DILEG
Geçmiş bilen aldap bolmaz geljegi,
Geljek bilen dolap bolmaz geçeni
Geljek-de geçmişde galmazym ýaly,
Eziz Allam uzak ýaşat ejemi.
Goý jany sag bolsun, uzasyn ömri,
Geçmez ýaly menden çagalyk döwri,
Mende galar ýaly çaganyň göwni,
Eziz Allam uzak ýaşat ejemi.
Ýyllar maňlaýyna salmasyn gasyn,
Bili bükülmesin, bolup bir gysym,
Gezer ýaly bizi bagryna basyp,
Eziz Allam uzak ýaşat ejemi.
Ýaza öwürmäge aňzak gyşymy,
Mydam goldap, goramaga daşymy,
Gamgyn wagtym sypar ýaly başymy,
Eziz Allam uzak ýaşat ejemi.
Kadyr Allam, Senden kändir dilegim,
Ýalbarýaryn, edip ulusyn dilegiň,
Söýer ýaly agtyk, çowluk, gowlugyn
Eziz Allam uzak ýaşat ejemi.
Baýramgeldi TÄÇMYRADOW