𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
30.12.2021 15:18
Taryhda täsinlik 6: Gysga maglumatlar;

Her posty trendlere çykan "Taryhda täsinlik" atly post zynjyrynyň 6-njy postunda, taryhda bolup geçen gysga wakalary belläp geçýäris:

15. Dünýä söweşi wagtynda bir hatçy kepderi, bir aýagy we gözüni ýitirip boýnundan urulsada haty äkidipdir we bu hat 194 esgeri ölümden halas edipdir;

16. 1921-nji ýylda gytlyk wagtynda Rus obalylar, adam iýmäge mejbur bolupdyrlar;

17. 1900-njy ýyllarda, puluny töläniňizde aýnaňyza uzyn çöp bilen urup sizi turuzýan adamlar bardy;

18. William Henry Harrison, ABŞ-nyň iň gysga wagtly Prezidentidir. Prezident bolanyndan 2 aý soň sowuklama keseli bilen kesellän Harrison, gysga wagtdan soň ölýär.

19. Beethoveniň hem ker bolmagynyň, hem ölmeginiň sebäbi aslynda Cam Armonika atly saz guralydy.

20. Norwegiýanyň baýdagynyň içinde Fransiýa, Finlýandiýa we ýene 4 ýurduň baýdagyny tapmak mümkin.

21. Gitler 4 ýaşyndaka bir kölde bogulýarka bir adam ony halas edipdir. Eger halas etmedik bolsa, taryh häzirkiden üýtgeşik bolup bilerdi.


Sizem bilýän maglumatlaryňyzy teswirlerde paýlaşyň :)


A
10
313
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
30.12.2021 14:27
20 ýylda bahasy 800.000 esse köpelen Google hakynda nämeler bilýäňiz?!

Ine size Google hakynda az bilinýän 10 täsin maglumat:

1. Google, birinji BackRub ady bilen garşymyza çykýardy


Google'yň gurujylary Larry Page we Sergey Brin, 1996-njy ýylda döredenleri gözleg motorynyň adyna BackRub goýmagy planlaýardy. Bu adyň näme üçin seçilendigi we soňra näme üçin Google goýanlary belli däl.

2. Google ady googol sanyndan gelýär:

15-nji sentýabr 1997-nji ýylda, Page we Brin, BackRub adyny degişdirip Google adyny saýlady. Bir sany 1 sifri we 100 sany noluň birleşmeginde emele gelýän googol, tükeniksizligiň simwoly hasaplanýar.

3. Google'yň birinji iş ýeri garaždy.

Sentýabr 1998'de Susan Wojcicki'niň garažyny ulanyp Google'y durmuşa geçiren Page we Brin, şereketiň häzirki halyna gelmäge uly kömek eden Wojcicki'ni ilki Google'yň satyş müdiri, soňra YouTube'yň CEO'sy etdi.

4. Google'yň geçileri bar:

Google şereketiniň bagynda geçiler görmek bolýar. Bu geçiler, Google tarapyndan otlaryň iýilmesi üçin wagtlaýynça alynýar. Eger birgün Google'da işe başlasaňyz, aýnadan seredende geçi göreniňizde geň galmaň :)

5. Google 'Özümi bagtly duýýan' düwmesiniň derdinden pul ýitirýär we bu düwmäni gizlemäge çalyşýar:

Google ýyllardan bäri ulanýany 'Özümi bagtly duýýan' düwmesi, reklama görkezmegiň öňüne geçýär we Google'a ýylda 110 million dollar ýitirtýär. Google düwmäni gizlemek üçin, islendik bir söz ýazanyňyzda öň gözlenen sözleri çykarýar we bu düwmäniň görünmegini azajyk bolsa-da öňüne geçýär. Düwmäni bütinleý aýyrsa, öňki ýaly gyzykly bolmajagyndan çekinýär.

6. Google suratlar, ulanyşa girizilende birinji günden örän uly ösüş boldy:

2001-nji ýylda surat gözleme hyzmatyny ulanyşa geçiren Google, birinji günden 250 million gözleg geçirdi.

7. Google'da aýda 91.000.000.000-da golaý gözleg geçirilýär:

Internet ulanýan adamlaryň sany 4.000.000.000-da golaýdyr we Google'da aýda 91 milliard gözleg geçirilýär.

8. Google 2010-njy ýyldan bäri her hepde bir şereket satyn alýar:

Bugüne çenli ýüzlerçe şereketiň eýesi bolan Google, Geljekde ökde şereket boljakdygyna ynanýan şereketleri satyn alýar. Android, YouTube we Waze bulardan diňe üçüdir.

9. Google, 1999'da 1 million dollara satylýady, ýöne müşderi soňky wagtda pikirinden döndi.

Google'y Excite atly internet şereketine satmagy planlan Larry Page we Sergey Brin, bu satyşy başaryp bilmedi. Excite CEO'sy, 1 million dollara satyljak Google'y almakdan, soňky wagtda el çekdi. Şuwagt bolsa Google'yň bahasy 800 milliard dollar.

10. Google'yň iş ýerlerinde her 45 metrden bir nahar tapmak mümkin:

Google'yň iş ýerlerinde her 45 metrden nahar tapylmasy hökmany, bu naharlar işçiler üçin mugt.

Marka atly post zynjyrymyzyň 2-nji postunda dünýäniň iň baý 3 markasynyň biri bolan Google hakynda gyzykly maglumatlary size ýetirdim. Marka atly postlaryň paýlaşylyp durmagyny isleseňiz like (👍) basyň :)

Efsonyň ähli postlaryny görmek üçin şu hatyň üstüne bas!
10
307
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
29.12.2021 17:39
Dünýäniň iň baý 9-njy markasy McDonald's hakynda nämeler bilýäňiz?! Ine size McDonald's hakynda täsin we gyzykly maglumatlar:

✓ McDonald's 1940-njy ýylda guruldy we birinji fast-food zynjyrlaryndan biri boldy.

✓ McDonald's näçe ir gurulan bolsada, ondan 20 ýyla golaý öň gurlan White Castle atly restoran, bütin fast-tood zynjyryndan öň, 1921nji ýylda guruldy. 1940-njy ýyla çenli iň meşhur fast-food restoran bolan White Castle reklamalar görkezip gamburgerlerini tanadýardy. Ýöne White Castle ösmegi meýilleşdirenokdy. Şeýdip McDonald's açylandan soň, White Castle sönüp galdy

✓ McDonald's taryhyna gysgaça göz aýlaly:

Şereketiň gurujylary Richard we Maurice McDonald'dyr. Ýöne, şereketi ulaldyp adynyň meşhurlaşmasyny başaran asyl adam Ray Kroc'dyr. Ray Kroc, McDonald doganlaryň dolandyryş stilini üýtgetdi we şerketiň 14 ýylyň dowamynda %80 franchise sistemine geçmegini başardy. Bu barada has köp zat bilesiňiz gelýän bolsa The Founder atly kinony görüp bilersiňiz

✓ Gamburger Uniwersiteti'ni eşidipmidiňiz?!

Araňyzda beýle Uniwersitetiň bardygyna ynanmaýanlar bolup biler, ýöne bu dogry. McDonald's tarapyndan 1961'de Chicago'da diňe 15 okuwça açylan bilim merkezi, şereketde işleýän adamlara işleri barada bilim bermek üçin guruldy. Bütin dünýäde McDonald's işçilerine restoran hakynda bilim bermekde bolan bu Uniwersitet, häzire çenli gapylaryny 80.000 den köp restoran dolandyryjylaryna açdy.

✓ McDonald's Happy Meal atly çaga menýularyna we menýunyň ýany bilen oýunjak bermäge 1979 ýylynda başlady. Bu hereketi bilen McDonald's dünýäniň iň köp oýunjak satyjysy boldy. Statistik maglumatlara görä McDonald's ýylda 1.5 milliard oýunjak paýlaýar.

✓ McDonald's nyşany:

Şereketiň adyny belli eden meşhur "M" nyşany, dünýäniň iň meşhur nyşanlary arasynda ýer almakda we nyşany görenleriň %90-di McDonald'sy tanamakdadyr.

✓ Şereketiň maskody bolan Ronald atly masgarabaz bolsa McDonald's tarapyndan 60-njy ýyllaryň ahyrynda döredildi we ol wagtky TW reklamalary we pankartlar saýasynda şereketiň nyşany halyna geldi.


✓ McDonald's şereketi arzanlaşyk sözüni ulanmaýar

Munuň sebäbi şereketiň pikirine görä arzan sözi "pes derejeli iýmitler ulanýar" diýilmegine getirip biler. Şereket şonuň üçin has gymmat önümlerinden başga önümlere arzanlatmaga garşy.

°°°

Halan bolsaňyz we "Marka" atly postlaryň paýlaşylyp durmagyny isleseňiz 👍 basyň; (Posty soraşman paýlaşmaň!)
Efsonyň ähli postlaryny görmek üçin şu hatyň üstüne bas!(Ýalňyşlyk düzedildi)

Okanyňyz üçin sagboluň,
Teswirlere garaşýan :)




Efso






Test Test
12
229
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
28.12.2021 22:41
[b]Köp ulanyjynyň halap okany we yzarlany "Taryhda täsinlik" atly zynjyr postuna dowam edýäris:

13. Wilka ulanmak günä iş hasaplanýardy:


Häzirki wagtda dünýäniň her ýerinde ulanylýan wilkalar, bir wagtlar Italýada ulanylmaýardy. Çünki 11-nji ýüzýylda şol wagtyň PAPA'sy, wilka ulanmagy günä işdigine karar berdi. Beýle karar bermeginiň sebäbi bolsa onuň aýtmagyna görä wilkalaryň "Taňrynyň döretmedigi ýasama eller" bolmagydy;

14. 1820nji ýylda pomidorlara dawa açylmagy:

Şuwagt siz bu habara örän geň galyp bilersiňiz. Çünki häzir hiçkim "men pomidora dawa açmak isleýän" diýmez. Ýöne 1820-nji ýylda diýildi. Ol wagtlar pomidorlaryň zäherli we "ýaman" bolandygyna ynanylýardy. Robert Gibbon Johnson, pomidorlara atylan bu töhmediň ýalandygyny subut etmek üçin adamlaryň öňünde bir sebet dolusy pomidor iýdi. New Jerseyde bolup geçen dawada adamlar, Johnsonyň birinji dişleýişde ölmedigine örän geň galdy. Johnson pomidoryň zähersizdigini subut etmegi başardy.

"Taryhda täsinlik" atly zynjyr postuny häzirem halaýaňyzmy we dowamynyň bolmagyny isleýäňizmi: 👍〰️〰️👎
11
378
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
28.12.2021 21:03
☞︎︎︎✔︎✔︎✔︎Taryhda bolup geçen täsin wakalary okamagy halaýaňyzmy?! Öň eşitmedigiňiz 15 sany bolup geçen täsin waka ✔︎✔︎✔︎✍︎

1. Rim Imperatory Commodus, imperatorlykdaky ähli maýyp adamlary Rim'e toplap Collesium'da ölümüne uruşdyrdy;

2. 1900-nji ýyllaryň başynda çilim şereketleri çilimini lukmanlar maslahat berýär diýip reklama edýärlerdi;

3. Birinji dünýä söweşiniň başlangyjynda Amerikan goşunlarynda diňe 18 söweş uçary bardy;

4. Amerikanyň içki söweşinde Amerikan ilatynyň %2,5 heläk boldy;

5. Dünýä taryhynda iň köp ölümüň bolany 10 söweşiň 7'si Hytaýda bolup geçdi;

6. 5-nji ýüzýylda Ýewropalylar keselini bejerjekdigine ynanýany üçin jeset iýýälerdi;

7. b.e. soň 755-nji ýylda Hytaýda çykan Lushan gozgalaňynda 30 mlndan köp adam ölüpdir we bu san ol wagtky dünýä ilatynyň 6'dan biridir;

8. Köne Müsürde siňekler Faraonyň ýanyna barmasyn diýip gullaryň bedeni bal bilen örtülýädi;

9. Geçen 3.000 ýylyň diňe 240 ýyly uruşsyz geçdi;

10. Şuwagt ulanylýan Amerikan baýdagy okuwçy Robert Heft'iň öý işidir we Heft bu öý işinden B alypdyr;

11. Orta asyrlarda haýwanlara käwagt ölüm jezasy berilýärdi;

12. 1800-nji ýyllarda adamlar öldümi ölmedimi anyk bilinmedigi üçin, tabytyň içine jaň mehanizmi goýulýardy. Eger gömülen kişi ölmedik bolsa özüne geleninde çykarylmagy üçin jaňy çalardy;

13. Mogollar oklarynyň ujuny oda bermek üçin öldüren duşmanlarynyň beden ýaglaryny ulanýardy;

14. Köne Müsürde bir hökümdar ölende, ähli kömekçileri we haýwanlary onuň bilen birlikde janly halda gömülýärdi;

15. Isgender zülkarneýin (Aleksandr Makedonskiý) ähli esgerlerinden maşgalasyna hat ýazmagy buýurýady, gowy zatlar ýazmadyk esgerlere ölüm jezasy berýärdi;

Posty haladyňyzmy,
Ýene şeýle postlaryň goýulmagyny isleýäňizmi:
👍☺︎︎☺︎︎☺︎︎᯾☹︎☹︎☹︎👎✍︎(Bu posty soragsyz paýlaşmak gadagan!!!)

°°°
13
408
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
28.12.2021 21:03
Bir gün Ependiniň dişi agyrypdyr. Ependi on-onbäş gün ili irizip «ah-wah» edip
gezipdir. Bir gün dosty ony görüp:
– Ependi, beýdip ýöreniňden, derdiň alajyny gözlärler. Birki dişi sogurtmak, näme
kyn işmi? Ol dişler meniň agzymda bolan bolsa, göz ýumup, açasy salymda sogur-
dardym – diýip, göwünlik bermekçi bolupdyr. Ependi hem:
– Hawa, dost, ol dişler seniň agzyňda bolsa, men hem dessine sogurdardym,
emma bagtsyzlykdan olar seniň agzyňda däl-de, meniň agzymda – diýipdir

Efsonyň ähli postlaryny görmek üçin şu hatyň üstüne bas
5
242
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
27.12.2021 18:21
Bu ýazgy Efso tarapyndan pozuldy
272
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
26.12.2021 22:47
Salam "Öwrenmeli" agzalary,
Postlary ramkaly etmek ýa-da haty reňkli ýere ýazmak isleýäňizmi, onda bu posty doly we ünsli okamagy maslahat berýän, çünki bu etiket örän çylşyrymly.


Aşakda göreniňiz hat şu kod bilen ýasaldy:

(div style="background:orange; height:50px; width:300px; border:6px solid black; color:green; text-align:center;")Efso(div)

(Ýatdan çykarmaň, () simwollarynyň ornuna <> simwollaryny ulanyň, men () simwollaryny siz okap biliň diýip ulanýan)

background:orange; etiketini ulanyp sahypamyzyň Mandarin reňkde bolmagyny isledik,

height:50px; etiketini ulanyp 50px beýikliginde bolmagyny isledik,

width:300px; etiketini ulanyp, 300px uzynlygynda bolmagyny isledik,

border:6px solid black; etiketini ulanyp 6px-ly gara ramkamyz bolmagyny isledik,

color:green; etiketini ulanyp ýazan sözümiziň ýaşyl reňkde bolmagyny isledik (Yzarlan bilýändir, font color-yň iki görnüşi bar, birinde reňkiň adyny ýazyp bolýar, birinde millionlarça ady bolmadyk reňki ýazyp bolýar, ýadyndan çykaranlar ýa-da postumy okamadyklar teswirde menden sorap biler)

text-align:center; etiketini ulanyp ýazan sözümiziň merkezde (ortada) bolmagyny isledik


Okanyňyz üçin sagboluň, soraglaryňyz bolsa teswirlerde ýazyň. (Bu ýerde okan maglumatlaryňyzy, soraşman paýlaşmak gadagan!)

Efsonyň ähli postlaryny görmek üçin şu ýere bas

Efso

10
521
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
25.12.2021 14:24

***********
Aýagy ýok gedaýdan pulyny ogurlap gaçjak boldum, görsem gedaý meni kowalaýar. Saýamda aýagy düzeldi :)

***********
Ejeler üçin suw bulgury 3 görnüşe aýrylýar: içmek üçin, myhmanlar üçin, ellemeli däl bulgurlar (bezeg üçin :)

***********
Oturjagyňyz ýeri özüňiz däl-de zarýatnik seçýän bolsa, sizem bizden ;)

***********
Telefon ýere gaçsa, panika edýärler, bir adam ýykylsa, derrew üstünden gülýärler, täsineý häzirki nesil :)

***********
120 kg söýgülisine "serçäm" diýýän adamy görenim soň düşündim,
Söýgüniň gözi çyndanam kör :)

***********
Ertir irden alarmyň çalmagyna näçe wagt bardygyny görmek üçin oýandym, 2 sagat bar ekeni, begenjimden uklap bilmedim :(

***********
Bir gyz Facebookda ulanyjy sahypasyna "men maňa ýalan sözlenmesini halamok" diýip ýazan,
как будто biz halaýas, begenjimizden tans oýnaýas :)

***********
Giden biriniň arkasyndan betdoga etmäň, gaty sesde sögünip-sögünip şükür gitdiň diýiň ýeterlik :)

***********
Irden nahar iýemok, çünki men internetde,
Öýlän nahar iýemok, çünki men internetde,
Gije ýatyp bilemok, çünki men aç :(

***********
Zarýadym 100% bolanda, özümi şeýle gowy duýýan, söz ýok...

***********
Başlygyma "Täze maşyn alypsyňyz gutlaýan,
gowy model şu" diýdim, olam maňa:
"Eger işiňe köp üns berip, işiňe köp wagt aýyryp, işiňe dogry ýerine ýetirseň, indiki ýyl mundan gowy modelini alaryn özüme" diýdä :)

***********
Şol bir ýalňyşy 2 gezek etmeýän men, azyndan 5-6 gezek gaýtalaýan :)

***********
Aýna meniň iň gowy dosdumdyr, men aglaýarkam ol gülmez, näme diýýänä men, men aglaýarkam aýna gülse, balagyma s*çaryn :(

***********
Indi düşünýän Monaliza suratyny näme üçin halaýarlar, çünki gyz geplänok :)

***********
+Salam 5 manatlyk doňdurmadan berseňize
-Alyň
+Näçe manat
-5
+Sagboluň :)

***********
+Meniň gitmegim üçin 3 sebäp aýt
- sebäp sebäp sebäp... :)

***********
+How old are you?
-I am "näçe ýaşymda meňzeýän" years old :)

***********
+Sürün, sürün maňa edenleriňden soň sürün, ejeňem, kakaňam sürünsün şu nivea kremi :)

***********
Adam 7 ýaşynda näme bolsa,
17 ýaşynda kim bolar,
27 ýaşynda nire bolar :)

***********
"Gijäň rahat" diýjek söýgülim bolmasada
"Häli ýataňokmy?!" diýýän ejem bar şükür :)

***********

Halanyňyz haýsy? Teswirde ýazyň!

çeşme: neoldu.com, terjime edildi
12
298
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
25.12.2021 00:12
Täze ýylyňyz gutly bolsun!!!
𝐌𝐮𝐭𝐥𝐮 𝐲𝛊𝐥𝐥𝐚𝐫!!!
祝大家新年快樂!!!
𝙱𝚘𝚗𝚗𝚎 𝚊𝚗𝚗ée à 𝚝𝚘𝚞𝚜!!!
Buon anno a tutti!!!
ᴀʟʟᴇɴ ᴇɪɴ ғʀᴏʜᴇs ɴᴇᴜᴇs ᴊᴀʜʀ!!!
𝓗𝓪𝓹𝓹𝔂 𝓷𝓮𝔀 𝔂𝓮𝓪𝓻!!!
С новым годом!!!
6
203