NÄTANYŞ GÖZEL
(Ýarym degişme)
Okuwdan soň bardym öňki duralga
Öz özüme diýip indibir düzel
Şol pursat gözlerim düşdi bir gyza
Meni maýyl etdi nätanyş gözel.
Bilmedim adyny, özi nireden
Parhy näme, ol gyz şeýle owadan
Sönen ýüregimi ýakdy ýaňadan
Meni maýyl etdi nätanyş gözel.
Nirä gitjegini sorajak boldum
Birden awtobusyň gelýänin gördüm
Bolşundan ol gyzyň münjegni duýdum
Meni maýyl etdi nätanyş gözel.
On üçlik geldide durdy öňümde
Indi ykbal aty meň öz elimde
Wah aýtjak sözlerim galdy dilimde
Meni maýyl etdi nätanyş gözel.
Duralgada durka saçlaryn darap
Awtobusa mündi uz basyp ýöräp
Göz astyndan maňa ogrynja garap
Meni maýyl etdi nätanyş gözel.
Awtobusa mündük yzly-yzyna
Ol birinji münüp bakdy yzyna
Gözlerim düşende gara gözüne.
Meni maýyl etdi nätanyş gözel
Ol gyz münüp durdy agzynda gapyň
Menem münüp durdum ol gyza ýakyn
Gözlerim doýmady şol gyza bakyn
Geni maýyl etdi nätanyş gözel.
Salam berdim salamymy almady
Tanyşjakdym tanyşlygym bolmady
Ol gyz maňa asla ýüzem bermedi
Meni maýyl etdi nätanyş gözel.
Içimden oýladym belki ýary bar
Öýmesä ýok, bilmen belki äri bar
Şeýle gözel ýaradypdyr Biribar
Meni maýyl etdi nätanyş gözel.
Şeýle pikir bilen barýardym dymyp
Düşmeli ýerime ýetemde baryp
Awtobusdan düşmän galypdym doňup
Meni maýyl etdi nätanyş gözel.
Düşüp bilmän awtobusyň agzyndan
Geçip bilmän şol gözeliň näzinden
Gitdim awtobusly onuň yzyndan
Meni maýyl etdi nätanyş gözel.
Barmaly ýerimiz şeýle çet eken
Bir gyz diýip okuw çykdy kelleden
Bilmedim duşanym gülmi ýa tiken
Meni maýyl etdi nätanyş gözel.
Geldik ol gözeliň düşmeli ýerne
Hiç zat ýok seretsem daş töweregme
Biziň ikijigmiz düşüpdik diňe
Meni maýyl etdi nätanyş gözel.
Awtobus ýöräpdi düşürip bizi
Soragly bakýardy ol gyzyň gözi
Birden sorag berip dillendi özi
Meni maýyl eden nätanyş gözel.
Sorady "name üçin meň bilen düşdüň?"
Jogap berdim "seniň yşgyňa düşdüm"
Seň yşgyňa düşüp bir goşgy goşdum
Meni maýyl etdiň nätanyş gözel.
Sözüm soňlamankam sözümi kesdi
Soňra çyny bilen güldi ep-esli
Ýylgyrşy açylan bägül deý misli
Meni maýyl etdi nätanyş gözel.
Gülki soňlanmaka bir ses eşdildi
Biziň garşymyza bir maşyn geldi
Gülküsini goýup maşyna eňdi
Meni maýyl eden nätanyş gözel.
Gelen ol gözeliň söýeni eken
Gitdi ýüregime çümdürip tiken
Ýenede men boldum yşk ýükün çeken
Meni däli etdi nätanyş gözel.
Galdym ortasynda bir uly ýoluň
Maşynda ýazykdy "bagtly boluň!"
Yzlarynda galdym gowşuryp golum
Muňa kaýyl etdi nätanyş gözel.
Bu zatlaryň neneň bolanyn bilmän
Oturdym ep-esli özüme gelmän
Ahyr bildim, aýtsam üstümden gülmäň
Meni maýyl etdi nätanyş gözel.
Asyl ol gyz özgä gaçan ekeni
Gaçyp öz bagtyny açan ekeni
Meniň göwnüm gökde uçan ekeni
Meni maýyl etdi nätanyş gözel.