Ykbalyň oýnuna aldanan ýürek,
Durmuşdan doýan deý, nalaýar indi.
Ol gara gözlere awlanan garak,
Ajy gözýaş döküp, aglaýar indi.
Sagadyny sanap geçip dur günler,
Sypaýandyr, şamar saçlaryn ýeller,
Saçynyň taryna degmedik eller,
Alaçsyz, "hoş" diýip, galgaýar indi.
"Ýene gaýdyp geler" diýip ýanyma,
Umytly göz bilen garap ýoluna,
Oturýaryn, hergiz salyp aňyma,
Ýatlamalar göwnüm, çaglaýar indi.
Bolmandy köp wagt aýralyk güne,
Henizem ýadymda, şol gün, şol sene,
Näçe islesemde, ýaraşmak ýene
Ol günleri dolap, bolmaýar indi.
Bilmedim nirede, kim onuň bagty,
Haýsy nesibeli bolarka bagtly,
Juwan göwnüň, gülüp gezmeli wagty,
Ýürek öz-özüni, daglaýar indi.
Aýtýarlar ol hakda, ýalandan, çyndan,
Eştýärin il-günden, ilen-çalandan,
Unutsada meni, söýýärin çenden,
Arman, özgä bagtyn baglaýar indi.
Munda gözüm ýetdi, bir zada bu gün,
Süýtde agzy bişen, üflärmiş suwun,
Bir gezek ýalňyşyp, aldanan göwün,
Ykbalyň oýnuny, aňlaýar indi.