𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
28.12.2021 22:41
[b]Köp ulanyjynyň halap okany we yzarlany "Taryhda täsinlik" atly zynjyr postuna dowam edýäris:

13. Wilka ulanmak günä iş hasaplanýardy:


Häzirki wagtda dünýäniň her ýerinde ulanylýan wilkalar, bir wagtlar Italýada ulanylmaýardy. Çünki 11-nji ýüzýylda şol wagtyň PAPA'sy, wilka ulanmagy günä işdigine karar berdi. Beýle karar bermeginiň sebäbi bolsa onuň aýtmagyna görä wilkalaryň "Taňrynyň döretmedigi ýasama eller" bolmagydy;

14. 1820nji ýylda pomidorlara dawa açylmagy:

Şuwagt siz bu habara örän geň galyp bilersiňiz. Çünki häzir hiçkim "men pomidora dawa açmak isleýän" diýmez. Ýöne 1820-nji ýylda diýildi. Ol wagtlar pomidorlaryň zäherli we "ýaman" bolandygyna ynanylýardy. Robert Gibbon Johnson, pomidorlara atylan bu töhmediň ýalandygyny subut etmek üçin adamlaryň öňünde bir sebet dolusy pomidor iýdi. New Jerseyde bolup geçen dawada adamlar, Johnsonyň birinji dişleýişde ölmedigine örän geň galdy. Johnson pomidoryň zähersizdigini subut etmegi başardy.

"Taryhda täsinlik" atly zynjyr postuny häzirem halaýaňyzmy we dowamynyň bolmagyny isleýäňizmi: 👍〰️〰️👎
11
378
ideallider
31 Dekabr 2021
𝐄𝐟𝐬𝐨, ýok!
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
28 Dekabr 2021
IDEALLIDER, Ýene ýükle diýen ýazgy ýokmy?
ideallider
28 Dekabr 2021
𝐄𝐟𝐬𝐨, howwa. Arman hemme posty çykaranok. 04,12,2021-e çenli çykarýar.
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
28 Dekabr 2021
IDEALLIDER, sagbol, indi barlap bilersiň düzeltdim
ideallider
28 Dekabr 2021
𝐄𝐟𝐬𝐨, howwa menem şeýle pikir edýän. Gowy postlar paýlaşýanyň üçin işleriň ugruna bolmagyny dileýän😊👍
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
28 Dekabr 2021
IDEALLIDER, sagbol aýdanyň üçin, Adymy üýtgetmezimden öň işleýärdi, şol bilen baglanşykly bolup biler
ideallider
28 Dekabr 2021
𝐄𝐟𝐬𝐨, dowam. Ýene postuň iň aşagynda goýýan "Efsonyň ähli postlaryny görmek üçin şu hatyň üsdüne bas" ýazgyň üsdüne basanymda "hiçzat ýok" diýen ýazgy çykýar!🙂👍
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
28 Dekabr 2021
Pikirlere garaşýan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.