LEBABYŇ GÖZELI, ÄRSARY GYZY
Name diýip wasp etsemkäm men seni,
Gül keşbiň ýatladar bahary-ýazy,
Husnuň bilen bezeýäň bu dünýäni,
Lebabyň gözeli, Ärsary gyzy.
Gözleriň gülüp dur, mydam şadyýan,
Kirpikleň ok deýin, gaşlaryň keman,
Badam gabaklaryň bar mahy-taban,
Lebabyň gözeli, Ärsary gyzy.
Inçe bilden geçer, şamar saçlaryň,
Gül ysyn ýaýradar degre daşlaryň,
Pisse dodaklarňy dişlär dişleriň,
Lebabyň gözeli, Ärsary gyzy.
Assadan näz atyp, messan gezer sen,
Telbe bolan ýigitlere dözer sen,
Nazenin sen, şirin sözli gözel sen,
Lebabyň gözeli, Ärsary gyzy.
Görküň deýin gözel bolsun bagtyň:da,
Gözellikler duýulýandyr adyňda,
Kalbyňdaky bolsun mydam alnyňda,
Lebabyň gözeli, Ärsary gyzy.