2580
10.10.2023 08:14

Diňle meni, saňa aýtjak sözüm bar,

Men seni bir ömür unudyp bilmen.

Haýyş!

Maňa:

"Meni unut" diýme ýar,

Sebäbi men seni unudyp bilmen.


Sen menden daşlaşdyň arany açyp,

Sebabin aýdaýda, dözdüň sen niçik,

Näçe uzaklara gitseňde gaçyp,

Barybir men seni  unudyp bilmen.


Seni unutmaklyk islämok özüm,

Isläýsem-de, tutup bilmerin sözüm,

Ähli zada anyk ýetip dur gözüm,

Men seni hiç haçan unudyp bilmen.

20
155
2580
10 Oktýabr 2023
2580
10 Oktýabr 2023
@eziz03, ýagdaýa diňe öz tarapyňdan seretmeda dos birazajyk oň tarapyndanam garada oň ýerine özüňi goýup gör sen häzir başga biri üçin öz ejeňden geçermiň?
2580
10 Oktýabr 2023
@mawy, 👍
2580
10 Oktýabr 2023
@eziz03, öwgiňiz üçin sagbolyň minnetdar eger söýgiliňiz sizi taşlap giden bolsa onda siz meni diňlemäň hiç kimem diňlemäň diňe öz ýüregiňizi diňläň ol git diýse onda siziň ony çyndanam söýýändigiňiz gidiň yzyndan gitme diýan bolsa onda siz ony söýen dälsiňiz yzyndan gidip otyrmaň...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.