Bal ýokumly maddalara örän baý bolup, düzüminde köp sanly antioksidantlar, witaminler, probiotikler, aminokislotalar, minerallar we fermentler bar, bu bolsa ony adamyň gündelik durmuşynda ulanmagy üçin, şeýle hem ynsan saglygyny goramakda we berkitmekde tapylgysyz önüme öwürýär.
Ary baly gyzdyrylanda bu önüm özüniň oňyn häsiýetlerini ýitirýär diýip eşiden bolsaňyz gerek. Şeýle-de bolsa, käbir adamlar balyň gurluşyny üýtgedip, ony goýy ýa-da suwuk etmek isleýär. Ýöne beýle etmek balyň hilini üýtgedip ýa-da ony, has beteri, zäherli edip bilermi?!
Internet saýtlarynda çykyş edýän bilermenler gyzdyrylanda balyň düzüminiň üýtgeýändigini we onuň peýdaly häsiýetleriniň gowşap, netijesiz bolýandygyny belleýärler. Emma şeýle-de bolsa, bal asla zäherli bolmaýar.
Ilki bilen, ýylaşan, pes temperaturada saklanan ary balynyň kristallaşýandygyny bellemeli. Onuň suwuk haldan gaty hala geçmegi tebigy ýagdaýdyr. Käbir adamlar kristallaşan bala şeker goşulypdyr diýip ýalňyş pikir edýärler.
Dogrudan-da, bal gyzdyrylanda juda zyýanly bolmasa-da, käbir peýdaly häsiýetlerini ýitirýär. Muňa garamazdan, bu gyzdyrylýan temperatura baglydyr. Mysal üçin, ary gapyrjagynyň içinde arylary 30-35 °C temperaturada saklaýarlar. Şonuň üçin baly şu temperaturada gyzdyrmak adaty ýagdaý bolup, onuň peýdaly häsiýetleri asla ýitmeýär.
Şu ýerde baly gyzdyrmagyň iki zyýanly netijesiniň bardygyny ýatladýarys:
1. Mikroblara garşy we antibakterial häsiýetleri ýitýär.
Bal aşa gyzdyrylanda, biz onuň düzümindäki inwertaz we diastaz ýaly fermentleri ýok edýäris — olar, adatça, adam bedeninde iýmit siňdirilişine we şekeriň bölünmegine kömek edýär. Bedene bakteriýalara we wiruslara garşy göreşmäge kömek edýän ferment bolan glýukoza oksidaza hem ýitýär. Ol wodorodyň öteturşusyny öndürýär, ol bolsa, öz gezeginde, adam bedeni üçin dezinfeksiýa serişdesi hökmünde hereket edýär.
2. Bal antioksidant häsiýetlerini ýitirýär.
Antioksidantlar öýjükleriňizi ýürek kesellerine, onkologiýa we beýleki kesellere sebäp bolýan erkin radikallardan goraýan maddalardyr. Erkin radikallar — bu beden iýmiti dargadanda ýa-da beden temmäki tüssesine ýa-da radiasiýa sezewar bolanda öndürilýän molekulalardyr. Antioksidantlaryň kömegi bilen bal bedendäki zyýanly radikallaryň täsirini zyýansyzlandyrmaga kömek edýär. Baldaky esasy antioksidantlaryň biri polifenollardyr. Olar düwnük ýaly agyr dowamly keselleriň döremek howpuny azaldýar we çişmeleriň öňüni alýar.
Sözümizi jemläp aýtsak, ary balyny gyzdyrmak adam bedeni üçin asla zyýanly däl. Ýöne baly gyzdyrmak bilen, biz ary balyndaky bedenimize wiruslara we bakteriýalara garşy göreşmäge kömek edýän ýokumly maddalary ýok edýändigimizi unutmaly däldiris.