler geljek ýaly hamala.

Ýamanlygyñ gapysyny kakmadym,
Aýym barka ýyldyzlara bakmadym,
,,Kemli göwnim galkar" diýip çakladym,
Gowy günler geljek ýaly hamala.

Duýupdymam, duýmazlyga salypdym,
Ah! Bolmasa şor... paýymam alypdym,
Başarşymça kämillige ýolukdym,
Gowy günler geljek ýaly hamala.

Emma ykbal az görüpdi alanyn,
Boş kasamyn, görkezip hoş ýalanyn,
Ýaşaberdim ujyn artyp galamyñ,
Gowy günler geljek ýaly hamala.

Pikirdeş bolanlañ pikirin goldap,
Bakypdym salgyma elimi salgap
Ýaşapdyryn özüm özümi aldap,
Gowy günler geljek ýaly hamala...

Awtory: Baýram Bejidow


26
130
Myhman Myhman
27 Noýabr 2022
Molodes 👍
Myhman Myhman
20 Noýabr 2022
Soymedigi gadyrladym biderek😒
atakulyyewa_humay
9 Noýabr 2022
Gaty gowy 👍👍👍
ebru
9 Noýabr 2022
Gowy düzüpsin. Mlds👍
Zemheri
9 Noýabr 2022
Berekella👍👍👍
ylham_gurbanaly
9 Noýabr 2022
Umyt bardy gursagymda sebäbi...
kyyas2017
9 Noýabr 2022
Berekella
wolf
9 Noýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.