(bolan waka).
Gözel ilki günler internete girende onyň içine düşünmän kän gezdi.
Şahsyda gelýan hatlaryň hiçisine hem jogap berenokdy we onyň nädip ýazylýanyn hem düşünenokdy
Bu gün Gözel işlerin ir edip boldyda eline telefonyny alyp, bir çaşga kofeýani hem aldyda daşarda duran sallanjaga, arkasyna han ýassyk goýyp gowy ornaşdy.
Ol sallanjagyň üstünde Internetin açyp ,kim näme ýazdyka diýip bir laý göz aýlady
Onyň içine güýmenip otyrka oňa şahsy hat geldi
— salam
— salam
— siz bilen tanyşmak mümkinmi,men Myrat Balkandan
- men Gözel Änewden
- siz name edýaňiz
- menmi, aý internetime güýmenýan
- ýa ýazyşýanyň barmydy, ýa-da gepleşýan ýigdiň barmy?
— ýokla, ýöne okamak üçin giräýdim menä,kän düşunemogam
— özüm öwrederin, gaýgy etme Gözel.
- sagbol Myrat
Gözel Myrat bilen hat alşyp başlady.
Olar günde durli durli meseler boýunça pikir alyşýardy
Olaryň bar arzuwy şu ýyl yokary okuw jaýyna girmekdi, nesibämizde bizde-de okamak ýazylaýan bolsady diýip arzuw ederdiler
Bular bir birleri bilen telefon üsti bilen, aralygynda hat ýazşyp taýýarlanýan dersleri boýunça maslahatlaşýardylar
Şeýdip aradan 8 aý töweregi wagt geçdi.
Bular ýokary okuw jaýyna resminamalarny tabşyrmaga gidenlerinde, bir birimizi 8 aý bäri tanaýas ,şo taýda ýüzbe ýüz görşeli diýip dilleşdiler
Ýöne bularyň arzuwlary başa barmady ,okaryň hersi bir günde resminamalarny tabşyrmaly boldy we Gözel bilen Myrat ilkinji ekzamen göni bir birine gabat geldiler
Gözel Myrady beýle göz öňine getirenokdy.
Myrat uzyn boýly görmegeý ýigit eken.
Myrada näme Gözeli görüp göýä asmandan hüýr melekler ýere düşen ýaly Gözeliň ajaýyp keşbine ank bolup seredýardi.
Ol Gözeliň
- Myrat, meni masgara edýaňa oglan, daş töwerek doly adamdan beýdip açgözlilik bilen seretmäýdä, diýdi
Myrat özine geldi.
Ol birhili ýaýdanly.
Synag başlady.
Oňa ilki Myrat girdi, Myrat kän eglenmedi soň Gözel girdi welin hiç wagty bilen çykmady wah bilmeýan soragy düşaýdimikä diýip Myrat iki ýana ýörap ýadady
Ine birden Gözel çykdy, çykan badyna Myrat
- bilýan soragyň düşdümi?
- hawa düşaýdidä Allajan kömek etdidä maňa, diýip ýylgyrdy
- onda name giç çykdyň?!
- aý Kalamordan bir gazak gyz ýanyma düşdi, kömek edaý diýip ümledi we onyň soragy meniňkiden hem aňsatdy, şoňa kömek etdim, oda hazir çykýar diýdi
Bular birinji ekzamenden sagaman geçdiler, soň ikinji, soň üçinji iň aljyraýan pursat hem geldi bu konkursdy, indi balyň ýetse talyp diýen ada eýe bolaýmalydy
Ertesi irden her kim geçiş tagtadaky spisogy okamaga howlykýardy
Gözel bilen Myrat hem ir gelipdi, ýöne tagtaň ýanyna abituriýentlerden ýaňa barar ýalyna daldi
Ahyr Myrat kürdäp köpçüligiň içine girdi we familýasyn gözledi,öz familýasy geçenleriň arasynda görup uraaaaaa diýip gygyranyny hem duýmady, soň ol Gözeliň familýasyn gözledi .Onyň familýasyn hiç tapmady, bir iki gezek okasada tapmady, ahyr ýandaky gyzyň ynha seniň gözleýan gyzyň diýip görkezende, ony görüp göni Gözele gygyrdy
— Gözel gutlaýan, biz talyp boldyk..
Talyplyk döwri başlady .Bular 5 ýyllap bir unywersitetde okap, bilim alyp hersi öz welaýatyna mugallym bolup gitdiler
Bular bir birine 5 ýylyň dowamynda aýrylmaz dost boldylar, ýöne söýgi sözin bir birine hem aýtmadylar
dowamy bar