2580
06.08.2023 00:41

Bu gün ýüregime erkim ýok meniň,

Ene, ýene seni göresim gelýär.

Düýşümde görsemde keşbiňi seniň,

Ene, ýene seni göresim gelýär.


Mährem keşbiň, göz öňüme getirsem,

Ýüzüm, ýalanjykdan, ýylgyryp gülýär.

Ýüregime kine alyp otyrsam,

Ene, ýene seni göresim gelýär.


Ýada salsam ýoklygyňy jahanda,

Gözüm ýaşa dolýar, bagrym dilinýär.

Kalbym mähir küýsän wagty haçanda,

Ene, ýene seni göresim gelýär.


Seniň ýoklugyňy boýun alsamda,

Suratyňy görsem içim ýylynýar.

Indi gaýdyp gelmejegňi bilsemde,

Ene, ýene seni göresim gelýär.


Ýüregmi gysdyrýar, sensiz ýaşaýyş,

Muny bile-bile ýürek elenýär.

Munda aýralykdan ýok eken gaçyş,

Ene, ýene seni göresim gelýär.


Bu dünýäden baky ýümdüň gözüňi,

Diýip şahyr balaň gyzahyny sözlär.

Aňda janlandyryp nurly ýüzüňi,

Ene, ýene seni göresim gelýär.

17
56
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.