0878
09.07.2024 20:58
HEKAÝA

Medinede işeňňir we her bir bilimden kämil baş çykarýan bir alym ýaşapdyr.
Bir gün onuň ýoly kenizekleriň bazaryna düşdi we bir aýdymçy kenizekde nazary eglendi. Onuň owazy Zöhre ýyldyzyny haýrana goýýardy, husny-jemaly bolsa edil güneş mysalydy.
Alym kenizegiň gözelligine aşyk boldy we onuň diwanasyna öwrüldi. Onuň owazynyň howasyndan barlyk ýüküni ýokluk sährasyna sary sürdi we zarlyk köçesinden akyl teňligini çykaryp, bihutlyk giňligine tabşyrdy.
Kytga
Bir görk bilen alar kişiň erkini,
Ýüzem, gözem görkli bolsa – iş kyndyr.
Bir ýerde jemlese goşa görküni, Köňül eýelerniň işi müşgildir.
Alym danalyk lybasyny çykaryp, egnine ryswalyk geýimini geýdi. Medinäniň köçedir bazarlarynda biperwaý gezip ýördi. Dostlarynyň igençleriniňem hiç peýdasy bolmady. Onuň dili diňe bir närseden sözlärdi, onuň dili diňe şu närse diýip bozlardy.
Rubagy
Onuň näzi-jilwesi meni gylawlandyrýar, Nädip halas bolaryn, ýakýar meni ýandyrýar, Adamlaryň igenji meniň üçin bir ýeldir,
Ol ýel meniň odumy has-da alawlandyrýar.
Bu ýagdaýy Japarogly Abdylla (goý, Alla ondan razy bolsun!) aýtdylar. Ol kenizegiň hojaýynyny çagyrtdy we kyrk müň dirheme kenizegi satyn aldy. Oňa alymy diwana eden aýdymyna hiňlenmegi buýurdy. Soňra bolsa:
- Muny kimden öwrendiň? – diýip sorady. Kenizek:
- Pylan aýdymçydan – diýip jogap berdi.
Ony hem alyp gelmeklige perman berdi. Ýaňky alymy hem çagyryp:
- Seni diwana eden aýdymy kenizegiň ussadyndan diňlemek isleýärmiň? – diýdi. Ol:
- Hawa – diýip jogap berdi.
Ol kenizegiň ussadyna şol aýdymy ýerine ýetirmegi emr etdi. Alym huşuny ýitirip ýykyldy. Hemmeler ony ölendir öýdüp güman etdiler. Japarogly Abdylla bolsa:
Gördüňizmi, biz bu adamy öldürip, onuň günäsine galdyk – diýdi.
Ondan soň onuň ýüzüne gülap suwuny sepmeklige emr etdi. Ol özüne gelende:
- Biz seniň ol kenizegiň yşgynda, bu derejä ýeteniňden habarsyz ekenik – diýdi. Alym:
- Eý, Alla, gizlin syrlarymyň bary äşgär boldy! – diýip ah çekdi.
- Bu aýdymy şol kenizegiň özünden diňlemek isleýärmiň? – diýip, Abdylla sorady. Alym:
- Gördüňiz-ä, ony aşyk bolmadyk başga birinden diňlänimde şu hala düşdüm, eger-de ony magşugymyň agzyndan we dodagyndan eşitsem, meniň halym nähili bolar?! – diýip jogap berdi.
- Ony görseň tanarsyňmy? – diýip soranda, ol aglady we şeýle diýdi:
Beýt
Diýdiň: «Tanarmyň aklyňy hem diniňi alany?» Ondan özgäni tanaman, ýok sözümiň ýalany.
Abdylla kenizegi alyp gelip, oňa tabşyrmaklygy perman berdi we:
- Bu seniňki, Alladan ant içýän, men oňa gözümiň gyýtagy bilenem sereden däldirin – diýdi.
Alym Japarogly Abdyllanyň aýagyna ýykyldy we şuny aýtdy:
Jomartlykdan ýetirdiň meni maksat-myrada, Aýralygyň gomundan alyp çykdyň gyra-da! Sabyr berdiň hem gamly, hem ýaraly köňlüme, Ýaşly iki didäme uky berdiň rahat!
Soňra kenizegiň elinden tutup, öýüne tarap rowana boldy. Abdylla bir hyzmatkärine:
- Kyrk müň dirhem al-da, olaryň yzyndan ýet we olara ber. Goý, durmuş ýolunda olaryň şatlygyna gubar inmesin, biri-biri bilen köňül rahatlygynda gatnaşsynlar – diýip emr etdi
0
101
flowers_
10 Iýul 2024
👉🏿 ' 👈🏿şu belgi bar şondan like basyp bolonak
flowers_
10 Iýul 2024
Postuñ adyny ýazañda "Medine'de" diýeñden ulanan belgiñ üçin like basylanok.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.