𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
28.12.2021 21:03
Bir gün Ependiniň dişi agyrypdyr. Ependi on-onbäş gün ili irizip «ah-wah» edip
gezipdir. Bir gün dosty ony görüp:
– Ependi, beýdip ýöreniňden, derdiň alajyny gözlärler. Birki dişi sogurtmak, näme
kyn işmi? Ol dişler meniň agzymda bolan bolsa, göz ýumup, açasy salymda sogur-
dardym – diýip, göwünlik bermekçi bolupdyr. Ependi hem:
– Hawa, dost, ol dişler seniň agzyňda bolsa, men hem dessine sogurdardym,
emma bagtsyzlykdan olar seniň agzyňda däl-de, meniň agzymda – diýipdir

Efsonyň ähli postlaryny görmek üçin şu hatyň üstüne bas
5
242
ylham_1989
29 Dekabr 2021
Hic zat yok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.