2580
21.09.2023 00:31

KAKAŇ BOLMASA!


Bu durmuşda, bagtly güne barmak kyn,

Öňüňde ýol boljak, kakaň bolmasa!

Dört aýakdan, iki aýaga galmak kyn,

Çagakaň gol boljak, kakaň bolmasa!


Mydam bir zat kemter ýaly ýaşarsyň,

Eginleňde eklenç ýükün daşarsyň,

Tomusda gaýnarsyň, gyşda üşärsiň,

Kömür deý çog boljak, kakaň bolmasa!


Çagalygyň geçer gider oýunsyz,

Ykbal atly agylda bir goýunsyň,

Bu durmuşyň girdabyna boýunsyň,

Bal bilen ýag boljak, kakaň bolmasa!


Bu durmuş aňsat däl, örän kyn eken,

Käbir tanyşlaňdan, ýat ýakyn eken,

Gün deýin gowuryp, ýakýan kän eken,

Saýaly bag boljak, kakaň bolmasa!


Sözlerim soňlaýyn öte gitmesin,

Kakasyzlyk kimsä nesip etmesin,

Diňe bir ýetim däl, mydam ýekesiň,

Arkaňda dag boljak, kakaň bolmasa!


BGT

17
80
zumerret_
3 Sentýabr 2024
Hic wagtam yetimin yanynda oz caganyzyn başyny sypalaman. Eger seydayseniz Ol yetime beren in agyr jebir suteminiz bolar 😔
gulnura
4 Oktýabr 2023
😔
fasat
21 Sentýabr 2023
@12445, klasdaş ekenige😜
fasat
21 Sentýabr 2023
@12445, haýysşt dogryňyzy aýdyň,sizem ulurak gerek?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.