2580
04.09.2023 08:14

SOŇLANMADYK SETIRLERDEN


***1***

Yşgyň derdi ezýär ejiz ýüregi

Bu zatlaryň sebäpkäri dünýe däl

Awara durnalar bezeýär gögi

Awara men ýöne welin durna däl...


***2***

Tygşytlaýda menem, ekenomçy gyz

Tygşytlaýşyň ýaly her bir manady

Göýä dynaýjak deý, belli bolmadyk,

Bu ömrümiň, aýy, güni, sagady...


***3***

Ýene-de güýz geldi ýaprak saralyp

Olam geçer gider günler sanalyp

Ýöne ara düşen zalym aýralyk

Soňlanmaz güýz deýin, gitmez sowrulyp...


***4***

Gidirdim erkimi, aldyrdym elden

Salamym ýollaýan öwüsýän ýelden

Dymma, sowalyma jogap ber, dillen

Meni söýýäňmi ýa söýen bolýaňmy?!...


***5***

Durmuş mekdebinde söýgi dersinden

Meň ilkinji alan baham ikidi

Sebäbi ýürekden söýen gözelim

Söýýän diýip maňa ikilik etdi...


B.G.T

17
66
2580
4 Sentýabr 2023
spokkiyew
4 Sentýabr 2023
👉❤🙋‍♂️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.