2580
26.07.2023 15:59

Men seniň garaja gözlerňi söýdüm,

Gözleriňde, bu giň dünýäni gördüm,

Ýöne welin, saňa söz aýdyp bilmän,

Şol seniň daşyňdan guwandym ýördüm.


Men seniň mylaýym sözlerňi söýdüm,

Ýakymlyja sesiň, ýüregme guýdum,

Diňlemedi kalbym, senden özgäni,

Bir seni diňledim, bir saňa uýdum.


Men seniň edýänje näzlerňi söýdüm,

Näzleriňde mähir, söýgüni duýdum,

Näziň çekip, göwnüň almak isledim

Onuň ýerne, men öz ýüregmi goýdum.


Men seniň şar gara saçlarňy söýdüm,

Şamar saçlaryňy, ýaýyşyň söýdüm,

Hyýalymda seniň zülpleriň darap,

Saçyň her taryna bir çemen bogdum.


Men seniň uzynja boýlarňy söýdüm,

Söýgim beýan edip ýazýaryn aýdym,

Ýazdym, ýene ýazýan, ýazaryn ýene

Elimde galamym, dilimde adyň.


Men seniň gyrmyzy lebleriň söýdüm,

Seniň şirin-şeker dilleriň söýdüm,

Söýdüm ýaňaklarňy, aý deý ýüzüňi,

Çeper keşde çeken elleriň söýdüm.


Men seniň owadan ýüregiň söýdüm,

Söýüp, söýgiň otly köýnegin geýdim

Ne men söýgüm aýtdym, ne-de sen duýduň,

Duýmasaňda meni, men seni söýdüm.

18
82
2580
16.07.2023 23:25

NÄTANYŞ GÖZEL

(Ýarym degişme)


Okuwdan soň bardym öňki duralga

Öz özüme diýip indibir düzel

Şol pursat gözlerim düşdi  bir gyza

Meni maýyl etdi nätanyş gözel.


Bilmedim adyny, özi nireden

Parhy näme, ol gyz şeýle owadan

Sönen ýüregimi ýakdy ýaňadan

Meni maýyl etdi nätanyş gözel.


Nirä gitjegini sorajak boldum

Birden awtobusyň gelýänin gördüm

Bolşundan ol gyzyň münjegni duýdum

Meni maýyl etdi nätanyş gözel.


On üçlik geldide durdy öňümde

Indi ykbal aty meň öz elimde

Wah aýtjak sözlerim galdy dilimde

Meni maýyl etdi nätanyş gözel.


Duralgada durka saçlaryn darap

Awtobusa mündi uz basyp ýöräp

Göz astyndan maňa ogrynja garap

Meni maýyl etdi nätanyş gözel.


Awtobusa mündük yzly-yzyna

Ol birinji münüp bakdy yzyna

Gözlerim düşende gara gözüne.

Meni maýyl etdi nätanyş gözel


Ol gyz münüp durdy agzynda gapyň

Menem münüp durdum ol gyza ýakyn

Gözlerim doýmady şol gyza bakyn

Geni maýyl etdi nätanyş gözel.


Salam berdim salamymy almady

Tanyşjakdym tanyşlygym bolmady

Ol gyz maňa asla ýüzem bermedi

Meni maýyl etdi nätanyş gözel.


Içimden oýladym belki ýary bar

Öýmesä ýok, bilmen belki äri bar

Şeýle gözel ýaradypdyr Biribar

Meni maýyl etdi nätanyş gözel.


Şeýle pikir bilen barýardym dymyp

Düşmeli ýerime ýetemde baryp

Awtobusdan düşmän galypdym doňup

Meni maýyl etdi nätanyş gözel.


Düşüp bilmän awtobusyň agzyndan

Geçip bilmän şol gözeliň näzinden

Gitdim awtobusly onuň yzyndan

Meni maýyl etdi nätanyş gözel.


Barmaly ýerimiz şeýle çet eken

Bir gyz diýip okuw çykdy kelleden

Bilmedim duşanym gülmi ýa tiken

Meni maýyl etdi nätanyş gözel.


Geldik ol gözeliň düşmeli ýerne

Hiç zat ýok seretsem daş töweregme

Biziň ikijigmiz düşüpdik diňe

Meni maýyl etdi nätanyş gözel.


Awtobus ýöräpdi düşürip bizi

Soragly bakýardy ol gyzyň gözi

Birden sorag berip dillendi özi

Meni maýyl eden nätanyş gözel.


Sorady "name üçin meň bilen düşdüň?"

Jogap berdim "seniň yşgyňa düşdüm"

Seň yşgyňa düşüp bir goşgy goşdum

Meni maýyl etdiň nätanyş gözel.


Sözüm soňlamankam sözümi kesdi

Soňra çyny bilen güldi ep-esli

Ýylgyrşy açylan bägül deý misli

Meni maýyl etdi nätanyş gözel.


Gülki soňlanmaka bir ses eşdildi

Biziň garşymyza bir maşyn geldi

Gülküsini goýup maşyna eňdi

Meni maýyl eden nätanyş gözel.


Gelen ol gözeliň söýeni eken

Gitdi ýüregime çümdürip tiken

Ýenede men boldum yşk ýükün çeken

Meni däli etdi nätanyş gözel.


Galdym ortasynda bir uly ýoluň

Maşynda ýazykdy "bagtly boluň!"

Yzlarynda galdym gowşuryp golum

Muňa kaýyl etdi nätanyş gözel.


Bu zatlaryň neneň  bolanyn bilmän

Oturdym ep-esli özüme gelmän

Ahyr bildim, aýtsam üstümden gülmäň

Meni maýyl etdi nätanyş gözel.


Asyl ol gyz özgä gaçan ekeni

Gaçyp öz bagtyny açan ekeni

Meniň göwnüm gökde uçan ekeni

Meni maýyl etdi nätanyş gözel.

16
91
2580
15.07.2023 20:39

AGŞAMKY SÖÝGI

(DEGIŞME)


Söýgi sözün aýtdym bir gözel gyza

Ilkinji gezekde aldy sözümi

Öýlerne ugratdym ol gözel gyzy

Gyz gitýänçä aýyrmadym gözümi.


Aýly gije aý astynda barýarys

Aý kimin gözleri şuglasyn saçýar

Ikimizem bu söýgini görýäris

Gyz maňa sessizje ýüregin açýar.


Ol gyzyň gözleri düşende göze

Gijeler öwrülýär ýagty gündize

Şol pursat dilim däl meniň gözlerim

Seni söýýän diýýär bakyp ol gyza.


El tutuşyp barýas ýolda bileje

Söýgiden söz açyp ýöräp çalaja

Asmandaky aý hem şaýat bu söýgä

Söýgi çenden aşdy bu aýly gije


El tutuşyp barýas ýoluň ugruna

Ahyry ýetdik biz ýoluň soňuna

Şol gije gowuşdym men öz ýaryma

Diňe şol ýazlypdyr meň ykbalyma


Ykbalyma ýazlan gyzy bilemsoň

Ondan söýgi sözlerini alamsoň

Lebinden bir posa alasym geldi

Men ol gyzy çyn ýürekden söýemsoň


Men onuň elinden hasam berk tutdum

Gyz birden tisginip seretdi maňa

Inçe bilden dutup özüme çekdim

Şol wagt gyz özün tabşyrdy maňa


Şeýle golaý geldi dodaklar maňa

Ol gyz gorkmaýardy seretsem oňa

Bu meniň bolanym üçin şeýledir

Başga biri bolsa şeýdermi näme


Bal ýaly lebleri has golaý geldi

Menem golaýladym ol gyza garşy

Ol gyzyň lebleri aklymy aldy

Meni däli etdi ol gyzyň bakşy


Dodagym dodagna ahyry ýetdi

Bu goşgyň gyzykly ýerine ýetdi

Leblerinden sordum misli şokolad

Ýöne welin birden jyrlaýdy sagat.


Oýansam şokolad  leblere derek

Agzymda ýelekli ýassygyň ujy

sagat  gurnap goýmak nämäňe gerek

Ýaňky gören düýşim şeýlebir süýji.


Meň turanym gowy bolaýdy ýogsam

Süýji lebden süýji kesel boljakdy

Eger şu jaňda men turmadyk bolsam

Indiki jaňaçen ýassyk dynjakdy.

20
111
2580
13.07.2023 23:24

MENDEN BAGTLY TAPYLMAZ


Ýene goşgy goşup, waspyňy etsem,

Gije göze uky girmez, ýatylmaz.

Saçlaryň taryny, sypalap öpsem

Bu dünýäde, menden bagtly tapylmaz.


Öpsem gözleriňden, soň maňlaýyňdan,

Soňra sagdan, onsoň sol ýaňagyňdan,

Iň soňunda öpsem gyrmyz lebiňden,

Bu dünýäde, menden bagtly tapylmaz.


Lebleriňden sorup, aşaklap gaýtsam,

Seň ysyňmyş, gülüň ysydyr öýtsem,

Bägül ysy gelýän boýnuňdan öpsem,

Bu dünýäde, menden bagtly tapylmaz.


Bägül ysy kükän boýnuňdan öpüp,

Seň öňüňde goşa dyzymy epip,

Öpsem men näzijek elleňden tutup,

Bu dünýäde, menden bagtly tapylmaz.


Şondan soň razy men, gitsemde ýitip,

Razy öläýsemde ajalym ýetip,

Topragmyň üstünde aglasaň ýatyp,

Bu dünýäde, menden bagtly tapylmaz.

(Iki dünýä, menden bagtly tapylmaz.)


Baýramgeldi Täçmyradow

15
91
2580
11.07.2023 20:12

Ýene bir gün durmuşyňdan gädildi

Bir günüň azaldy galan ömrüňden

Ýenede geljege ädim ädildi

Bir ädim daşlaşyp ýaşlyk döwrüňden...

12
53
2580
10.07.2023 04:33

SOŇLANMADYK SETIRLERDEN


Köp kişini tanamaly dünýäde

Ýarsynyň ýaryny söýmeli olaň

Hijisine ynanmaly däl asla

Ine bu durmuşyň kanuny bulam...


Baýramgeldi TÄÇMYRADOW

15
96
2580
08.07.2023 03:23

SOŇLANMADYK SETIRLERDEN


Mensizligi arzuw edip gezerdiň

Nesip etdi saňa mensiz ýaşaýyş

Gutlaýaryn mensizligi gazandyň

Nesip etsin indi mensiz ýaşaýyş...


Baýramgeldi TÄÇMYRADOW

13
127
2580
03.07.2023 21:21

SOŇLANMADYK SETIRLERDEN


Maňa bu ýürek gerek däl

Özüň bilen alyp git sen

Deregne hiç zat gerek däl

Diňe bagtly bolup git sen...


Bagt HOJAMYRADOW

15
100
2580
02.07.2023 01:29

GARŞY ÇYKYLAN SÖÝGI

(Degişme)


Meniň munda göwün beren ýarym bar ,

Emma öýdäkiler garşy bu söýgä.

Olam meni, meniň ýaly halaýar.

Biziň bir-biregi sulhumyz alýa,

Ýöne öýdäkiler garşy bu söýgä.


Ýaplanyp ýatardym ýumşak gujaga,

Şol ýaplanyp ýatmam kän zada degýä.

Käte alyp oturardym gujaga,

Meň ýüregim diňe şol diýip urýa,

Arman öýdäkiler garşy bu söýgä.


Öýerjek diýýärler goňşy gözele,

Düşünmeýär olar bu täsin duýga.

Ynanyp bilemok men öz gözüme,

Ýarymyň bardygyn olama bilýä,

Wah garşy ekeni olam bu söýgä.


Men nädeýin täleýime ýazlypdyr,

Biwepa bolmaklyk ilkinji söýgä.

Senem düşün ahyr bu bir ýazgytdyr,

Kysmatdyr düşmeklik tükenmez gaýga,

Biziň öýdäkiler garşy bu söýgä.


Nesip bolsa toýdan soňra duşarys,

Indi görüp bilmen diýip aglama.

Gündiz bolmaz, gijelerne görşeris,

Sebäp hemme kişi garşy bu söýgä,

Hoş gal sen 'Ýassygym' ýaryň öýlenýä.


Bagt HOJAMYRADOW

16
151
2580
01.07.2023 00:44

Seni görsem söýen ýüregim joşar,

Söýýärin men seni, klasdaş gözel.

Adyň ýüregimde ömürlik ýaşar,

Söýýärin men seni, klasdaş gözel.


Näz edýärsiň assa basyp, uz ýöräp,

Göz astyndan maňa ogrynja garap,

Näziňden doýmaryn, çekerin, sebäp,

Söýýärin men seni, klasdaş gözel.


Obamyzda açylan bir ter gülsüň,

Dünýä nur çaýylýar ýylgyryp gülseň,

Saňa bolan söýgün  bir duýup bilseň,

Söýýärin men seni, klasdaş gözel.


Söýdüm seni ençe güllerden saýlap,

Gezýärin hyýalda, oýumda oýlap,

Arzuwym seň bilen bagt toýun toýlap,

Bile bagta ýetsem, klasdaş gözel.

Söýýärin men seni, klasdaş gözel.


Bagt HOJAMYRADOW

12
118