0878
03.08.2024 21:12
Häzirki wagt. Gyz: -Men seni ýigrenýän! Men: -Näme üçin, sebäbi näme? Gyz: -Bilemok, men seniñ ýüzüñem göresim gelenok.
Seni ýigrenşim ýaly adam ýigrenip görmändim. Seni söýemok. Meni günüme goý. Men adagly...
Iki ýyl mundan öñ...
2011-nji ýylyñ oktýabr aýlary. Men ony internetden tapypdym. Suratyny gören badyma söýdim. We oña hat ýazmaga başladym:
-Salam bala!
-Salam!
-Adyñ näme?
-Näme göreñokmy ýazyk dura.
-Adyñ Olýamy?
-Hawa.
Şeýlelik bilen biziñ tanyşlygmyz dowam etdi. Men ondan söýgülsiniñ barlygny soradym. "Ýok" diýende gaty begendim we ony yrmaga başladym. Bir aý çemesi ýalbardym. Ahyry maksadyma ýetdim. El nomerni aldym, jañ etdim gürleşdik. Ýöne bir gynanýan zadymyz aýralykdy. Ol Daşoguzda ýaşaýardy, men bolsa Aşgabatda. Ony şeýlebir söýdim. Olam maña öwrenşip meni has söýip başlady. Günümiziñ köp wagtyny telefonda gürleşip geçirýärdik. Aýralyk bizi gaty gynaýardy. Ol telefonda "Seni gaty göresim gelýä janym" diýip aglaýardy. Meniñ şonda ýüregim gyýym-gyýym bolýardy. Meniñem ony gaty göresim gelýärdi. Aradan bäş aý geçipdi. Garyndaşlarymyzdan biriniñ toýy bardy. Menem toýy bahanalap ejeme "Menem gitjek" diýdim. Bardyk. Daşoguzyñ wokzalynda ilkinji gezek söwer ýarymy gördim. Üç sagat durupdyrys. Ýöne üç sagat biziñ üçin birnäçe minutjyk ýaly bolup görnipdi. Ahyry aýyrlyşmaly pursadymyz gelende gözüme ýaş aýlandy. Söýgülim muny duýup, "Goýsana aglama, ýene nesip etse görşeris" diýdi. Biz Aşgabada ugradyk. Ýene öñkiler ýaly telefonda gürleşýärdik. Men bir gün pul ýygnap başladym. Sebäbi söýgülimi görmäge Daşoguza gitmek üçin. Agenstwodan bir güne gidişin-gaýdyşyn bilet alyp gitdim Daşoguza. Baryp söýgülimi gördim. Aýyrlyşmaly pursat ýene geldi. Biziñ esasy gürrüñimiz diñe geljek hakyndady, arzuwlardy.
Mekdebi tamamladyk. Ikimizem okuwa tabşyrdyk. Men synaglardan geçip bilmedim, a ol bolsa geçdi. Men şeýlebir begendim. Sebäbi söýgülim okuwa girdi we Aşgabatdady. Biziñ bagtymyz geldi. Köplenç görişýärdik. Men işe girdim. Indi bize alada eder ýaly üýtgeşik zat ýokdy. Ýöne meniñ esasy aladam ony çaltyrak özüme adaglamakdy. Men pul ýygnap başladym.
Onyñ doglan güni ýetip geldi. Men oña şo güniñ öñ ýany gije ýatman sagat 00:00-da gowy edip sms ýazypdym we ýatdym. Ertesi gün jañ etdim:
-Salam gülüm! Gowmy ýagdaýlañ? Doglan güniñ bilen janym!
Ol gaharly:
-Öýe joralam geldi agşam gürleşers
diýdi. Menem "Bolýa gülüm" diýip goýdym. Agşam jañ etdim:
-Giç ýagşy gülüm! Agşamky gutlap ýazan sms-im bardymy?
-Senden maña sms gelenok.
-Wi o nähili?! Men gije 12-de saña gutlap sms ýazdyma janym.
-Ýok gelenok.
-Bäh men ugradypdym. Bolýa täzeden ugradýan garaş.
Men täzeden ugratdym:
-Bardymy?
Ol göwünsiz:
-Hawa geldi sagbol.
Men:
-Näme meñ bilen it ýaly gürleşýäñaý, men bilip etmedimä.
Ol sözümi bölüp:
-Dur dur näme ýaly?
Men gaharly:
-It ýaly.
Ol:
-Bolupdyr diýip telefony goýdy. Şondan soñ gürleşdik bagyşlamagny soradym, etmedi. Men köp ýalbardym, etmedi. Soñam:
-Men seni bagyşlap ýadadym diýdi. (Biz öñem tersleşýädik, ýöne beýle kiçijik zat üçin şeýdip otyrmak dogry dälmikä diýýän.)
Men oña doglan gününe ýüzük sowgat alypdym. Ony gowşyrmaga uniwersitetiniñ umumy ýaşaýyş jaýyna baryp garaşdym, ahyry çykdy. Men oña ýüzügi berjek bolamda, almady "Gerek däl" diýdi. Halys almansoñ, ýerde goýup onyñ ýanyndan gaýtdym.
Soñ jañ etdim, eli zanýat boldy. Köp jañ etdim, ýöne şeýle bolup dur. Görip otyrsam ol meni "Черный список" (islenilmedik nomerleri jañ etmez ýaly edýän programma) programmada meni gara spisoga salyp goýupdyr. Men gaty köp ýalbardym. Öñler el telefonymyñ puly gürleşemde gidýän bolsa, indi sms-a köp gidip başlady. Pulymyñ gideni meni alada goýanokdy, esasy zat gülümiñ meni bagyşlamagydy. Öñler menden öýkelände, añary gitse üç gündi. Ýöne soñky ýagdaý iki aýa golaýlady. Söýgülimiñ özüni alyp barşy meñ göwnüme ýaranokdy.
Bir gün men onyñ okuwdan çykýan wagtyna golaý, umumy ýaşaýyş jaýyna gidýän duralgasyna baryp garaşdym. Ol göründi. Ony görenimde ýüregim urşyny üýtgetdi. Ol ýakynlanda men onyñ öñünden çykyp:
-Biz gürleşmeli diýdim. Ol gaharly:
-Men seniñ bilen gürleşemok diýdi.

Dowamy bar
11
109
0878
03.08.2024 15:47
Pajygaly waka:

Harkowyň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň birinde türkmen talybyny öldürdiler!
Harkowyň Milli Ykdysadyýet Uniwersitetynyň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň birinde türkmen talybyny öz otagynda pyçaklap öldüripdirler. Bu waka ýanwar aýynyň 14-ine bolup geçdi. Azim Hajymammedow, 24-ýaşynda... ol magistratura diplomyny alyp ýazda öýüne dolanmaklyga taýynlanyp ýören eken. Okuwynyň gutarmagyna az wagt galypdyr. Öýünde bolsa ene-atasy jigi-doganlary garaşýardy. Onyň kakasy Türkmenistanyň ministrlikleriniň birinde işleýär eken, ejesi bolsa prokuror.
Ukrainanyň hukuk goraýjy edaralary bu işi edenler barada, 20 ýaşly 3 sany Türkmenistanyň raýatlary– Hemra Ýegenberdiýew, Azat Jumabaýew we Maksat Hallyýew diýýärler. Olar jenaýat işini edip, jenaýatyň bolan ýerinde ýitipdirler. Häzirki wagtda gözlegde. Olary tutaýan ýagdaýlarynda olaryň günäsi boýunlaryna goýular we 10 ýyl azatlykdan mahrum ediler.
Oglanyň tanyşlarynyň aýtmyşyna görä, pyçaklanan wagty onyň arteriýa damaryna düşüp, tiz kömege garaşýançalar köp gan ýitiripdir, şol sebäpden tiz kömegiň işlgärleriniňem günäsiniň bardygyny aýdýarlar.
Azim barada aýdanlarynda, onyň gowy oglan bolandygy, hemmeler bilen dostlaşyp, sport bilen meşgullanyp, şeýle bir aktiw durmuşy alyp barnlygy barada aýdýarlar. Elbetde ol oglan öz ýanyna eýle-beýle adamlary göýberjek oglana däl eken, ýöne ykbal...
Bolan waka barada... jenaýat eden oglanlar wagtlaýynça (zaoçny görnüşde okaýan ekenler) Ukraina gelipdirler. Olaryň biri öňem türmede otyryp gören... Azim ilki olara bilen gürleşip düşündirip göýberipdir, emma olar munuň bilen çäklenmän, “aýagyny kesip gorkuzarys, hiç zat bolmaz” diýen pikir bilen edipdirler. Netijede üç sapar aýagyny kesýärler, üçünji saparda arteriýa damaryna düşýär (iň aşaky kesik), şondan soň Azim ilki özünden gidýär, jemi 4 sapar açylyp özünden gidýär, soňra aradan çykýar. 3 sany jenaýat edenler bolsa ýitýärler.
Şeýlelik bilen waka bolan umumy ýaşaýyş jaýynda traur boldy. Elbetde habar şol uniweryň ähli talyplaryny haýrana goýdy. Çünki bular ýaly zatlara hiç kim garaşmaýardy. Azimyň ene-atasyna jäň edenlerinde, “o nähili öldi? Biz oňa ýazda gelýär diýip garaşyp otyrys” diýip haýrana galypdyr. Bu jenaýaty eden oglanlar häzirki wagtda iň ýigrenji adamlar hasaplanýar. Olary tiz wagtda tutulmagyny hemmeler isleýärler, beýle adamlar azatlykda gezmeli däl.
Daşary ýurtda, öz ýurdyňdan gelen, öz Watanymyzyň raýatyny, ýat ýerlerde şeýle edäýmek bolarmy?! Elbetde deýýuslar aramyzda bar, ýöne ol derejede edäýmelem dälä. Jenaýaty eden oglanlar Azima güýçleriniň ýetmejigini bilip eden bolmaklaram ahmal. Ýöne Azim üçin özümem hatda gynandym. Ol barada dostlary kän zat aýdýarlar, çünki hemmeler bilenem dostlaşypdyr. Beýle güner düşer öýtmändirler. Öz otagynda ýeke özi otyran eken, şol mümkinçilikdenem 3 sany deýýus peýdalanypdyr.
11
71
0878
03.08.2024 00:48
dowamy

(bolan waka)

- Wah, wah doganjygym gör negünlere düşüpdir, ne ideg bar nede esewan, lagşyldap ýatan beden hiç zat duýanok, dilim tutyldy, şonda-da
- Gurban kaka, Gurban kaka meni tanaýaňmy? - diýdim. Lukman bolsa ol seni tanamaz ol şokda şu wagt, diýdide öz kabinetine ýör diýip alyp gaýtdy
lukman bilen gepleşip, näsaga lukmançylyk kömegiň barsyny etdik, indi musulmançylyk däp dessurmyza görä dil hat ýazyp berseň öýe äkidäýiň, etmeli goýmaly zatlarynyň we çagyrmaly adamlarňyzy çagyryberiň, - diýdi
lukmanyň ýanyndan zordan aglaman tiz kömek sorasam berermikä başlyk diýdim
- hawa berer, sorada äkit bärde kösenmesin, diýdi
Daş çykdym, aýagym aýagyma çolaşýar, zordan iki aýal doganymyñ ýanyna bardym, we indi näme edeli, gyzlaryň öýinden çykaralymy, erkek jigisi barka gyzlaryň öýi hem birhili özä, il gün näme diýer, iň gorkynç pikirler durmyşa geçip başlady we ýene Esene jaň edip iň bolmanda seniň öýiňden çykaraly soňky sadakalaryn bolsa bölüşeris, diýip ony zordan yrdyk
Ortanjy oglan doganym bolsa özi ýarawsyzdy we tazelikde gelin alansoň olara eltip boljak däldi
Biz şeýdip tiz kömek bilen Eseniň öýine eltdik.
Oba üýşdi, nasag iň soñky demde diňe gözi gapyda, birine garaşýan ýaly, il güni üýşürüp 25 ýyl mundan öň taşlap giden aýalyny we 5 sany çagasyny getirdik iň bolmanda Allaň haky üçin razy bol diýip aýdaýyň diýip, gaty agyr degýar eken doganmyzda günä bolansoň onyň maşgalasyn getirmek we razylaşdyrmak juda agyr, wah söz tapyp bolmaýar o ýagdaýdaky ýagdaýy
Agşama çenli jan berip bilmän ýatansoň molla getirip kyrk yasyn okatdylar ,razylaşmadyk bar bolsa gelip razylaşsyn Allaň haky üçin bendesin günäkärlemaň, ony ýolyndan saklamaň diýip molla aýdansoň kim galan bolsa dogan garyndaş, dost bar, goňşy golam bary bir birden girip çykdy
Doganjygym urnyp ýatyrdy, ýürek etmedi, ahyr men iň soňy hem öljek bolsa şu ýekeje asma menä şuňa goýjak iň bolmanda ýuregi bir kuwwatlansyn diýdim-de lukmandan soraman 0.9% S Natriň içine reboksin 10.00 + korglikon 2.0+Askorbinka 2.0+perestam 10.00 damara goýberip yzyndan pentoksifillini ýuwaşjadan onyň yzyndan goýberdim
Yarym sagatdan soň dem alyş tizligi azaldy, nasag gowşady we endamy garamtyl gögümtik renkden çala gyzardy
3-4 sagatdan soň nasag iňlap ýuwaşjadan gözini açdy, daş töwerege seredip başlady, ikinji asmany täzeden goýberdim.
Gije 9- lardan soň bolsa elini galgadyp ruçka soraýan ýaly doly özine geldi
Birinji ruçka bilen ýazan zady hem - hany ejem - wah doganjygym ejem ýogalanyna eýýam 11 ýyl bolda, biz ony nirden tapaly, ol bolsa diňe ejem, ejem, ýene ejem diýip söz ýazýardy
Indi biz näme edeli, doganlarym bary meni ýazgarýardy, ölüp barýan adamy yzyna dolap näme etjekdiň, sen asma goýmadyk bolsaň bu wagta ölerdi.
Men bolsa diňe aglaýardym, iň bolmanda baryňyz bilen hoşlaşmaga asmada sebap bolandyr ,men üýtgeşik zat uramok oňa diýip aglap ýeňjek bolýadym.
Ol gün geçdi, doganjygym towuk çorba iýdi, suw berseň içdi, ýöne ejemi bolsa ýazyp çagyryň diýýardi, barymyzy tanaýar ýöne geplap bilenokdy
Gaýtadan ýene urdym ukolyn, ol ukollaryň tasiri gowy netije berdi
Aradan üç gün geçdi, öýe baryp geleýin diýip öye gaýtdym.
Yzymda korpe doganym şu ejem, eken diýýar welin ejemden razylyk sorajak bolaýmasyn diýip ony maşyna ýüklap üç maşyn oglan alyp ejemiň ýatan öwülýäsine äkidipdirler, ýerinden gozgaýmaň, oturdaymañ ,towuk çorbadan başga zat beräýmäň ,diýip gaýtsamda şeýdipdirler
Soň Eseniň gürrüň bermegine görä Gurban kakamy ejem ýatan ýerine göterip eltseler ol uly ili bilen ejemiň guburynyň bagyrtlap aglapdyr we şo taýda hem çaşypdyr.
Ony maşyna ýükläp öýe getirip ýerine getirenine mähetdel doganjygym baky gözini ýumdy.
Men ýetişmedim we baryp jansyz ýatan göwresine özimi okladym, we men bilýadim, ejem gargyşy, ejem ahy seni ne günlere saldy, ýaşlyk etdiňiz ejemden razylyk almadyň, ejemi razy etmediň, ejem tabydynyň baş ujuny tutmadyň, gör seni nä güne saldy
11
75
0878
02.08.2024 15:30
(bolan waka)
Dogry o döwürler men 20 ýaşymdadym.
Orta mekdebi tamamlap, welaýatdaky lukmançylyk mekdebiň birinji ýyl talybydym.
Kakam pahyr birinji kursdakam aradan çykypdy.
Birinji kursyñ altynjy aýynda men hiç zatdan kösenmedim.
Bar kösençligim 26.04 aýdan soň başlapdy. Ejem işlanokdy, pensiýasy bardy.
Şo pul hem meni we jigim Aýtäji ,doganym Eseni eklemelidi.
Eseni kakam aradan çykansoň eklenjimiz ýok diýip bir ýarym aý öňürti gullyk etdi diýip düzeldip alyp gelipdik,ol ýaňy gullykdan gelensoň heniz işlanokdy.
Biz 9 dogandyk. 3- oglan 6 gyz. Iki oglan doganym öýlenen, gyzlaryň hem 4- i hem durmyşa çykandy. Öýde diňe iki gyz bir oglan we ejem bardy
Günlerde bir gün okuwdan ir boşap öýe barsam öýde ejem ýok, ol nirde diýip sorasam hassahanada diyip jigim jogap berdi.
Men hassahana ylgap diýen ýaly bardym. Baryp görsem ejem bir gyrada ýygyrlyp ýarym ýaş aglap ýatyr eken. Ejemiň şo göz ýaşy heniz hem göz öňümden gidenok.
- ejejan näme boldy, käbäm diýip gujakladym. Ol aglady, menem agladym
Soň ejem maňa iň uly agam Gurban bilen şu günden beýläk gepleşmejegime ant içdirdi, menem ejeme söz berdim. Ýöne
- ejejan ol uly agam kakam ýerinde otyran adam,näme boldy, gepleşmez ýaly! - diýip sorag berdim
Ejem:
Körpe doganym Esen bilen uly agam Gurban bir zadyň üstünde sene mene edişýär we gohlaryň soňy gyzyl ýumrukdan geçip eli armaturly körpe doganymy uly agam saýgylamaga başlaýar, demriň zarbyna çyrlaýan körpe doganym sesine ejem çykyp, urma çagany maýyp etýaň diýip iki doganym arasyna urşup durkalar girýär.
Gaharyna durup bilmedik uly agam ejeme sen bir goşylma diýip beýläk zyňyp göyberyär, ejem şonda-da doganym elindaki armatura ýapyşyp durka, uly agam gaharyna ejemiň içine iki gezek depýär we elindäki armatur bilen ejemi iki üç gezek gowy saýgylaýar.
Ejem özinden gitýär we hassahana düşýär. Ana şonda ejem uly agama "nan atly, sen pyýada bolarsyň emdiren ak süýdünden ant içýar, görjegiň diňe kösençlik ,sergezdançylyk, edeniň bergi, geýjegiň hem kepen bolsun-da hernä "-diýip uly agama gargaýar
Bizi hem hemmamizi şonyň bilen gepleşseňiz men sizden geçerin diýip bize hem gadagan etýär.
Wagt bolsa geçip durdy. Ejem görgüli şo wakadan soň diňe ukol bilen ýaşady.
Uly agam ykbaly şo wakadan soň 5- çagasyn, aýalyn, öýin taşlap obadan näbelli ýerlere çykyp gitdi. Ony gördüm diýýän hem bildim diýýän hem yok.Diriligine ýitdi.
Wagtyň geçmegi bilen ejem ony bagyşlady .ölmänkäm didaryn görsem diýip arzuw etdi. Ejem ýarawsyzdy. Çar ýandan habar ýolladyk, ejem ýaranok iň soňky demde seni görjek bolýar diýip, doňýürek gelmedi.
Ejem hem öz dünýasini täzeledi. Ejem aradan çykdy gel diýsek ondada gelmedi.
Tabydyny götermäge ogly barka keseki garyndaşlar ,ejemiň tabydyny götermeli boldy, ondada gelmedi
Ejemiň 3- i ,7-i 40-y ,6- aýlygy, ýyly boldy ondada gelmedi
Şeýdip ejemjan gözin açyp doganymyñ didaryny görmän aramyzdan sogurlyp gitdi .....
Ondan bäri 25- ýyl geçdi. 9- dogan hersiniň öz hojalygy, öz maşgalasy bar.
Menem lukmançylyk mekdebi gutaryp şäherde işe galypdym we gelnejemiň jigisine durmyşa çykdym. Doganlarym toý märeke bolaýmasa görmäge elim hem degenok
Uly agamyň bolsa şo diri ýitgi bolyp gidişi.
Ol indi 60- yň onyndan aldy. Pensiýasyn hem alýar. Bir ýerlerden indi ýygy ýygydan ady eşdip ugradym. Ýüzbe ýüz göresim gelýar, ejemi näme üçin razy etmedigni sorasym gelýärdi, ýöne bolaýýamy belli bir ýerde ýaşamansoň hiç gabatlaşyp bilemokdym
Bir gün öýde işden gelip nahar edip otyrkam el telefonyma jaň geldi, görsem aýal doganym aglap
- tizräjik geläýdä renimasiýa! - diýip jaňy goýdy
Men howsala düşüp yzyna aýladym
- nä näme boldy
- Gurbany paraliç kakypdyr, bir gapdaly tutyşlykgan çagşap dur ,duýanok
- bor häzir barýan, diýip edip otyran böregimden nahar termoza salyp, renimasiýa gitdim
Nahary iki aýal doganyma uzyn gün aç otyran bolsaňyz nahar ediniň men lukmany göreýin diÿip, öz işleýan hassahanam bolansoň näsagy ölmänkä ýekeje gezek göreýin diýip ýanyna girdim
- Wah, wah doganjygym gör negünlere düşüpdir,

dowamy bar
11
66
0878
02.08.2024 01:56
.. Satyn almak maksady bilen çörekçä gelenimde çörek ýokdy.
Köneden tanyş çörekçi dostum, çörek bişýänçä iki-üç minut garaşmalydygymy aýtdy.
Gapdalda duran oturgyja çökdüm. Şol pursat ýaşuly adamyň içeri girenine gözüm kaklyşdy.Köneje penjeginiň çep ýakasynyň aşagynda bir medal ýalpyldaýardy,ýöräninde iki ýana hallan atýardy. Ol salam bereninden soň çörekçiniň ýakynragyna süýşüp:
-Çöreklerimi alaýyn,ekizlerim ajygandyr,diýdi.
Çörekçi ýaşulynyň uzadan torbasyny alyp, üstünden gün aşany görnüp duran 4-5 sany çörek çykardy.
Men şol wagt eýýäm,oturan ornumy ýaşula berip, çörekçiniň alkymyna gelipdim. Çörekleriň käsiniň reňkem üýtgäpdir, saň-gaty bolupdyrÇörekçiden:
-Näme üçin täze çörege garaş diýmeýärsiň? Häzir bişýär diýdiň-ä?! Diýip soradym. Çörekçi:
-Köne çöregi özi isleýär, ol garyp adam. Köne çörekleri ýarym bahasyna berýän diýdi.
Çörekçiden bu adamyň kimdigini soradym. Ol ýaşulynyň uruş weteranydygyny, oguldyr-gelnini ulag heläkçiliginde ýitireninden bäri ekiz agtyklaryna seredýändigini,alýan pensiýasynyň güzeranyny dolandyrmaga ýetmeýändigini aýtdy.
Bu gürrüňlerden soň olara nebsim agyrdy, çörekçä:
- Ýetmeýän puluny men bereýin. Iň bolmanda bir gün täze çörek iýsinler,diýdim.
Çörekçi teklibimi kabul etdi. Biraz soňra köne çörekleri gapdala aýyryp, täze çörekleri torba saldy-da,çörekçi ýaşula ýüzlendi:
Bu gün nesibäň uly eken hajy aga, çagalar üçin saňa mele-myssyk nan berjek diýdi
Ýaşuly torbany begenç bilen garbap aldy-da çykalga tarap howlukdy, çykyp barýarka-da maňa öwrülip, şeýle ýüzlendi:
-Alla senden razy bolsun oglum! Bu gün olaryň doglan güni.
20
93
0878
01.08.2024 09:05
dowamy

bolan waka

5 ýylyň dowamynda aýrylmaz dost boldylar, ýöne söýgi sözin bir birine hem aýtmadylar
Myrat bir iki gezek synaşdam ýöne dostlygym hem ýiter öýtdüp, gorky howpuny basýardy
Gözel bolsa hiç hem aýdyp biljek daldi
Iň soňky hoşlaşyk güni Myradyň
- Gözelim men seni söýdüm, ýöne bu söýgi haçan döranini men bilemok, ýöne sensiz durmyş maňa agyr düşer, diýdi
Gözel bolsa
- nesibedir o zatlar, görerisda diýip bor hem diýmedi yok hem diýmedi
Myrat bilen Gözel hersi öz ýoly bilen gitdi.
Soň olar kawagt telefonda gepleşaýmese görşüp bilmediler
Ýöne Gözel hem Myrady halaýandygny duýýardy
Aradan ýyla golaý wagt geçdi.
Indi Gözeliň ejesi Gözeli çykarjaklygy barada oňa syzdyrdy. Gözeliň göwni welin Myratdady ýöne ejesiniň, janymdan eý görüp, ullandan balamy öz elim bilen öz islan ýerime bersem diýen sözini eşdip Gözel Myrat barada ejesine aýtmagy çekindi
Gözele bolsa aldygyna sawçylar gelýardi.
Olaryň içinden Gözeliň ejesi öz işdeşiniň aýal doganynyň ogly üçin Gözeli soranda ,şulara razylyk berdide otyryberdi
Ejesi welin Gözeliň yok diýmejegin bilýärdi
Ol guda bolnansoň telefon nomerin çalyşdy
Öýlenýan ýigit özi bilen gepleşjek diýende göwnemedi ,basym toýym boljak bolup durka nameüçin şu oglanlar howlykýarka, diýip pikir etdi
Toý sähedine çenli ol oglan bilen hiç gyzyklanmady.
Toý edýanine ynanyp bilenokdy
Bir gün öýde öz jaýynda otyrka gyz jigsi barjak ýigdiňi görjekmi, gelnejesi geldi, saňa surat goýup gitdi, diýdi
Gözel bolsa ýook göresim gelenok, maňa azar bermaň diýip gözine ýaş aýlady
Gyz jigsi elindäki suraty stolyň üstunde goýdyda çykyp gitdi
Ol gün geçdi. Ertesi irden otagyny ýygnap ýören Gözel stolyň üstundaki surata göz gytagy bilen seretdi we suraty gaty tanyş ýüz bolansoň, ýaman tanyşla diýip suraty eline aldyda, Waaaý Allajanlarym bu ýigit, bu ýigit ýaman Myrada meňzeşle diýip suraty alyp ejesiniň ýanyna gitdi
- eje bu surat kimiň suraty diýdi
- waý jan gyzym bu suratdaky ýigit seniň barmaly ýigdiň ahyry , ady Myrat, saňa ilki işdeş joramyň aýal doganynyň oglyna berjek diýen ýigimda şu,siziň sanlyja gunden toýuňyz boljak bolup dura,diýdi
Sen bolsa gökden düşen ýaly, oglan bilen gepleşjekdäl, görüşjekdäl diýip aýak dirediň durdyň
Gözel doňyp galdy, ol bu garaşylmadyk ýagdaýy name diýip atlandyrjagyn bilmedi
Ol Myradyň telefon belgisin alyp jaň etdi
— salam, Myrat bu senmi sen bilýardiňmi bu bolup ýören zatlary, diýdi
— hawa bilýardim
—onda nameüçin aýtmadyň
- men jaň edemde sen jaňymy almadyň, soň öziň jaň edersiň öýtdüm,diýdi
— Nämeeeeeeeeee men bolsa özgaň gujagyna nadip öwrenşermikam diýip günde aglap ýatýadym
—wah balajygym,gülüm diýip,seni özgäň gujagyňa heýde men dözerinmi, diýip trupkaga ep- esli gürleşip trupkany goýdy
Gözel bolsa elinde barmaly ýigdiň suraty, ýöne bu gezek ol aglap durdy ýöne begençdendi,
Ol durmyşa çykýardy, özäm ejesiniň halan ýigdine,maňlaýyndan çykan ýigde boýun bolupdy
Ol şondada aglaýardy ýöne begençdendi .....
Goý ýaşlar bagtly bolsunlar
14
95
0878
31.07.2024 20:02
(bolan waka).

Gözel ilki günler internete girende onyň içine düşünmän kän gezdi.
Şahsyda gelýan hatlaryň hiçisine hem jogap berenokdy we onyň nädip ýazylýanyn hem düşünenokdy
Bu gün Gözel işlerin ir edip boldyda eline telefonyny alyp, bir çaşga kofeýani hem aldyda daşarda duran sallanjaga, arkasyna han ýassyk goýyp gowy ornaşdy.
Ol sallanjagyň üstünde Internetin açyp ,kim näme ýazdyka diýip bir laý göz aýlady
Onyň içine güýmenip otyrka oňa şahsy hat geldi
— salam
— salam
— siz bilen tanyşmak mümkinmi,men Myrat Balkandan
- men Gözel Änewden
- siz name edýaňiz
- menmi, aý internetime güýmenýan
- ýa ýazyşýanyň barmydy, ýa-da gepleşýan ýigdiň barmy?
— ýokla, ýöne okamak üçin giräýdim menä,kän düşunemogam
— özüm öwrederin, gaýgy etme Gözel.
- sagbol Myrat
Gözel Myrat bilen hat alşyp başlady.
Olar günde durli durli meseler boýunça pikir alyşýardy
Olaryň bar arzuwy şu ýyl yokary okuw jaýyna girmekdi, nesibämizde bizde-de okamak ýazylaýan bolsady diýip arzuw ederdiler
Bular bir birleri bilen telefon üsti bilen, aralygynda hat ýazşyp taýýarlanýan dersleri boýunça maslahatlaşýardylar
Şeýdip aradan 8 aý töweregi wagt geçdi.
Bular ýokary okuw jaýyna resminamalarny tabşyrmaga gidenlerinde, bir birimizi 8 aý bäri tanaýas ,şo taýda ýüzbe ýüz görşeli diýip dilleşdiler
Ýöne bularyň arzuwlary başa barmady ,okaryň hersi bir günde resminamalarny tabşyrmaly boldy we Gözel bilen Myrat ilkinji ekzamen göni bir birine gabat geldiler
Gözel Myrady beýle göz öňine getirenokdy.
Myrat uzyn boýly görmegeý ýigit eken.
Myrada näme Gözeli görüp göýä asmandan hüýr melekler ýere düşen ýaly Gözeliň ajaýyp keşbine ank bolup seredýardi.
Ol Gözeliň
- Myrat, meni masgara edýaňa oglan, daş töwerek doly adamdan beýdip açgözlilik bilen seretmäýdä, diýdi
Myrat özine geldi.
Ol birhili ýaýdanly.
Synag başlady.
Oňa ilki Myrat girdi, Myrat kän eglenmedi soň Gözel girdi welin hiç wagty bilen çykmady wah bilmeýan soragy düşaýdimikä diýip Myrat iki ýana ýörap ýadady
Ine birden Gözel çykdy, çykan badyna Myrat
- bilýan soragyň düşdümi?
- hawa düşaýdidä Allajan kömek etdidä maňa, diýip ýylgyrdy
- onda name giç çykdyň?!
- aý Kalamordan bir gazak gyz ýanyma düşdi, kömek edaý diýip ümledi we onyň soragy meniňkiden hem aňsatdy, şoňa kömek etdim, oda hazir çykýar diýdi
Bular birinji ekzamenden sagaman geçdiler, soň ikinji, soň üçinji iň aljyraýan pursat hem geldi bu konkursdy, indi balyň ýetse talyp diýen ada eýe bolaýmalydy
Ertesi irden her kim geçiş tagtadaky spisogy okamaga howlykýardy
Gözel bilen Myrat hem ir gelipdi, ýöne tagtaň ýanyna abituriýentlerden ýaňa barar ýalyna daldi
Ahyr Myrat kürdäp köpçüligiň içine girdi we familýasyn gözledi,öz familýasy geçenleriň arasynda görup uraaaaaa diýip gygyranyny hem duýmady, soň ol Gözeliň familýasyn gözledi .Onyň familýasyn hiç tapmady, bir iki gezek okasada tapmady, ahyr ýandaky gyzyň ynha seniň gözleýan gyzyň diýip görkezende, ony görüp göni Gözele gygyrdy
— Gözel gutlaýan, biz talyp boldyk..
Talyplyk döwri başlady .Bular 5 ýyllap bir unywersitetde okap, bilim alyp hersi öz welaýatyna mugallym bolup gitdiler
Bular bir birine 5 ýylyň dowamynda aýrylmaz dost boldylar, ýöne söýgi sözin bir birine hem aýtmadylar


dowamy bar
12
92
0878
10.07.2024 14:21
Internet.Nahili?! gowy zat gerek.Dogry,kopculikleyin ulanylyan sosial ulgam,
tor.Su ulgam gor nace
ynsanlara bagt,nacelere bolsa bagtsyzlyk getirip biler.Dunyanin car kunjeginden
oz tanyslary arkaly sohbetlesyaler.Nace adamlar bolsa su tor arkaly oz bagtly
yaryny tapyp,bagtly bir masgala guryp otyrlar.Kopusinin bolsa abat oturan
masgala ojagynyn oduny ocuryar.Hakyky her kim oz bahbidi ucin ulanyar.
Ine su hekayanyn gahrymanlaryny takdyr olary
internetde tanysdyryar.Ayjemal we Maksat.Ilkinji gunlerde ikisinin sohbeti dine
tanyslyk sypatynda bolyar.Sonra bular biri-birine owrensip
baslayalar.Bir-birine oz syrlaryny,ozi barada gyzykly gurrunler,basdan geciren
wakalayny aydyp,olaryn sohbet sagatlara uzayar.Seyle yagday olary ilki dostluga cenli eltyar.
Aradan ep-esli wagt gecenson Maksat onuntelefon belgisini sorayar.Son olar belgilerini bir-birine beryaler.Gaytam olaryn arasyndaky gatnasyk gun-gunden berkap,guyclenip baslayar.Maksadyn Ayjemala,Ayjemalyn bolsa Maksady garaysy duyp goter uytgeyar.Olaryn bu dostlugy
soyga owrulip baslayar.Bilyar Ayjemalam ony soyup galypdy.Maksadam ony
soyyardi…
Ine bir gun Maksat ony dususuga onda-da
ilkinji dususuga cagyrdy.Ayjemal boyun gacyryp biljek daldi,cunki ona gaty
ynanyardy,ony soyyardi.Maksat dususuga gaty tayyarlandy,owadan koynek bilen
balak onun has hem gorkuni artdyrdy.Ayjemalyn seylede owadan gyz, geyen
koynegi ony has hem owadan gorkezyardi.
Maksat yany bilen onun halayan guluni hem eline alyp bardy…
Ine dususyk yeri.Maksat eyyam gelip ona
garasyp oturan eken.Maksat salam berip ona,Oturmak ucin niyetlen yerini
gorkezdi.Ymykly yerlesen son,ondan name iymek isleyanin sorady.Ayjemalam ozun
bilyana name halayanymy diyip yylgyrdy.Offisiant buyrulan zatlary getirip,olary
yalnyz goydy.Olaryn bir-birinin yagdaylaryny,indi meni gorup nahili ekenimi
bilensin… yaly gyzykly gurrunlere baslady.Oalr seyle bir bir-birine
masdylar.Edil gosa gumry diysen boljakdy...
Gyzyn telefonyna jan gelyar,gorse ejesi .Ol
oyune gitmelidigini aydyar.Maksat offisiantdan hasap kagyzyny getirmegi
sorayar.Sol wagt gyz yerinden turyar welin offisiant mayyplaryn munyan
arabajygyny getirip ona Maksady goterip oturdyar.Hawa,Maksat mayypdy.Onun
ayaklary islanokdy.Bu zatlara Ayjemal bir bada dusunmeyar.Namucin beyle
bolanyny Maksatdan sorayar.”Meninem illerinki yaly ayaklarym bardy.mekdepde
okap yorkam,yany 15 yasyny dolan oglandym.Oglanlar bolup mekdepden
gelyarkak,yakyn dostumy masyn urup gitjek bolanda ony iterip ozumi sol masynyn
astyna zyndym.ozumi yitiripdim.Gozumi acanymda ozumin keselhanadadygymy
bildim.Hic ayaklarymy duyamokdym.Lukmanlar ayagymy operasiya edende hem ayagym
duzelmejekdigini aytdylar.Ine gorsun yaly,sol yasajyk oglanyn bar arzuwlary sol
helakcilik arkaly puc boldy.Nace arzuwlarym bardy…wah arman bolmady.Bagysla,men
seni aldanym ucin.men mejburdym,cunki mana nacar, pahyr sypatynda,yuregi
yukalyp hemat etmeklerini,menin mayyplygym sebapli mana seyle seretmeklerini
islemeyarin,mana adamlaryn mana yureginin awamaklaryny
islemedim,islamogam.Menem beyleki ynsanlar yaly soymek we soyulmek
isledim…bagysla meni !!! “diyip,Maksat gozundaki yaslaryny bildirmejek bolup,
ony supurip ayyryar.Her kim oz yoly bilen oylerine hoslasyp gaytdylar.Oyune
baryanca Ayjemalyn bar pikiri sody.Men yalnysdymmy ya takdyryn oynumy…?! Men
ondan nadip geceyin men ony soyyarin.Hic zat,hat-da sol mayyplyk hem bize duzak
bolmaly dalmi… name yaly pikirler ony gursap alyar.
Ayjemal oyune gelip,oz otagynda yene oya
batyar.Men kimi soyyan,namesini soyyan….?! Eline telefonyny alyp Maksada jan
edyar.
-Alo,Maksat
yagdaylaryn gowumy?!
-Salam,hawa
gowy.Mena indiden son jan etmezmika diyip oylapdym.
-Men kop
oylandym,seni soyyan ekenim.
-Menem seni soyyan…
Garaz bularyn gurrunleri uzap gidyar.Ahyry
Maksat Ayjemala sawcy goybermegi yuregine duwyar.Sawcy barya.Yone gyzyn kakasy
oglanyn mayypdygyny bilen son ona gyzyny bermejekdigini aydyar we sawcylary
yzyna gaytaryar.Gyzyn muna gaty erbet bolyar.Kakasy: “eger yene-de sol oglan
bilen geplesip,dususyp yorenini bilsem,men senden narazy,men sen kakan dal”
diyyar.Dogry oyun yeke gyzy bolanson,ata-enede cagasynyn on iki sunni sagat
ynsana barmagyny isleyar.Bagtly bolmagyny dileyar.Yone…ol bolmady.Ayjemal hem
oz kakasyny narazy edesi gelmeyar,ol iki odun arasynda-dy.Maksada jan edip oz
yuregindaki gynalyan dertlerini aydyp aglayar,aglayar…Maksat: “sen hic hacan
gynanma,hali senin durmusyn onunde,gorjegin onunde,sen bagtly bolarsyn
elbetde…!” diyip,ona gowunlik berdi.
Maksadyn elinden geljek zat yokdy.Yone gaty
gynanmady,cunki ony su bolsunda hem soyen ynsan bardy.Ine su soygi hem ona bagt
bolupdy.Ayjemalyn soygusi ona ganat bagyslapdy,durmusa,yasaysa bolan umydyny
artdyrypdy… Ayjemal hic hacan ozunin ilkinji soygusini yatdan cykarmaz.Cunki
Maksada bolan soygusi ebedidir.Maksat Ayjemalda soygusini oz bagtyny tapypdy.Dine
Ayjemala bagtly durmus arzuw etmek galypdy
10
66
0878
10.07.2024 01:03
( bolan waka )

Sen uniwersitetde wagtyñ gùnde naçe gezek hawar tutyadyñ.
Her gùn namaza turmamkam eyyam gija galyañ diyip jañ edip tuzuryadyñ.
Dañ atyança edil yanymda yaly ,yatyp gepleśip yatyadyk.
Bize gurruñ edere zat hem tapylyardy, sygnal gowy bolansoñ, dañdan line jañy gaty gowy iśleyardi, sen ondan mundan gurruñ berip derrew ukudan aćyadyñ
Indi welin iki gùnden bari ne jañ bar, nede hat, name boldy sebabini bir aytsadyñ gòzume seredip, sen name diyseñ kayyl bolardym
Ayt dyrmyśymdan ýit diyde, men hòkman ýiterin
Bu gùn iś bilen baśagay bolyp otyrkam, nabelli belgiden jañ gelip hiç iślemage goymady.Ahyr aldym
-alo Akgyś senmi
-howwa men a siz kim
-tanada òziñ
-kilçermesenay diydimde çerniy spisoga dykdym
Iki sagatdan linema hat geldi
-tanamadyksyran bolyp patyladyp goydyñ, yañky jañ eden mendim
-aldamasa, ol yurdyñ kody boyunça altyn asyrdan geldi, daśary yurt nomeri däl
-men Turkmenistana geldim, aeoportdadym yañy
-bey diymay Ahmet, eger sen Turkmenistana gaytjak bolsañ, meniñ hatyma,jañyma garaśma plança wagtdan yurtda bolyan diyip yazardyña, hatda bilet aldym diyip hem yazmansyña maña
-saña we òydakilere sýuprisda
-hany jañy al
-bor
Bor diymesina diydim weli, hiç indi gepleśesim gelenok, aytman beyle hereket edenine
-ynan śu wagt zaryatym òçyar, òyede aydamok, ejem hem bilenok, aytsam ol baryançam binjalyk bolyar, ozal hem saglygynyñ ugry yok
-ejeñ yarawsyz bolsa, senem salam eje diyip birden girseñ, ol nahili bolar, iñ bolmanda yetip baryan, òzum hem òran aç diyip bir jañ eda oña, òzuñ hem bir yyllap oye gelmedik bolsañ aeoportdan dùśen badyña òyñize jañ edersiña, maña dalde, mende nomeriñ sohranit edilmedik bolsa, men jañy añsat alamok
-yok aytjak dal, duydansyz barjak
-way bor
-bor onda, dem dynjyñ alanyñdan soñ hawarla§arynda
-Akgyś gaty gòrmay, òykelemese
-bor òykelamok Ahmet sagaman gelen bolsañ bolya
Śeydip teli goydym, òylanler yene jañ etyar , yone jañ etsede bir yerik baryanlygy sebapli yolda duśan her bir tanśy bilen baś munut duryp, meniñ bilen gepleśen bolsa diñe salam diyendir, galan minutlary olara gitdi.
Muñada meniñ tutdy hùrrùgim yolda içi gysmaz yaly gepleśjek boldy, yone yolda tanyś biliś gawat geldi we meniñ garaśyp duranymdan hawary yok yaly ,onsoñ menem teli goydym
Agśam duśdi , yene śo bolyś bir yerlerde entap yene jañ aylap olar bilen, men linyada bardyryn hem diyenok
Birden hem
-oy sen garaśyp durmyñ, bulara gyzygyp yada hem duśeñok
-yok mena nahar etyan, sen baśagay bolañsoñ, Ahmet meniñ iśim bar sagbol, diydimde yene teli goydym
Iki gunde nahili uytgedi, men ony tanamok, ol okuwda wagty beyle hereketi yokdy.
Meni unsden dùśurmezdi, yurda gelip duypli uytgedi, gompyja hasiyetini gepleyśinden hem tanap bolyardy
Gelen guni eyyam entemage nadip eli degyarka, ejeñ ,kakañ ,jigleñ didaryndan bir ine gana bir ganda oyde olaryñ yanda bolyp, gòrjek adam òzam gelerda, goresi gelse.
Men dùśunemok gelende gòrerin diyip yòrdum, emma indi gòresim gelenok.
Onsyz welin yuregim gysyar, ol meniñ yakynjagymda, yone meniñ dañ atynça uç aylap gepleśen yigdimiñ hasiyetine meñześ dal
Meniñ gepleśenim bu yigit däl yalyda, hakykatda internetde tanśyp didaryn gòrman gowy gòrmeli däl eken, yone bir zada begenyan men oña sòyyan diymedim, eger ony diyen bolsam naderdim.
Bu yigit bolsa line jañynda gepleśen yigdim bilen deñ däl
Suraty yokmydy diymegiñiz mumkin, suraty bar, yone suraty men name edeyin, meniñ jynym jyñkyrśan hasiyetim yoga bu oglanda
Gynanyan, ony goresim gelyar, bey diysem duśuśasym gelya diydik dalde, onyñ gulkisi, onyñ gep urśy, salyhatly hasiyeti, edenli, bir sòzli hereketi meni gowy òzune çekipdi
A bu men śo yigitda diyyan bu yigidiñ welin o hasiyetleri yokda, gomparyp obañ içinde òzunden daśary ,hiç kim daśary yurtda okamayan yaly, hiç òzini alyp barśyna jynym jyñkyryśmady,halamadym òzini alyp barśyny
Dolanay Ahmet okuwyña, yurtdaky Ahmet sen dal
Ol diñe seniñ keśbiñdaki meni aldowa saljak yigit yaly bagyśla welin ,sen òz yolyñ bilen yòre, yone meniñ Ahmedim welin okuwyna dola. ......
Dolan òye yuregime giren yigit
Keśbiñ sen bolsada, hasiyet senki dal
Bu yigde meni hiçem berme, goyberme
Sena meñki, yone bu yigit menki dal.
8
137
0878
09.07.2024 20:58
HEKAÝA

Medinede işeňňir we her bir bilimden kämil baş çykarýan bir alym ýaşapdyr.
Bir gün onuň ýoly kenizekleriň bazaryna düşdi we bir aýdymçy kenizekde nazary eglendi. Onuň owazy Zöhre ýyldyzyny haýrana goýýardy, husny-jemaly bolsa edil güneş mysalydy.
Alym kenizegiň gözelligine aşyk boldy we onuň diwanasyna öwrüldi. Onuň owazynyň howasyndan barlyk ýüküni ýokluk sährasyna sary sürdi we zarlyk köçesinden akyl teňligini çykaryp, bihutlyk giňligine tabşyrdy.
Kytga
Bir görk bilen alar kişiň erkini,
Ýüzem, gözem görkli bolsa – iş kyndyr.
Bir ýerde jemlese goşa görküni, Köňül eýelerniň işi müşgildir.
Alym danalyk lybasyny çykaryp, egnine ryswalyk geýimini geýdi. Medinäniň köçedir bazarlarynda biperwaý gezip ýördi. Dostlarynyň igençleriniňem hiç peýdasy bolmady. Onuň dili diňe bir närseden sözlärdi, onuň dili diňe şu närse diýip bozlardy.
Rubagy
Onuň näzi-jilwesi meni gylawlandyrýar, Nädip halas bolaryn, ýakýar meni ýandyrýar, Adamlaryň igenji meniň üçin bir ýeldir,
Ol ýel meniň odumy has-da alawlandyrýar.
Bu ýagdaýy Japarogly Abdylla (goý, Alla ondan razy bolsun!) aýtdylar. Ol kenizegiň hojaýynyny çagyrtdy we kyrk müň dirheme kenizegi satyn aldy. Oňa alymy diwana eden aýdymyna hiňlenmegi buýurdy. Soňra bolsa:
- Muny kimden öwrendiň? – diýip sorady. Kenizek:
- Pylan aýdymçydan – diýip jogap berdi.
Ony hem alyp gelmeklige perman berdi. Ýaňky alymy hem çagyryp:
- Seni diwana eden aýdymy kenizegiň ussadyndan diňlemek isleýärmiň? – diýdi. Ol:
- Hawa – diýip jogap berdi.
Ol kenizegiň ussadyna şol aýdymy ýerine ýetirmegi emr etdi. Alym huşuny ýitirip ýykyldy. Hemmeler ony ölendir öýdüp güman etdiler. Japarogly Abdylla bolsa:
Gördüňizmi, biz bu adamy öldürip, onuň günäsine galdyk – diýdi.
Ondan soň onuň ýüzüne gülap suwuny sepmeklige emr etdi. Ol özüne gelende:
- Biz seniň ol kenizegiň yşgynda, bu derejä ýeteniňden habarsyz ekenik – diýdi. Alym:
- Eý, Alla, gizlin syrlarymyň bary äşgär boldy! – diýip ah çekdi.
- Bu aýdymy şol kenizegiň özünden diňlemek isleýärmiň? – diýip, Abdylla sorady. Alym:
- Gördüňiz-ä, ony aşyk bolmadyk başga birinden diňlänimde şu hala düşdüm, eger-de ony magşugymyň agzyndan we dodagyndan eşitsem, meniň halym nähili bolar?! – diýip jogap berdi.
- Ony görseň tanarsyňmy? – diýip soranda, ol aglady we şeýle diýdi:
Beýt
Diýdiň: «Tanarmyň aklyňy hem diniňi alany?» Ondan özgäni tanaman, ýok sözümiň ýalany.
Abdylla kenizegi alyp gelip, oňa tabşyrmaklygy perman berdi we:
- Bu seniňki, Alladan ant içýän, men oňa gözümiň gyýtagy bilenem sereden däldirin – diýdi.
Alym Japarogly Abdyllanyň aýagyna ýykyldy we şuny aýtdy:
Jomartlykdan ýetirdiň meni maksat-myrada, Aýralygyň gomundan alyp çykdyň gyra-da! Sabyr berdiň hem gamly, hem ýaraly köňlüme, Ýaşly iki didäme uky berdiň rahat!
Soňra kenizegiň elinden tutup, öýüne tarap rowana boldy. Abdylla bir hyzmatkärine:
- Kyrk müň dirhem al-da, olaryň yzyndan ýet we olara ber. Goý, durmuş ýolunda olaryň şatlygyna gubar inmesin, biri-biri bilen köňül rahatlygynda gatnaşsynlar – diýip emr etdi
0
101