dowamy
bolan waka
5 ýylyň dowamynda aýrylmaz dost boldylar, ýöne söýgi sözin bir birine hem aýtmadylar
Myrat bir iki gezek synaşdam ýöne dostlygym hem ýiter öýtdüp, gorky howpuny basýardy
Gözel bolsa hiç hem aýdyp biljek daldi
Iň soňky hoşlaşyk güni Myradyň
- Gözelim men seni söýdüm, ýöne bu söýgi haçan döranini men bilemok, ýöne sensiz durmyş maňa agyr düşer, diýdi
Gözel bolsa
- nesibedir o zatlar, görerisda diýip bor hem diýmedi yok hem diýmedi
Myrat bilen Gözel hersi öz ýoly bilen gitdi.
Soň olar kawagt telefonda gepleşaýmese görşüp bilmediler
Ýöne Gözel hem Myrady halaýandygny duýýardy
Aradan ýyla golaý wagt geçdi.
Indi Gözeliň ejesi Gözeli çykarjaklygy barada oňa syzdyrdy. Gözeliň göwni welin Myratdady ýöne ejesiniň, janymdan eý görüp, ullandan balamy öz elim bilen öz islan ýerime bersem diýen sözini eşdip Gözel Myrat barada ejesine aýtmagy çekindi
Gözele bolsa aldygyna sawçylar gelýardi.
Olaryň içinden Gözeliň ejesi öz işdeşiniň aýal doganynyň ogly üçin Gözeli soranda ,şulara razylyk berdide otyryberdi
Ejesi welin Gözeliň yok diýmejegin bilýärdi
Ol guda bolnansoň telefon nomerin çalyşdy
Öýlenýan ýigit özi bilen gepleşjek diýende göwnemedi ,basym toýym boljak bolup durka nameüçin şu oglanlar howlykýarka, diýip pikir etdi
Toý sähedine çenli ol oglan bilen hiç gyzyklanmady.
Toý edýanine ynanyp bilenokdy
Bir gün öýde öz jaýynda otyrka gyz jigsi barjak ýigdiňi görjekmi, gelnejesi geldi, saňa surat goýup gitdi, diýdi
Gözel bolsa ýook göresim gelenok, maňa azar bermaň diýip gözine ýaş aýlady
Gyz jigsi elindäki suraty stolyň üstunde goýdyda çykyp gitdi
Ol gün geçdi. Ertesi irden otagyny ýygnap ýören Gözel stolyň üstundaki surata göz gytagy bilen seretdi we suraty gaty tanyş ýüz bolansoň, ýaman tanyşla diýip suraty eline aldyda, Waaaý Allajanlarym bu ýigit, bu ýigit ýaman Myrada meňzeşle diýip suraty alyp ejesiniň ýanyna gitdi
- eje bu surat kimiň suraty diýdi
- waý jan gyzym bu suratdaky ýigit seniň barmaly ýigdiň ahyry , ady Myrat, saňa ilki işdeş joramyň aýal doganynyň oglyna berjek diýen ýigimda şu,siziň sanlyja gunden toýuňyz boljak bolup dura,diýdi
Sen bolsa gökden düşen ýaly, oglan bilen gepleşjekdäl, görüşjekdäl diýip aýak dirediň durdyň
Gözel doňyp galdy, ol bu garaşylmadyk ýagdaýy name diýip atlandyrjagyn bilmedi
Ol Myradyň telefon belgisin alyp jaň etdi
— salam, Myrat bu senmi sen bilýardiňmi bu bolup ýören zatlary, diýdi
— hawa bilýardim
—onda nameüçin aýtmadyň
- men jaň edemde sen jaňymy almadyň, soň öziň jaň edersiň öýtdüm,diýdi
— Nämeeeeeeeeee men bolsa özgaň gujagyna nadip öwrenşermikam diýip günde aglap ýatýadym
—wah balajygym,gülüm diýip,seni özgäň gujagyňa heýde men dözerinmi, diýip trupkaga ep- esli gürleşip trupkany goýdy
Gözel bolsa elinde barmaly ýigdiň suraty, ýöne bu gezek ol aglap durdy ýöne begençdendi,
Ol durmyşa çykýardy, özäm ejesiniň halan ýigdine,maňlaýyndan çykan ýigde boýun bolupdy
Ol şondada aglaýardy ýöne begençdendi .....
Goý ýaşlar bagtly bolsunlar