GEDEM GYZ
Nowgül çagyň söýüp seni ýürekden,
Aşyk boldum ömre bagt gatan gyz.
Boýdaşlaryň başy bogulýar kem-kem,
Aşyk oglan urýar saňa gadam gyz,
Tekepbirlik etmesene gedem gyz.
Nesibe diýýärsiň, söz aýtsam saňa,
Agşam düýşde görýän pikirden ýaňa,
Bilmedim nesibäň galarmy maňa,
Aşyk oglan urýar saňa gadam gyz,
Tekepbirlik etmesene gedem gyz.
Nesibedir diýip gitmeziň ýaly,
Aşyk gözlerimden ýitmeziň ýaly,
Bagtyň özge bilen çatmazyň ýaly,
Aşyk oglan urýar saňa gadam gyz,
Tekepbirlik etmesene gedem gyz.
Baýramgeldi TÄÇMYRADOW