ArslanYazly
06.09.2023 22:00
Iýmit siñdiriş ulgamynyñ başlangyjy bolan agyz boşlugy, daşky gurşawa açyk we iýmitler bilen galtaşygy ýaly sebäplere görä mikroorganizmleriñ ösmegi we köpelmegi üçin amatly gurşaw bolup durýar. Şol sebäpden agyz boşlugynyñ gigiýenasy talabalaýyk berjaý edilmese agyz boşlugynyñ nemli barda we diş keselleriniñ döremegi bilen uzagyndan birnäçe başga keselleriñ döremegine ýol açýar. Saglykdan daşary gigiýenasy pes bolan agyz boşlugy adamyñ sosial, psihologiki we fiziologiki ýagdaýlaryna hem ters täsir edýär.

      Çagalyk döwründe agyz boşlugynyñ gigiýenasy:

  Ýetginjeklik döwründe sagdyn dişlere eýe bolmak üçin çagalyk döwründe süýt dişleriñ çykmagy bilen dişleri dogry ýuwmaga endik etmeli. "Süýt dişleri şeýlede dökülmeli, ýuwmak hökman däl" diýen düşünjäni aradan aýyrmaly. Idegi edilmedik süýt dişler wagtyndan öñ dökülip hemişelik dişleriñ sagdyn çykmagyna böwet bolýar. Çagalyk döwründe ene-atalar çagalaryna dişlerini dogry ýuwmagy näçe gowy öwretseler, şonça-da geljekde hem endik bolup galýar.

     Ýetişen adamlaryñ agyz boşlugynyñ gigiýeniki ähmiýeti:

    Ýetginjeklik döwründe gormonal we bedeniñ madda çalşygynyñ aktiwligi 25 ýaşlara ýetende haýallap başlaýar. Süñkleriñ madda çalşygy haýallap başlaýar, süñkler haýal ösüşe geçip başlaýar. Dişiñ hem düzümi süñk dokumasyna meñzeşligi sebäpli diş hem öñküsi ýaly madda çalşygy ýokary bolmaýar. Şoñ üçin agyz boşlugynyñ gigiýenasy has hem artykmaç talaba mätäç bolýar. Ondan daşary witamin D, kalsiý, fosfor ýaly maddalar ýeterlik mukdarda kabul edilmelidir.

    Agyz boşlugynyñ gigiýenasy:

   Diş we diş etlerini goramak üçin ftorly diş pastalary we ýumşak diş çotganyñ kömegi bilen günde 2 gezek dişleri aýlawly şekilde ýuwmaly;

   Her bir dişiñ öñ, arka we çeýneýji üstlerini gowy edip ýuwmaly;

   Dili ýuwmagam ýatdan çykarmaly däl;

   Diş ýuwulandan soñ agyz çaýkaýjy ekstraktlar ulanmaly;

   Süýji önümleri az iýmeli;

   Kofe, çaý, çilimi azaltmaly;

   Her 6 aýdan stomatolog lukmana ýüz tutmaly;
46
451
ArslanYazly
10.07.2023 00:58
Ene dil modadan gaçýar diýýärmiň?
Heý,dilem modadan gaçar oguşýan,
Geň görüp oturmaň käbir pursatda,
Şolam mümkin eken, hawa bagyşlaň.

Ynha bir edara, kaşaň edara,
Uly ministirlik edil köşk ýaly.
Giräýen ýeriňde ajap kiosk bar,
Ýüz dürli kitaply, gazet-žurnally.

Ir bilen şol jaýa sowulýan her gün.
Dürli neşirler bar, bäş materikden,
Bir gezek zeýrendi kioskçy Вера,
Türkmençe zat alýan sanlyja türkmen,
Käte-de вот sen!

Iki ýüz işgäriň köpüsi türkmen,
Jentelmen,intelligent,papkaly kişi,
Emma şol papkalaryň bir toparyndan,
Türkmençe tapmak kyn dermanlyk üçin.

Hawa, Lenin dilin internasional,
Dostluk dili diýip okaýar olar.
Berekella has köp okasyn olar,
Ýöne eneň dilini kemsidýän bolsaň,
Lenin nädip seniň bilen dost bolar?

Döwrümiz üýtgedip gurulýan döwür,
Görk goşmaly ýurdumyzyň görküne,
Erk goşmaly adamlaryň erkine,
Buýsanç, ynam paýlamaly her kime,
Ýöne eneň dilini bilmeýän bolsaň,
Kim ynanar gepiňe?

Bir gezek uly bir ýygnakda boldum.
Din adada garşy, galyňa garşy,
Üýşüpdir eneler, gelinler-gyzlar,
Kluba görk berýär ýakalaň nagşy.

Ýygnakda raýkom wekili hem bar,
Ahyry oňa-da berdiler gezek.
Birinji sekretar meselem Goçow,
Açdy papkasyny okady uzak:
“Калым пережиток бороться надо”
Okady üznüksiz, gepledi gurak.
Iň soňundan bolsa käbir gyzlara,
Atlaryny okap gowşurdy baýrak.

Гюзел diýdi Gözel diýmäge derek,
Донди diýdi Döndi diýmäge derek,
Doklada däl, öz adyna düşünmän,
Zenanlar boluşdy elekde-çelek.

Eneler aňk bolup gyzyna bakdy,
Gyzy hem aňk bolup seretdi enä,
Kim günäkär, sorag berdim özüme,
Hemem jogap berdim-
Onda-da güna,mende-de günä bar,
Sende-de günä, hemme-de günä!
26
183
ArslanYazly
25.06.2023 00:05
Ýokarky dodagyň we kentlewügiň bölünmesi çaganyň ýüzüniň we agyz boşlugynyň dogabitdi kemçilikleri bolup, çaga enesiniň içinde ösýän döwri ýüze çykýandyr.

Ýokarky dodagyň bölünmesi (towşan dodak, lukman. terminologiýasynda heýloshizis)- ýokarky dodagyň iki tarapdan bölünmesi görnüşinde häsiýetlenip, ýokarky dodagyň ýumşak dokumalarynda insizje deşik ýa-da ýaryk görnüşde ýüze çykýar. Towşan dodagyň iki görnüşi tapawutlandyrylýar:

↪ Towşan dodagyň doly görnüşi burun kekirdewigiň we ýokarky äňiň ösüntgileriniň birleşmezligi bilen häsiýetlenip, barlag wagty burnuň boşluklaryna çenli ýetýän ýokarky dodakdaky çuň ýaryk görnüşde görünýär;

↪ Doly däl görnüşi dodagyň defekti görnüşde ýüze çykýar we köplenç ortaky çyzykdan çepde ýerleşip, kemçiligiň ýeňil görnüşi hasaplanýar.

Möjek agzy – agyz boşlugynyň ýokarsyndaky (gaty kentlewükdäki) jaýryk ýa-da deşik görnüşde döreýän kemçilikdir. Möjek agzynyň hem iki görnüşi tapawutlandyrylýar:

↪ Kemçilik gaty we ýumşak kentlewügiň bölünmesi bilen ýüze çykýar;

↪ Möjek agzy diňe ýumşak kentlewügiň bölünmesi bilen ýüze çykyp, kemçiligiň ýeňil görnüşi hasaplanýar.

Sebäp bolýan faktorlar

Towşan dodak we möjek agzy doga kemçilikleriň sebäpleri höküminde lukmanlar aşakdaky faktorlary belleýärler:

▷ Göwrelilikden öň we göwrelilik wagty enaniň çilim çekmegini lukmanlar çaganyň ýüzünde we äňinde döreýän kemçilikleriň esasy sebäbi hasaplaýarlar;

▷ Göwreliligiň irki möhletlerinde alkogol içgileri kabul etmek;

▷ Neşekeşlik;

▷ Göwrelilik döwri käbir derman serişdeleriň kabul edilmegi;

▷ Daşky gurşawyň ýaramaz şertleri;

▷ Ýaramaz iş şertleri;

▷ Göwreliligiň birinji aýlarynda foliý turşylygynyň ýetmezçiligi;

▷ Dowamly aşsaýlama;

▷ Enäniň ýaşy (35 ýaşdan soň hromosom üýtgemeleri ýygy duş gelýär);

▷ Genetiki sebäpler;

▷ Göwrelilik döwründe garyn boşlugyna ýetirlen şikesler (meselem, urgular);

▷ Göwreliligiň başynda güýçli stress geçirmek.

Ýüze çykyş alamatlary

Möjek agzy we heýloshizis üçin mahsus alamatlar:

▷ Dogum wagty çaganyň öýkenine suwuklygyň düşüp, öýken sowuklamasyny döretme howpy;

▷ Çaganyň kynçylyk bilen agyr dem almagy;

▷ Çagada suwy ýuwutma we iýmitlenme kynçylygy;

▷ Çagada burnuň, gulagyň, bokurdagyň keselleriniň ýygy döremegi;

▷ Estetiki kemçilikler (towşan dodak kemçilikde);

▷ Çaganyň gepleýşiniň üýtgemegi;

▷ Dişleriň nädogry gysylşy.

Anyklama çäreleri

Möjek agzy we towşan dodak doga kemçilikleri göwreliligiň giçki möhletlerinde ultrases barlagyň kömegi bilen anyklamak bolýar. Ýöne möjek agzyň doly däl görnüşini göwredäki çagada ultrases barlag wagty hemişe aýdyň anyklap bolmaýar. Köplenç doga kemçilikleriň bu görnüşlerini çaga doglandan soň geçirilýän barlag wagty anyk anyklap bolýandyr. Şeýle doga kemçilikleri bolan çagalar maslahat we bejergi geçirmek üçin S. Niýazow adyndaky Bejeriş we Maslahat beriş Merkeziniň hirurgiki stomatologiýa bölümine we Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş Müdürýetleriniň Diş merkezine ýüz tutup bilerler.

Bejergi çäreleri

Towşan dodagyň hirurgiki bejergisini kiçi bäbeklerde 6 aýlyk ýaşyna çenli 1-2 tapgyrda ýerine ýetirýärler. Hirurgiki bejergi başga doga kemçilikleri (ýürek, öýken kemçilikleri) bolmadyk, wagty ýetip doglan çagalarda geçirmek maslahat berilýär. Ýüze çykyş görnüşine görä towşan dodagyň hirurgiki bejergisi dodagyň bitewliligini, burnuň kekirdewigini, alweolýar ösüntgisini dikeltmekden düzülendir. Dikeldiji hirurgiki çäreler çaganyň 3 ýaşyna çenli geçirilip tamamlanmalydyr, çünki ol ýaşa çenli sözleýiş endikleri emele gelýändir. Egerde towşan dodak kemçiligi ýetginjeklik döwri düzedilen bolsa, onda dörän tyg yzlaryny aýyrmak we logopediň kömegi bilen sözleýiş endiklerini düzetmek çärelerini geçirmek hökmanydyr.

Möjek agzyň doly hirurgiki bejergisi tapgyrlaýyn geçirlip, psiholog, logoped, stomatolog lukmanlarynyň hem kömegini talap edip biler. Diňe ýumşak kentlewügiň bölünmesi bilen ýüze çykýan möjek agzynda dikeldilme bejergiler bäbekde 8 aýlyk ýaşdan geçirilýär. Möjek agzy diňe ýumşak kentlewük däl-de, gaty kentlewügiň bölünmesi bilen häsiýetlenende, hirurgiki bejergini çagalarda 2 ýaşdan geçirmek maslahat berilýär. Ondan ir geçirlen bejergi äňleriň biriniň ösüşden galmagyna getirip bilýändir.

Ulanylan çeşme: Н. Горовенко, Л. Яковенко "Врожденные несращения верхней губы и неба" Книга плюс. Харьков – 2004 г.

Makalanyñ alnan ýeri: saglyk.org
18
84
ArslanYazly
21.06.2023 21:35
Dost

Her gülüşen dost saýylmaz,
Kyn günüñde aglaşýança.
Ýüregiñe nur çaýylmaz,
Synan göwnüñ awlaşýança.

Dost bolarmy "Sag bolsuny"
Puly bilen bildirýänler?
Dost bolarmy dertli çagyñ
Şerap berip güldürýänler?

Dost bolarmy abraýyña,
Ýaranjañlar, janköýerler?
Çyn dostlaryñ süýrenýärkäñ
Ýollaryñda jan goýarlar?

Dostuñ däldir diñledenler
Ýürejigñi süýji gepe.
Ajysy hem baldan datly,
Mert bolanda gardaş, şepe.

Aýajygyñ taýsa bir gün,
Basar seni asman, daglar.
Şonda azalyp sanlary
Diñe iki dostuñ galar.

Biri atañ, biri eneñ,
Söýüp biljek kemiñ bilen.
Galanlaryñ wepasyny
Üfläp bolar demiñ bilen.

                                         Kerim Hallyýew
24
97
ArslanYazly
15.06.2023 06:51

Mikrobiota ýa-da mikrobiom-köp öýjükli jandarlaryñ içinde we daşynda bar bolan peýdaly we zyýanly mikroorganizmleriñ bütewiligine aýdylýar.Biziñ bedenimizde öýjüklerimizden hem köp mukdarda mikrop bar.Bularyñ käbiri peýdaly, käbiri zyýanly.Içimizde ýaşaýan bu mikroplarymyz bedenimiziñ içki durkuny saklamaga uly kömek edýär.Bu mikrobiota beýnä hem täsir edip bilýändigi anyklandy.Mikrobiotany näçe kadada saklap bilsek şonça-da gowy.Ony ýerine ýetirmek üçin kadaly iýmitlenmäge üns bermeli,antibiotikleri kabul etmekden mümkin boldugyça daşda durmaly.

24
260
ArslanYazly
12.06.2023 23:38
Antiwirus serişdeleri bedeniňize kesel döredip biljek käbir wiruslara garşy göreşmäge kömek edýän dermanlardyr.Bu dermanlar öňüni alyş üçin hem ulanylýar.Antiwiruslaryñ täsiredişi:Reseptorlary blokirläp wiruslaryñ öýjüklere girmeginiñ öñüni alýar;Wiruslary özüne birleşdirip öýjüge girmeginiñ öňüni alýar;Antibiotik bilen tapawudy:Bakteriýalar öýjügiñ daşynda köpelýän,öýjük gurluşyna eýe bolan mikroorganizmler,bu bolsa antibiotiklere bakteriýalary tanamaga we ýok etmäge mümkinçilik berýär.Ýöne bu dermanlar öýjük gurluşyna eýe bolmadyk wiruslara täsir edip bilmeýär.Şonuñ üçin antiwirus ulanylýar
13
65
ArslanYazly
ArslanYazly
29.01.2023 20:30
Bal ýokumly maddalara örän baý bolup, düzüminde köp sanly antioksidantlar, witaminler, probiotikler, aminokislotalar, minerallar we fermentler bar, bu bolsa ony adamyň gündelik durmuşynda ulanmagy
ArslanYazly
ArslanYazly
26.01.2023 22:53
Öýken ragy: Öýken dokumasyny emele getirýän öýjükleriñ kadadan artyk köpelmegi bilen öýkeniñ içinde çiş (tumor) emele getirmegi bilen başlaýan we wagtynda bilinip degişli bejergiler geçirilmese
ArslanYazly
12.01.2023 22:51
Öýlengin


Ýigit halyň garrylyga
Salaýyn diýseň, öýlengin;
Kethudalyk endişesin
Kylaýyn diýseň, öýlengin.

Kethudalyk gözel ýoldur,
Gaýgy garrydar, gam öldir,
Ýigitlik bir gyzyl güldür, –
Solaýyn diýseň öýlengin.

Öý-il gerek, ýorgan-düşek,
Perzent bentdir, aýal – duşak,
Ýüke werziş bir boz eşek
Bolaýyn diýseň, öýlengin.

Gezer sen oýnap, dalaşyp,
Galar sen, derde dolaşyp,
Gaýgydan gama ulaşyp
Galaýyn diýseň, öýlengin.

Joşgun eder sen özüňden,
Aýrylar sen hoş ýazyňdan-,
Tükenmez derdiň yzyndan
Ýeleýin diýseň, öýlengin.

Açyp ýigitlik dumanyn,
Getir sen gaýgy zamanyn,
Dünýäniň ýagşy-ýamanyn
Bileýin diýseň, öýlengin.

Magtymguly, gezip her taý.
Etmediň jahandan perwaý,
Pygamber sünnetin berjaý
Kylaýyn diýseň, öýlengin.

Magtymguly Pyragy
23
131
ArslanYazly
ArslanYazly
07.01.2023 20:41
Antibiotik näme? Antibiotikler bakteriýalar we parazitler ýaly käbir mikroblardan döreýän ýokançlyklary bejermek üçin ulanylýan dermanlar toparyna berlen at. Antibiotik sözüniň doly manysy ýaşaýşa