ArslanYazly
21.06.2023 21:35
Dost

Her gülüşen dost saýylmaz,
Kyn günüñde aglaşýança.
Ýüregiñe nur çaýylmaz,
Synan göwnüñ awlaşýança.

Dost bolarmy "Sag bolsuny"
Puly bilen bildirýänler?
Dost bolarmy dertli çagyñ
Şerap berip güldürýänler?

Dost bolarmy abraýyña,
Ýaranjañlar, janköýerler?
Çyn dostlaryñ süýrenýärkäñ
Ýollaryñda jan goýarlar?

Dostuñ däldir diñledenler
Ýürejigñi süýji gepe.
Ajysy hem baldan datly,
Mert bolanda gardaş, şepe.

Aýajygyñ taýsa bir gün,
Basar seni asman, daglar.
Şonda azalyp sanlary
Diñe iki dostuñ galar.

Biri atañ, biri eneñ,
Söýüp biljek kemiñ bilen.
Galanlaryñ wepasyny
Üfläp bolar demiñ bilen.

                                         Kerim Hallyýew
24
97
ArslanYazly
21 Iýun 2023
Dusia
21 Iýun 2023
@ArslanYazly, her kime dost diyilmez gardaş 😁
ArslanYazly
21 Iýun 2023
Dusia
21 Iýun 2023
@ArslanYazly, doly tanamasam oňa dostam diýjek däl 🙄
ArslanYazly
21 Iýun 2023
Dusia
21 Iýun 2023
Allam her mahal ýoluň soňuna çenli goldajak dostlarmyň işini ugruna et!
ArslanYazly
21 Iýun 2023
@dusia_maksatmyradowna, dost diýip özüñi pida etjekmi doly tanamaýan bolsañ bih?!
Dusia
21 Iýun 2023
@ArslanYazly, tmm onda pozayyn men ol dilegi 😁
ArslanYazly
21 Iýun 2023
@Serwi, hawa
ArslanYazly
21 Iýun 2023
@Serwi, 😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.