Öýken ragy:
Öýken dokumasyny emele getirýän öýjükleriñ kadadan artyk köpelmegi bilen öýkeniñ içinde çiş (tumor) emele getirmegi bilen başlaýan we wagtynda bilinip degişli bejergiler geçirilmese beýleki dokuma we organlara ýaýraýan ölüm howpy ýokary bolan kesele aýdylýar.
Ragyñ bu görnüşi beýleki rak görnüşleriniñ 12-16%-ni eýeleýär. Raga bagly ölümleriñ bolsa 17-28%-ni tutýar.
Alamatlary:
Güýjeýän üsgülewük
Döş agrysy
Dem alşyñ kynlaşmagy
Işdäsizlik we horlanmak
Sesiñ gyrylmagy we ýuwdunmakda kynçylyk
Ysgynsyzlyk
Beden agrysy
Köp gaýtalanýan infeksiýalar
Horner sindromy
Öýken ragynyñ ir wagtda bilinip degişli bejergiler geçirilse sagalma mümkinçiligi 85-90%-e barabardyr.
Diagnoz:
Häzirki wagtda bu keseli anyklamakda ulanylýan birnäçe usullar bar:
-KT (kompýuter tomografiýa),MRT(magnit rezonans tomografiýa) goşmaça gakylyk barlagy;
-Bronhoskopiýa;
-Biopsiya;
Bejergi usullary:
Bejerginiň görnüşi ragyñ görnüşine we derejsinde bagly bolup durýar. Mümkin bolan näsaglarda operatiw ýol bilen ragyñ ýerleşýän öýkeniniñ bölegi ýa-da tutuş öýkeniñ özi kesip aýrylýar. Operasiýa ýol bilen bejergi geçirip bolmaýan näsaglarda bolsa himiýaterapiýa bellenilýär. Bulardan başga-da akylly dermanlar we immunoterapiýa ýaly täze usullar hem bar we başga usullaryñ üstünde hem işlenilýär.
Öñüni almak:
Çilim we alkogoldan uzakda durmak;
Stressden mümkin boldugyça uzakda durmak;
Radiasiýadan uzakda durmak;
Benzin, boýag yslary ýaly himiki serişdeleriñ yslaryndan uzak wagtlap ysgamazlyk;
Mümkin boldugyndan hapa howadan uzakda durmak;
Sagdyn iýmitlenmek;