Pajygaly waka:
Harkowyň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň birinde türkmen talybyny öldürdiler!
Harkowyň Milli Ykdysadyýet Uniwersitetynyň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň birinde türkmen talybyny öz otagynda pyçaklap öldüripdirler. Bu waka ýanwar aýynyň 14-ine bolup geçdi. Azim Hajymammedow, 24-ýaşynda... ol magistratura diplomyny alyp ýazda öýüne dolanmaklyga taýynlanyp ýören eken. Okuwynyň gutarmagyna az wagt galypdyr. Öýünde bolsa ene-atasy jigi-doganlary garaşýardy. Onyň kakasy Türkmenistanyň ministrlikleriniň birinde işleýär eken, ejesi bolsa prokuror.
Ukrainanyň hukuk goraýjy edaralary bu işi edenler barada, 20 ýaşly 3 sany Türkmenistanyň raýatlary– Hemra Ýegenberdiýew, Azat Jumabaýew we Maksat Hallyýew diýýärler. Olar jenaýat işini edip, jenaýatyň bolan ýerinde ýitipdirler. Häzirki wagtda gözlegde. Olary tutaýan ýagdaýlarynda olaryň günäsi boýunlaryna goýular we 10 ýyl azatlykdan mahrum ediler.
Oglanyň tanyşlarynyň aýtmyşyna görä, pyçaklanan wagty onyň arteriýa damaryna düşüp, tiz kömege garaşýançalar köp gan ýitiripdir, şol sebäpden tiz kömegiň işlgärleriniňem günäsiniň bardygyny aýdýarlar.
Azim barada aýdanlarynda, onyň gowy oglan bolandygy, hemmeler bilen dostlaşyp, sport bilen meşgullanyp, şeýle bir aktiw durmuşy alyp barnlygy barada aýdýarlar. Elbetde ol oglan öz ýanyna eýle-beýle adamlary göýberjek oglana däl eken, ýöne ykbal...
Bolan waka barada... jenaýat eden oglanlar wagtlaýynça (zaoçny görnüşde okaýan ekenler) Ukraina gelipdirler. Olaryň biri öňem türmede otyryp gören... Azim ilki olara bilen gürleşip düşündirip göýberipdir, emma olar munuň bilen çäklenmän, “aýagyny kesip gorkuzarys, hiç zat bolmaz” diýen pikir bilen edipdirler. Netijede üç sapar aýagyny kesýärler, üçünji saparda arteriýa damaryna düşýär (iň aşaky kesik), şondan soň Azim ilki özünden gidýär, jemi 4 sapar açylyp özünden gidýär, soňra aradan çykýar. 3 sany jenaýat edenler bolsa ýitýärler.
Şeýlelik bilen waka bolan umumy ýaşaýyş jaýynda traur boldy. Elbetde habar şol uniweryň ähli talyplaryny haýrana goýdy. Çünki bular ýaly zatlara hiç kim garaşmaýardy. Azimyň ene-atasyna jäň edenlerinde, “o nähili öldi? Biz oňa ýazda gelýär diýip garaşyp otyrys” diýip haýrana galypdyr. Bu jenaýaty eden oglanlar häzirki wagtda iň ýigrenji adamlar hasaplanýar. Olary tiz wagtda tutulmagyny hemmeler isleýärler, beýle adamlar azatlykda gezmeli däl.
Daşary ýurtda, öz ýurdyňdan gelen, öz Watanymyzyň raýatyny, ýat ýerlerde şeýle edäýmek bolarmy?! Elbetde deýýuslar aramyzda bar, ýöne ol derejede edäýmelem dälä. Jenaýaty eden oglanlar Azima güýçleriniň ýetmejigini bilip eden bolmaklaram ahmal. Ýöne Azim üçin özümem hatda gynandym. Ol barada dostlary kän zat aýdýarlar, çünki hemmeler bilenem dostlaşypdyr. Beýle güner düşer öýtmändirler. Öz otagynda ýeke özi otyran eken, şol mümkinçilikdenem 3 sany deýýus peýdalanypdyr.