.. Satyn almak maksady bilen çörekçä gelenimde çörek ýokdy.
Köneden tanyş çörekçi dostum, çörek bişýänçä iki-üç minut garaşmalydygymy aýtdy.
Gapdalda duran oturgyja çökdüm. Şol pursat ýaşuly adamyň içeri girenine gözüm kaklyşdy.Köneje penjeginiň çep ýakasynyň aşagynda bir medal ýalpyldaýardy,ýöräninde iki ýana hallan atýardy. Ol salam bereninden soň çörekçiniň ýakynragyna süýşüp:
-Çöreklerimi alaýyn,ekizlerim ajygandyr,diýdi.
Çörekçi ýaşulynyň uzadan torbasyny alyp, üstünden gün aşany görnüp duran 4-5 sany çörek çykardy.
Men şol wagt eýýäm,oturan ornumy ýaşula berip, çörekçiniň alkymyna gelipdim. Çörekleriň käsiniň reňkem üýtgäpdir, saň-gaty bolupdyrÇörekçiden:
-Näme üçin täze çörege garaş diýmeýärsiň? Häzir bişýär diýdiň-ä?! Diýip soradym. Çörekçi:
-Köne çöregi özi isleýär, ol garyp adam. Köne çörekleri ýarym bahasyna berýän diýdi.
Çörekçiden bu adamyň kimdigini soradym. Ol ýaşulynyň uruş weteranydygyny, oguldyr-gelnini ulag heläkçiliginde ýitireninden bäri ekiz agtyklaryna seredýändigini,alýan pensiýasynyň güzeranyny dolandyrmaga ýetmeýändigini aýtdy.
Bu gürrüňlerden soň olara nebsim agyrdy, çörekçä:
- Ýetmeýän puluny men bereýin. Iň bolmanda bir gün täze çörek iýsinler,diýdim.
Çörekçi teklibimi kabul etdi. Biraz soňra köne çörekleri gapdala aýyryp, täze çörekleri torba saldy-da,çörekçi ýaşula ýüzlendi:
Bu gün nesibäň uly eken hajy aga, çagalar üçin saňa mele-myssyk nan berjek diýdi
Ýaşuly torbany begenç bilen garbap aldy-da çykalga tarap howlukdy, çykyp barýarka-da maňa öwrülip, şeýle ýüzlendi:
-Alla senden razy bolsun oglum! Bu gün olaryň doglan güni.