ArslanYazly
24.09.2023 23:03
Pistantrofobiýa näme?

Pistantrofobiýa, adamyñ geçmişde başdan geçiren ýakymsyz tejribeleri sebäpli başga kişilere ynanmakdan gorkmagydyr. Bu duýgy başgalary bilen gatnaşykda şolar tarapyndan ynjydylmakdan, aldanmakdan gorkmak we öñlerine diwar örmäge sebäp bolýar. Kişilerde şu fobiýañ bolmagy ikiçäk gatnaşyklarda çekinmäge we gorkmaga sebäp bolýar.

Alamatlary näme?

Ikiçäk gatnaşyklarda ýokary derejeli aljyrañlyk we gorkyñ bolmagy;

Garşylykly gepleşiklerden ýüz öwürmek;
Başga adamlaryñ romantiki gatnaşyklaryna sowuk-sala garamak;

Mümkin bolan ähli romantiki gepleşiklerden gaçmak we uzak bolmak islegi;

Ynamsyzlyk duýgusyny gyjyndyrýan her ýagdaýdan gaçmak islegi;

Demgysma;

Ýüregiñ çalt urmagy;

Titreme;

Döremeginiñ sebäbi:

Çagalyk ýa-da ýetginjeklik döwründe başdan geçiren ýakymsyz tejribeleri ýa-da maşgala, garyndaşlyk gatnaşyklarynda başdan geçiren käbir ynamsyzlyklary sebäp bolup biler.

Bejergi hökmünde psihologa ýüz tutmak gerek bolup durýar. Bu fobiýa daşyndan görnüşi ýaly ýönekeý zat däl. Degişli çäreler görülmese wagtyñ geçmegi bilen stress sebäpli birnäçe kliniki keselleriñ ýüze çykmagy hem mümkindir!
36
300
bayramgeldiyewarslan
25 Sentýabr 2023
Basga kisilerden gorky bar hemisde
ArslanYazly
24 Sentýabr 2023
@awgust, ýok!
ArslanYazly
24 Sentýabr 2023
@Bitter, bilmedim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.