2580
03.04.2024 12:32
BAGYŞLAŇ, BIZ TANYŞMY?


"Bagyşlaň, biz tanyşmy?"

bu soragy

Geňlemegin, eger bir gün duşaýsak

Ykbal ýodalary kesişip käte

Çatrygynda,

-Salam!

-Salam!

diýşäýsek.


Gaýta senem tanamadyk bolup gez

"Salam" diýde, geçip git meň deňimden

Ýagdaýymy sorajagam bolma sen

Başarsaňa, çykmajak bol öňümden.


Ýöne, durmuş  atly öwrümli ýollar

Bilýän, ýene, hökman duşurar bizi

Şol duşuşyk nirde, niçik bolsa-da

Görmedik bolaly bir-birimizi


Sebäbi men seni unutmak üçin

Kän örtendim, özelendim dünýede

Ýadyňdamy, muny özüň isläpdiň

Indi "Neçün, unudypsyň" diýmedä


Näme sensiz oňup bilmen öýtdüňmi?

Synla indi meniň sensiz oňşumy

Geňlemegin, eger bir gün duşaýsak

Diýenimde:

"Bagyşlaň, biz tanyşmy?"


Baýramgeldi TÄÇMYRADOW
20
129
2580
3 Aprel 2024
@gulshatayewa97, owadan setirler eken 👍
gulshatayewa97
3 Aprel 2024
Gozgamaýyn diýip ýürek derdimi, Sataşjak ýerleňden sowulyp geçdim
sabyrly
3 Aprel 2024
👍
sabyrly
3 Aprel 2024
👍
flowers_
3 Aprel 2024
💜
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.