(bolan waka)
Dogry o döwürler men 20 ýaşymdadym.
Orta mekdebi tamamlap, welaýatdaky lukmançylyk mekdebiň birinji ýyl talybydym.
Kakam pahyr birinji kursdakam aradan çykypdy.
Birinji kursyñ altynjy aýynda men hiç zatdan kösenmedim.
Bar kösençligim 26.04 aýdan soň başlapdy. Ejem işlanokdy, pensiýasy bardy.
Şo pul hem meni we jigim Aýtäji ,doganym Eseni eklemelidi.
Eseni kakam aradan çykansoň eklenjimiz ýok diýip bir ýarym aý öňürti gullyk etdi diýip düzeldip alyp gelipdik,ol ýaňy gullykdan gelensoň heniz işlanokdy.
Biz 9 dogandyk. 3- oglan 6 gyz. Iki oglan doganym öýlenen, gyzlaryň hem 4- i hem durmyşa çykandy. Öýde diňe iki gyz bir oglan we ejem bardy
Günlerde bir gün okuwdan ir boşap öýe barsam öýde ejem ýok, ol nirde diýip sorasam hassahanada diyip jigim jogap berdi.
Men hassahana ylgap diýen ýaly bardym. Baryp görsem ejem bir gyrada ýygyrlyp ýarym ýaş aglap ýatyr eken. Ejemiň şo göz ýaşy heniz hem göz öňümden gidenok.
- ejejan näme boldy, käbäm diýip gujakladym. Ol aglady, menem agladym
Soň ejem maňa iň uly agam Gurban bilen şu günden beýläk gepleşmejegime ant içdirdi, menem ejeme söz berdim. Ýöne
- ejejan ol uly agam kakam ýerinde otyran adam,näme boldy, gepleşmez ýaly! - diýip sorag berdim
Ejem:
Körpe doganym Esen bilen uly agam Gurban bir zadyň üstünde sene mene edişýär we gohlaryň soňy gyzyl ýumrukdan geçip eli armaturly körpe doganymy uly agam saýgylamaga başlaýar, demriň zarbyna çyrlaýan körpe doganym sesine ejem çykyp, urma çagany maýyp etýaň diýip iki doganym arasyna urşup durkalar girýär.
Gaharyna durup bilmedik uly agam ejeme sen bir goşylma diýip beýläk zyňyp göyberyär, ejem şonda-da doganym elindaki armatura ýapyşyp durka, uly agam gaharyna ejemiň içine iki gezek depýär we elindäki armatur bilen ejemi iki üç gezek gowy saýgylaýar.
Ejem özinden gitýär we hassahana düşýär. Ana şonda ejem uly agama "nan atly, sen pyýada bolarsyň emdiren ak süýdünden ant içýar, görjegiň diňe kösençlik ,sergezdançylyk, edeniň bergi, geýjegiň hem kepen bolsun-da hernä "-diýip uly agama gargaýar
Bizi hem hemmamizi şonyň bilen gepleşseňiz men sizden geçerin diýip bize hem gadagan etýär.
Wagt bolsa geçip durdy. Ejem görgüli şo wakadan soň diňe ukol bilen ýaşady.
Uly agam ykbaly şo wakadan soň 5- çagasyn, aýalyn, öýin taşlap obadan näbelli ýerlere çykyp gitdi. Ony gördüm diýýän hem bildim diýýän hem yok.Diriligine ýitdi.
Wagtyň geçmegi bilen ejem ony bagyşlady .ölmänkäm didaryn görsem diýip arzuw etdi. Ejem ýarawsyzdy. Çar ýandan habar ýolladyk, ejem ýaranok iň soňky demde seni görjek bolýar diýip, doňýürek gelmedi.
Ejem hem öz dünýasini täzeledi. Ejem aradan çykdy gel diýsek ondada gelmedi.
Tabydyny götermäge ogly barka keseki garyndaşlar ,ejemiň tabydyny götermeli boldy, ondada gelmedi
Ejemiň 3- i ,7-i 40-y ,6- aýlygy, ýyly boldy ondada gelmedi
Şeýdip ejemjan gözin açyp doganymyñ didaryny görmän aramyzdan sogurlyp gitdi .....
Ondan bäri 25- ýyl geçdi. 9- dogan hersiniň öz hojalygy, öz maşgalasy bar.
Menem lukmançylyk mekdebi gutaryp şäherde işe galypdym we gelnejemiň jigisine durmyşa çykdym. Doganlarym toý märeke bolaýmasa görmäge elim hem degenok
Uly agamyň bolsa şo diri ýitgi bolyp gidişi.
Ol indi 60- yň onyndan aldy. Pensiýasyn hem alýar. Bir ýerlerden indi ýygy ýygydan ady eşdip ugradym. Ýüzbe ýüz göresim gelýar, ejemi näme üçin razy etmedigni sorasym gelýärdi, ýöne bolaýýamy belli bir ýerde ýaşamansoň hiç gabatlaşyp bilemokdym
Bir gün öýde işden gelip nahar edip otyrkam el telefonyma jaň geldi, görsem aýal doganym aglap
- tizräjik geläýdä renimasiýa! - diýip jaňy goýdy
Men howsala düşüp yzyna aýladym
- nä näme boldy
- Gurbany paraliç kakypdyr, bir gapdaly tutyşlykgan çagşap dur ,duýanok
- bor häzir barýan, diýip edip otyran böregimden nahar termoza salyp, renimasiýa gitdim
Nahary iki aýal doganyma uzyn gün aç otyran bolsaňyz nahar ediniň men lukmany göreýin diÿip, öz işleýan hassahanam bolansoň näsagy ölmänkä ýekeje gezek göreýin diýip ýanyna girdim
- Wah, wah doganjygym gör negünlere düşüpdir,
dowamy bar