Bazygär ýeri däl yşgyň meýdany
Munda käte otly köýnek geýmeli
Aklym haýran eden niçik söwda bu
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli
Bir pursatlyk bu dünýäni gülleden
Göz öňümde galdy elwan öýmeli
Ömür ýatlamadan çykyp bilmedim
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli
Erkiň gidip demiň deme gelende
Edebi eşretden öňde goýmaly
Söýgi päk bolanda galar belende
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli
Biri diýdi sen bolmasaň senem jan
Häzirki gyzlara şeýle diýmeli
Söýgini ownatsaň aşyklar ynjar
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli
Söýgi hasap bilen diýdi bir gelin
Eýýäm gelejegiň gamyn iýmeli
Yşgym bilen oýun etme dur gözel
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli
Ýogsa oň çekmeli azaby bardyr
Hem guzaby bardyr ýanyp köýmeli
Ýürekden söýýäne mähirdir nurdyr
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli
Söýgi Allaň adamlara peşgeşi
Manysyzdyr başarmasaň duýmagy
Meniňem ýaşlara etjek haýyşym
Eger söýjek bolsaň çymdan söýmeli.