2580
02.08.2023 01:14

Şeýle bir gün geler, söýmerin menem

Edil seniň meni söýmeýşiň ýaly,

Şeýle bir gün geler, şol gün gelende

Söýmerin men seni isleýşiň ýaly.


Söýmerin men seni, meni söýseňde

Duýmaryn söýgüňi, duýaý diýseňde

Görmerin men seni, görünmen saňa

Meni görmek isläp batsaňda gama


Undaryn hem asla ýatlaman seni,

Alýan bolaýsamda sen diýip demi,

Şeýle bir gün geler, demem gerekmez

Sen näçe söýseňde, senem gerekmez


Belki-de söýmersiň meni ýenede

Ýigrenersiň, öňkiden has beterräk

Belki söýersiň sen, söýgi saňada

Derdin berer, gidersiň has beterläp.


Şeýle bir gün geler, söýmerin seni

Şeýle bir gün geler, duýmaryn seni

Şeýle bir gün geler, görmerin seni

Şeýle bir gün geler, undaryn seni


Şeýle bir gün geler, şol gün gelende

Söýmen, duýman, görmen, undaryn diýip

Aýdan sözlerime düşünersiň sen

Şonda galarsyň sen bar zady bilip


Hemem galarsyň sen göz ýaşly aglap

Gözýaşlaryň bilen kalbyňy daglap

Birje görmek isläp gözlärsiň meni

Bir seni söýýäni, şol güne çenli.


Gözlärsiň bakyp sen asmana sary,

Bolsada al asman bir boşluk mawy,

Tapmarsyň gojaman ýeriň ýüzünde,

Ýataryn bir topbak toprak düzünde.


Şeýle bir gün geler, menem söýmerin,

Islesemde söýüp bilmerin seni,

Söýmerin men seni, şeýle gün geler

Söýeýin men seni şol güne çenli.

22
163
milasxka
2 Awgust 2023
@2580, hova 🤍
2580
2 Awgust 2023
@milasxka, gowy hudaýa şükür siz gowmysyňyz
milasxka
2 Awgust 2023
@2580, salam goumy 🤍
2580
2 Awgust 2023
@milasxka, salam söýgi söhbetine hoş geldiňiz..
milasxka
2 Awgust 2023
Salam hemma
2580
2 Awgust 2023
@Imissyou, sagbol dos minnetdar 👍 söýgi senem şeýdip 😜 taşlan bolsa onda dertdeş ekeniga 😂
2580
2 Awgust 2023
@Imissyou, Söýdüm hemmeler deý söýgä ynandym, Söýgi meniň gözlerimi ýaşlady, Öňler menem bir enaýy oglandym, Ynha söýgi meni şeýdip taşlady 😜😍😝😘
2580
2 Awgust 2023
@ayuada, 'hemme ýerde söýgi' 'ýenede söýgi' söýgüden beýle zeýrenmäň eger söýmäni başarmaýan bolsaňyz iň bolmanda söýülmani biliň söýýänlere böwet bolmaň gowja serediň durmuşuňyzda sizi söýýän adamlar hökman bardyr...
2580
2 Awgust 2023
@aicha, hawa islege bagly däl ertir geljekmi ýada soň soňlar geljekmi bellem däl şoň üçinem şol gün gelinça şoňa garaşyp ýörmäliň söýeliň. söýülmek üçin däl söýmek üçin söýgümiz üçin söýeliň ynsan söýdügiçe söýgüsi artýar, edil oduň naçe tutaşdygyça şonça ulalyşy ýaly...
ayuada
2 Awgust 2023
Hemme yerde soygi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.