0878
03.08.2024 00:48
dowamy

(bolan waka)

- Wah, wah doganjygym gör negünlere düşüpdir, ne ideg bar nede esewan, lagşyldap ýatan beden hiç zat duýanok, dilim tutyldy, şonda-da
- Gurban kaka, Gurban kaka meni tanaýaňmy? - diýdim. Lukman bolsa ol seni tanamaz ol şokda şu wagt, diýdide öz kabinetine ýör diýip alyp gaýtdy
lukman bilen gepleşip, näsaga lukmançylyk kömegiň barsyny etdik, indi musulmançylyk däp dessurmyza görä dil hat ýazyp berseň öýe äkidäýiň, etmeli goýmaly zatlarynyň we çagyrmaly adamlarňyzy çagyryberiň, - diýdi
lukmanyň ýanyndan zordan aglaman tiz kömek sorasam berermikä başlyk diýdim
- hawa berer, sorada äkit bärde kösenmesin, diýdi
Daş çykdym, aýagym aýagyma çolaşýar, zordan iki aýal doganymyñ ýanyna bardym, we indi näme edeli, gyzlaryň öýinden çykaralymy, erkek jigisi barka gyzlaryň öýi hem birhili özä, il gün näme diýer, iň gorkynç pikirler durmyşa geçip başlady we ýene Esene jaň edip iň bolmanda seniň öýiňden çykaraly soňky sadakalaryn bolsa bölüşeris, diýip ony zordan yrdyk
Ortanjy oglan doganym bolsa özi ýarawsyzdy we tazelikde gelin alansoň olara eltip boljak däldi
Biz şeýdip tiz kömek bilen Eseniň öýine eltdik.
Oba üýşdi, nasag iň soñky demde diňe gözi gapyda, birine garaşýan ýaly, il güni üýşürüp 25 ýyl mundan öň taşlap giden aýalyny we 5 sany çagasyny getirdik iň bolmanda Allaň haky üçin razy bol diýip aýdaýyň diýip, gaty agyr degýar eken doganmyzda günä bolansoň onyň maşgalasyn getirmek we razylaşdyrmak juda agyr, wah söz tapyp bolmaýar o ýagdaýdaky ýagdaýy
Agşama çenli jan berip bilmän ýatansoň molla getirip kyrk yasyn okatdylar ,razylaşmadyk bar bolsa gelip razylaşsyn Allaň haky üçin bendesin günäkärlemaň, ony ýolyndan saklamaň diýip molla aýdansoň kim galan bolsa dogan garyndaş, dost bar, goňşy golam bary bir birden girip çykdy
Doganjygym urnyp ýatyrdy, ýürek etmedi, ahyr men iň soňy hem öljek bolsa şu ýekeje asma menä şuňa goýjak iň bolmanda ýuregi bir kuwwatlansyn diýdim-de lukmandan soraman 0.9% S Natriň içine reboksin 10.00 + korglikon 2.0+Askorbinka 2.0+perestam 10.00 damara goýberip yzyndan pentoksifillini ýuwaşjadan onyň yzyndan goýberdim
Yarym sagatdan soň dem alyş tizligi azaldy, nasag gowşady we endamy garamtyl gögümtik renkden çala gyzardy
3-4 sagatdan soň nasag iňlap ýuwaşjadan gözini açdy, daş töwerege seredip başlady, ikinji asmany täzeden goýberdim.
Gije 9- lardan soň bolsa elini galgadyp ruçka soraýan ýaly doly özine geldi
Birinji ruçka bilen ýazan zady hem - hany ejem - wah doganjygym ejem ýogalanyna eýýam 11 ýyl bolda, biz ony nirden tapaly, ol bolsa diňe ejem, ejem, ýene ejem diýip söz ýazýardy
Indi biz näme edeli, doganlarym bary meni ýazgarýardy, ölüp barýan adamy yzyna dolap näme etjekdiň, sen asma goýmadyk bolsaň bu wagta ölerdi.
Men bolsa diňe aglaýardym, iň bolmanda baryňyz bilen hoşlaşmaga asmada sebap bolandyr ,men üýtgeşik zat uramok oňa diýip aglap ýeňjek bolýadym.
Ol gün geçdi, doganjygym towuk çorba iýdi, suw berseň içdi, ýöne ejemi bolsa ýazyp çagyryň diýýardi, barymyzy tanaýar ýöne geplap bilenokdy
Gaýtadan ýene urdym ukolyn, ol ukollaryň tasiri gowy netije berdi
Aradan üç gün geçdi, öýe baryp geleýin diýip öye gaýtdym.
Yzymda korpe doganym şu ejem, eken diýýar welin ejemden razylyk sorajak bolaýmasyn diýip ony maşyna ýüklap üç maşyn oglan alyp ejemiň ýatan öwülýäsine äkidipdirler, ýerinden gozgaýmaň, oturdaymañ ,towuk çorbadan başga zat beräýmäň ,diýip gaýtsamda şeýdipdirler
Soň Eseniň gürrüň bermegine görä Gurban kakamy ejem ýatan ýerine göterip eltseler ol uly ili bilen ejemiň guburynyň bagyrtlap aglapdyr we şo taýda hem çaşypdyr.
Ony maşyna ýükläp öýe getirip ýerine getirenine mähetdel doganjygym baky gözini ýumdy.
Men ýetişmedim we baryp jansyz ýatan göwresine özimi okladym, we men bilýadim, ejem gargyşy, ejem ahy seni ne günlere saldy, ýaşlyk etdiňiz ejemden razylyk almadyň, ejemi razy etmediň, ejem tabydynyň baş ujuny tutmadyň, gör seni nä güne saldy
11
72
0878
3 Awgust 2024
Seni nä güne saldy diýip men ses edip agladym... Enäni razy ediň Ene ahy sizi ýerden galmaz. Eder nan atly siz pyýada bolarsyňyz. Enäniň gargyşyny almajak boluň perzentlik borjyny ýerine ýetirjek ýeririň enäni harlasaňyz Allada sizi harlar Ene mukaddesdir şol mukaddeslik bolsa biziň ýaşaaýyşymyzyň çyragy Doğan ahyna ýanan gelniň gürüň bermegi zerarly ýazyldy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.