2580
26.07.2023 15:59

Men seniň garaja gözlerňi söýdüm,

Gözleriňde, bu giň dünýäni gördüm,

Ýöne welin, saňa söz aýdyp bilmän,

Şol seniň daşyňdan guwandym ýördüm.


Men seniň mylaýym sözlerňi söýdüm,

Ýakymlyja sesiň, ýüregme guýdum,

Diňlemedi kalbym, senden özgäni,

Bir seni diňledim, bir saňa uýdum.


Men seniň edýänje näzlerňi söýdüm,

Näzleriňde mähir, söýgüni duýdum,

Näziň çekip, göwnüň almak isledim

Onuň ýerne, men öz ýüregmi goýdum.


Men seniň şar gara saçlarňy söýdüm,

Şamar saçlaryňy, ýaýyşyň söýdüm,

Hyýalymda seniň zülpleriň darap,

Saçyň her taryna bir çemen bogdum.


Men seniň uzynja boýlarňy söýdüm,

Söýgim beýan edip ýazýaryn aýdym,

Ýazdym, ýene ýazýan, ýazaryn ýene

Elimde galamym, dilimde adyň.


Men seniň gyrmyzy lebleriň söýdüm,

Seniň şirin-şeker dilleriň söýdüm,

Söýdüm ýaňaklarňy, aý deý ýüzüňi,

Çeper keşde çeken elleriň söýdüm.


Men seniň owadan ýüregiň söýdüm,

Söýüp, söýgiň otly köýnegin geýdim

Ne men söýgüm aýtdym, ne-de sen duýduň,

Duýmasaňda meni, men seni söýdüm.

18
82
gulshatayewa97
26 Iýul 2023
@wolf, Erbet bolmajak ýaly
aikamm
26 Iýul 2023
Wow gowy gosgy
wolf
26 Iýul 2023
Şu goşgyny gowja aýdym edip bolmazmyka 😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.