BaýramBejidow
09.11.2022 09:28
Siñip dur topraga säheriñ çygy,
Gijede gizlenen güneş nur seçýär,
Hemme zat ýerbe-ýer, öñki-öñkülik,
Şonda-da käteler umydym öçýär.

Oýun edip diýýär herkim diýjegin,
Çynyñ bilen gepleseñem haýry ýok,
Manysyz dünýäde ruhym hassa,
Derman-däri gussalarmy aýranok.

Peýdasy ýok, zyýany bir degmesin,
Ýakynsyrap ýüregime girenleñ,
Kä gulagma mukam bolup eşdilýär,
Çañ sesleri ýaşamakdan irenleñ.

Jebiri çekýän az amanat üçin,
Her gowlygña iki esse minnet bar,
Kimiñ kimligini tanamak üçin,
Sebäp bolan ýalñyşlarma minnetdar!!!...

Awtory: Baýram Bejidow
19
122
Myhman Myhman
20 Noýabr 2022
peydasy yok,zyyany bir degmesin yakynsyrap yuregime girenlen
Myhman Myhman
11 Noýabr 2022
👍kimin kimdigini tanamak un
Myrataly
9 Noýabr 2022
zahrat_alward,:)
ichki_dunyam_officiall
9 Noýabr 2022
Men beýle uly güplän ýerim ýokdur! Biri kinesini daşa çykarýar, birem göterýär, ýene biri kakdyrýar.Derejeleriñiz belli boldy.Sagboluñ, sag geziñ...
ylham_gurbanaly
9 Noýabr 2022
ichki_dunyam_officiall, saňa şol sözleri diýeniň " tüf " ýüzüne. Kimem bolsa, gödeklik menden gitsin. Saňa ýene bir zat aýdaýyn " akmaga akylly diýip bileniň özäm şondan tapawutly däldir diýýädi, öňem biri" Haýp, saňa, şo sözlere göwnüňi hoşlap, özüňi aldap bilýän bolsaň!
BaýramBejidow
9 Noýabr 2022
ichki_dunyam_officiall, seret bir zat diýjek saña, mende müñe golaý goşgy bar şolaryñ içinde her şahyrdan täsirlenen meñzetmeleri bardyr ýöne señki ýaly alyp göni birini kopýalamok, sen ýokardaky söziñ üçin jogap ber indi hany haýsy sözler haýsy şahyryñ sözlerinden alynan ýa haýsy goşgysyna meñzedilen
ichki_dunyam_officiall
9 Noýabr 2022
BaýramBejidow,"Pyragyñ şägirdi", " ikinji Pyragy" - bu sözleri progdakylar diýdi.🙁
BaýramBejidow
9 Noýabr 2022
ichki_dunyam_officiall, wopşeda Pyragyñ kapýalaryny alyp sen özüñe şahyr diýip ýörsiñä men Pyragyñ şägirdi zat diýip
BaýramBejidow
9 Noýabr 2022
ichki_dunyam_officiall, özüñ bilen putit etme
ichki_dunyam_officiall
9 Noýabr 2022
Her şahyryñ goşgylaryndan owadan setirlerini çöpläp, biraz üýtgeniñ bilen şahyr bolup bolanok,🤦🏽‍♂️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.