ArslanYazly
12.01.2023 22:51
Öýlengin


Ýigit halyň garrylyga
Salaýyn diýseň, öýlengin;
Kethudalyk endişesin
Kylaýyn diýseň, öýlengin.

Kethudalyk gözel ýoldur,
Gaýgy garrydar, gam öldir,
Ýigitlik bir gyzyl güldür, –
Solaýyn diýseň öýlengin.

Öý-il gerek, ýorgan-düşek,
Perzent bentdir, aýal – duşak,
Ýüke werziş bir boz eşek
Bolaýyn diýseň, öýlengin.

Gezer sen oýnap, dalaşyp,
Galar sen, derde dolaşyp,
Gaýgydan gama ulaşyp
Galaýyn diýseň, öýlengin.

Joşgun eder sen özüňden,
Aýrylar sen hoş ýazyňdan-,
Tükenmez derdiň yzyndan
Ýeleýin diýseň, öýlengin.

Açyp ýigitlik dumanyn,
Getir sen gaýgy zamanyn,
Dünýäniň ýagşy-ýamanyn
Bileýin diýseň, öýlengin.

Magtymguly, gezip her taý.
Etmediň jahandan perwaý,
Pygamber sünnetin berjaý
Kylaýyn diýseň, öýlengin.

Magtymguly Pyragy
23
131
olia
12 Yanwar 2023
Relax,👏👏👏👏 hakyky shul
Relax
12 Yanwar 2023
gul_, oñ bir post paýlaşypdym özine göwni ýetýän gyz bilen oglan bile bolup bilmeýä diýip...olam uly problem
Relax
12 Yanwar 2023
gul_,maddy ýagdai 1nji sebap
k_25n
12 Yanwar 2023
🙂 Ýigitlik bir gyzyl guldir
Relax
12 Yanwar 2023
gul_,hickimem aýrylşmak üçin öylenmeýä ýöne soñuny gören ýokda
butterfly
12 Yanwar 2023
👍👍👍👍👏🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.