Synlap meniň yşga düşüp ýörşümi,
Boýun egýän ýaly, uly bir güýje,
Ýyldyrym çakdyryp, guýup ýagşyny,
Asman gözýaş dökýär, hasratly gije.
Yşga salyp, oýun guran ykbalym,
Çekdirdikä maňa nähili bije,
Asman gözýaş dökýär, görüp meň halym,
Zeminem çygjarýar, hasratly gije.
Bilmedim, bijämde utuldymmy men,
Ýada oýnamakda, galdymmy gijä,
Ýyldyrym çakyp dur, ýagtyldyp ýeri,
Göýä gündiz deýin hasratly gije.
Ýylgyrdy, bir pursat ýyldyrym deýin,
Şol ýylgyryş üçin öwrüldim 'hije',
Ýagtylypdy bu garaňky dünýäm meň,
Soň ýene dolandy, hasratly gije.
Birje gülüşine ýagtylan dünýäm,
Arzuw etdiripdi, bolmak bileje,
Senli arzuw bilen ýüregmi dilýän,
Gaýgy-gamdan doly, hasratly gije.
Ýyldyzlara garap, eden arzuwlam,
Hemmesi öwrülip barýarlar keje,
Arzuwlarmy hasyl etjek ýyldyzlaň,
Hiç biri görnenok, hasratly gije
Aýam görünmeýär, ýyldyzlar bilen
Uly ýyldyzlaram bolmaly nije,
Boşapdyr, tüm gara bulutly asman,
Meni ýalňyz goýup, hasratly gije.
Aý ýyldyzsyz, asman, zemin gyýylýar,
Diňe sen begenýäň, bu hala birje
Ýer, asmanyň, gözýaşlary duýulýar,
Meňki duýulmaýar, hasratly gije.
Söýüp, ýalňyz galan ýüregme dözmän,
Saňa goşgy ýazdym men ýarygije,
Ýene başarmadym, sen hakda ýazman,
Adyna goýsamda, "Hasratly gije".
Hawa, dogry, ýazdym ýene sen hakda,
Adyň bolmasada, sen bar diňeje,
Sen bolduň kalbymda ýitip giden Aý,
Menem Aýsyz galan, hasratly gije.