KAKA, ÝENE ÝÜZ MANATJYK BERSENE...
(Talybyň kakasyndan pul sorap aýdan sözlerinden)
Kaka, ýene ýüz manatjyk bersene,
Öňki bereniňi sowundym eýýäm,
Sen diýseňde: "Azyrajyk sowagör"
"Bolýa" diýip, ýele sogurdym eýýäm.
Kaka, ýene ýüz manatjyk bersene,
Indi tygşytlyja sowaryn hökman,
Soňra senden pul soraman bir aýlap,
Eger, galan pulum almasa dekan.
Kaka, ýene ýüz manatjyk bersene,
Biraz gerek zatlam bardy almaly,
Hemmesini özüm sowammok ahyr,
Munda okuwyňam paýy bolmaly.
Okuw, talyplaryň ýaşaýyş jaýy,
Okuwdan daşaram çykyp dur ýene,
Dogry, size pul gazanmak aňsat däl,
Men bolsa sowýaryn, ekýän deý ýere.
Ýöne, gury ýere sowamoga pul,
Okuwma bermeli onuň ýarsyna,
Galanja pulmada iýip içerin
Kaka, ýene ýüz manatjyk bersene.
BGT