ArslanYazly
06.09.2023 22:00
Iýmit siñdiriş ulgamynyñ başlangyjy bolan agyz boşlugy, daşky gurşawa açyk we iýmitler bilen galtaşygy ýaly sebäplere görä mikroorganizmleriñ ösmegi we köpelmegi üçin amatly gurşaw bolup durýar. Şol sebäpden agyz boşlugynyñ gigiýenasy talabalaýyk berjaý edilmese agyz boşlugynyñ nemli barda we diş keselleriniñ döremegi bilen uzagyndan birnäçe başga keselleriñ döremegine ýol açýar. Saglykdan daşary gigiýenasy pes bolan agyz boşlugy adamyñ sosial, psihologiki we fiziologiki ýagdaýlaryna hem ters täsir edýär.

      Çagalyk döwründe agyz boşlugynyñ gigiýenasy:

  Ýetginjeklik döwründe sagdyn dişlere eýe bolmak üçin çagalyk döwründe süýt dişleriñ çykmagy bilen dişleri dogry ýuwmaga endik etmeli. "Süýt dişleri şeýlede dökülmeli, ýuwmak hökman däl" diýen düşünjäni aradan aýyrmaly. Idegi edilmedik süýt dişler wagtyndan öñ dökülip hemişelik dişleriñ sagdyn çykmagyna böwet bolýar. Çagalyk döwründe ene-atalar çagalaryna dişlerini dogry ýuwmagy näçe gowy öwretseler, şonça-da geljekde hem endik bolup galýar.

     Ýetişen adamlaryñ agyz boşlugynyñ gigiýeniki ähmiýeti:

    Ýetginjeklik döwründe gormonal we bedeniñ madda çalşygynyñ aktiwligi 25 ýaşlara ýetende haýallap başlaýar. Süñkleriñ madda çalşygy haýallap başlaýar, süñkler haýal ösüşe geçip başlaýar. Dişiñ hem düzümi süñk dokumasyna meñzeşligi sebäpli diş hem öñküsi ýaly madda çalşygy ýokary bolmaýar. Şoñ üçin agyz boşlugynyñ gigiýenasy has hem artykmaç talaba mätäç bolýar. Ondan daşary witamin D, kalsiý, fosfor ýaly maddalar ýeterlik mukdarda kabul edilmelidir.

    Agyz boşlugynyñ gigiýenasy:

   Diş we diş etlerini goramak üçin ftorly diş pastalary we ýumşak diş çotganyñ kömegi bilen günde 2 gezek dişleri aýlawly şekilde ýuwmaly;

   Her bir dişiñ öñ, arka we çeýneýji üstlerini gowy edip ýuwmaly;

   Dili ýuwmagam ýatdan çykarmaly däl;

   Diş ýuwulandan soñ agyz çaýkaýjy ekstraktlar ulanmaly;

   Süýji önümleri az iýmeli;

   Kofe, çaý, çilimi azaltmaly;

   Her 6 aýdan stomatolog lukmana ýüz tutmaly;
46
451
ArslanYazly
21 Sentýabr 2023
Menem çykaýyn! Gyzdyryp başladym ýene
ArslanYazly
21 Sentýabr 2023
shiraly
21 Sentýabr 2023
@ArslanYazly, Bolia dos. Sagbol kop kop. Habarlashars nesip bolsa. . .
ArslanYazly
21 Sentýabr 2023
@shiraly, kösäp duranoklaý ugrunda birzat aýtsañ, konspekt ýazsañ boldy
Dusia
21 Sentýabr 2023
@ArslanYazly, 😕👌🏻 düşnükli professor!
ArslanYazly
21 Sentýabr 2023
@dusia_maksatmyradowna, aý tüweleme gowy bolsañyz!
shiraly
21 Sentýabr 2023
@ArslanYazly, Ertir gorerisda natyanini. Shu guna gowy gechdi. Kim okatdy sizi harbydan..? Koseyami, yia olam beylekiler yalymy..?
ArslanYazly
21 Sentýabr 2023
@shiraly, harbydana leksiýa beren
ArslanYazly
21 Sentýabr 2023
@shiraly, harby nädýä?
shiraly
21 Sentýabr 2023
@ArslanYazly, Sizi kim okatdy..?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.