Ene dil modadan gaçýar diýýärmiň?
Heý,dilem modadan gaçar oguşýan,
Geň görüp oturmaň käbir pursatda,
Şolam mümkin eken, hawa bagyşlaň.
Ynha bir edara, kaşaň edara,
Uly ministirlik edil köşk ýaly.
Giräýen ýeriňde ajap kiosk bar,
Ýüz dürli kitaply, gazet-žurnally.
Ir bilen şol jaýa sowulýan her gün.
Dürli neşirler bar, bäş materikden,
Bir gezek zeýrendi kioskçy Вера,
Türkmençe zat alýan sanlyja türkmen,
Käte-de вот sen!
Iki ýüz işgäriň köpüsi türkmen,
Jentelmen,intelligent,papkaly kişi,
Emma şol papkalaryň bir toparyndan,
Türkmençe tapmak kyn dermanlyk üçin.
Hawa, Lenin dilin internasional,
Dostluk dili diýip okaýar olar.
Berekella has köp okasyn olar,
Ýöne eneň dilini kemsidýän bolsaň,
Lenin nädip seniň bilen dost bolar?
Döwrümiz üýtgedip gurulýan döwür,
Görk goşmaly ýurdumyzyň görküne,
Erk goşmaly adamlaryň erkine,
Buýsanç, ynam paýlamaly her kime,
Ýöne eneň dilini bilmeýän bolsaň,
Kim ynanar gepiňe?
Bir gezek uly bir ýygnakda boldum.
Din adada garşy, galyňa garşy,
Üýşüpdir eneler, gelinler-gyzlar,
Kluba görk berýär ýakalaň nagşy.
Ýygnakda raýkom wekili hem bar,
Ahyry oňa-da berdiler gezek.
Birinji sekretar meselem Goçow,
Açdy papkasyny okady uzak:
“Калым пережиток бороться надо”
Okady üznüksiz, gepledi gurak.
Iň soňundan bolsa käbir gyzlara,
Atlaryny okap gowşurdy baýrak.
Гюзел diýdi Gözel diýmäge derek,
Донди diýdi Döndi diýmäge derek,
Doklada däl, öz adyna düşünmän,
Zenanlar boluşdy elekde-çelek.
Eneler aňk bolup gyzyna bakdy,
Gyzy hem aňk bolup seretdi enä,
Kim günäkär, sorag berdim özüme,
Hemem jogap berdim-
Onda-da güna,mende-de günä bar,
Sende-de günä, hemme-de günä!